1 Chronicles 25
Ybadathana sazandalary
1 Dawut hem-de goşun baştutanlary Asafyň, Heýmanyň hem-de Ýedutunyň ogullaryny hyzmat işi üçin bölüp aýyrdylar. Olar lira, arfa hem kimwal çalyp pygamberlik etmelidiler. Hyzmat işini ýerine ýetirenler şulardyr: 2Asafyň ogullaryndan: Zakur, Ýusup, Netanýa, Asarela. Bular patyşanyň emrine görä pygamberlik eden Asafyň ogullarydy we onuň garamagyndadylar. 3Ýedutunyň ogullaryndan: Gedalýa, Seri, Işaýa, Şimeý ▼▼Bu söz käbir golýazmalarda ýok.
, Haşabýa, Matytýa – jemi alty. Olar Rebbe lira bilen öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyryp pygamberlik edýän kakalary Ýedutunyň garamagyndadylar. 4Heýmanyň ogullary: Bukyýa, Matanýa, Uzyýel, Şebuwal, Ýerimot, Hananýa, Hanany, Eliýata, Gidalty, Romamty Gezer, Ýoşbekaşa, Malloty, Hotyr, Mahazyýot. 5Şularyň hemmesi patyşanyň görgüri Heýmanyň ogullarydyr. Bu ogullar Hemana ony beýik etmek üçin, Hudaýyň beren wadasy bilen berlipdi. Hudaý oňa on dört ogul bilen üç gyz berdi. 6Bularyň bary kakalarynyň garamagynda Rebbiň ybadathanasynda kimwal, arfa hem lira çalyp, aýdym aýdýardylar. Asaf, Ýedutun we Heýman patyşanyň buýrugy astyndadylar. 7Bular hem-de bularyň Rebbiň öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen garyndaşlarynyň bu işe ussatlary iki ýüz segsen sekiz adamdy. 8Olaryň uludan-kiçä, halypadan-şägirde çenli bary borçlary üçin bije atdylar. 9Birinji bije Asafyň neslinden Ýusuba düşdi; ikinji Gedalýa; doganlary we ogullary bilen on iki adam; 10üçünji Zakura; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 11dördünji Ýezer ▼▼Ýezer – 25:3-de Seri diýip duş gelýär.
; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 12bäşinji Netanýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 13altynjy Bukyýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 14ýedinji Ýesarela ▼▼Ýesarela – bu at 25:2-de Asarela diýip duş gelýär.
; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 15sekizinji Ýeşagýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 16dokuzynjy Matanýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 17onunjy Şimgä; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 18on birinji Azarel ▼▼Azarel – bu at 25:4-de Uzyýel diýip duş gelýär.
; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 19on ikinji Haşabýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 20on üçünji Şubaýyla; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 21on dördünji Matytýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 22on bäşinji Ýerimot; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 23on altynjy Hananýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 24on ýedinji Ýoşbekaşa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 25on sekizinji Hanana; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 26on dokuzynjy Mallota; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 27ýigriminji Eliýata; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 28ýigrimi birinji Hotyra; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 29ýigrimi ikinji Gidalta; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 30ýigrimi üçünji Mahazyýota; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 31ýigrimi dördünji Romamty Gezere düşdi; ogullary we doganlary bilen on iki adam.
Copyright information for
TukLat16