1 Chronicles 20
Dawut Raba galasyny basyp alýar
1Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Ýowap goşuny alyp, ýörişe çykyp, Ammon ýurduny kül-peýekun etdi, soň gelip, Rabany gabady. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy. Ýowap Rabanyň üstüne hüjüm edip, ony derbi-dagyn etdi. 2Dawut Ammon patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy ▼▼Iki put – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir.
, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadan köp mukdarda olja-da aldy. 3Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip, olary byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlerde goýdy. Ol ammonlylaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy. Piliştlilere garşy söweş
(2 Şamuwel 21:18-22)
4Şondan soň Gezerde piliştliler bilen uruş başlady. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sipaý diýen birini öldürdi. Piliştliler boýun egdiler. 5Piliştliler bilen ýene uruş boldy. Ýagyryň ogly Elhanan gatly Jaludyň dogany Lahmyny öldürdi. Lahmynyň naýzasynyň sapy dokmaçynyň tütesi ýaly ýogyndy. 6Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene piliştlileriň iri neslinden elleridir aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy. 7Ysraýyla sögendigi sebäpli, Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan Rapa neslinden bolan bu adamy öldürdi. 8Bularyň dördüsi-de Gatyň rapalaryndandylar. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.
Copyright information for
TukLat16