‏ 1 Chronicles 7

Ysakaryň nesilleri

1Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýaşup we Şimron – jemi dört. 2Tolanyň ogullary: Uzy, Repaýa, Ýeriýel, Ýahmaý, Ýybsam we Şamuwel. Olar tola urugynyň kowumbaşylarydyr. Dawudyň döwründe olaryň ýigrimi iki müň alty ýüz sany batyr ýigitleri bardy. 3Uzydan Ýyzrahýa doguldy. Ýyzrahýanyň ogullary: Mikaýyl, Abadýa, Ýowel we Ýişiýa. Uzynyň ogly we agtyklary – jemi bäş; olaryň ählisi-de kowumbaşylardy. 4Nesil daragtyna görä nesilleriniň otuz alty müň adamly harby güýçleri bardy, çünki olar köp aýally hem-de köp ogullydylar. 5Ysakaryň ähli nesilleriniň arasynda batyr ýigitler bolan garyndaşlary nesil daragtlaryna görä jemi segsen ýedi müňdi.

Benýaminiň nesilleri

6Benýaminiň ogullary: Bala, Beker we Ýedigaýel – jemi üç. 7Balanyň ogullary: Esbon, Uzy, Uzyýel, Ýerimot we Iri – jemi bäş. Bular kowumbaşylar, batyr ýigitlerdir. Olaryň nesil daragtyna görä sany ýigrimi iki müň otuz dörtdi. 8Bekeriň ogullary: Zemira, Ýogaş, Eligezer, Elýogeýnaý, Omry, Ýeremot, Abyýa, Anatot, Alemet. Şularyň hemmesi Bekeriň ogullarydyr. 9Nesil daragtyna görä batyr ýigitler bolan kowumbaşylaryň sany ýigrimi müň iki ýüz adamdy. 10Ýedigaýeliň ogullary: Bilhan. Bilhanyň ogullary: Ýeguş, Benýamin, Ehut, Kenagana, Zetan, Tarşyş we Ahyşahar. 11Ýedigaýeliň şu ogullarynyň hemmesi kowumbaşylardyr we batyr ýigitlerdir. Olaryň urşa ukyplysy on ýedi müň iki ýüzdi. 12Iriň ogullary: Şupym, Hupym; Huşym bolsa Aheriň ogludyr.

Naftalynyň nesilleri

13Naftalynyň ogullary: Ýahsyýel, Guny, Ýezer we Şallum. Şular Bilhanyň nesilleridir.

Manaşanyň nesilleri

14Manaşanyň ogullary: siriýaly gyrnak aýalyndan doglan Asryýel; Gilgadyň kakasy Makyr hem şondan doguldy. 15Makyr Hupym bilen Şupymy öýlendirdi. Aýal doganynyň ady Magakady. Ikinjisiniň ady Selophaddy. Onuň diňe gyzlary boldy. 16Makyryň aýaly Magaka bir ogul dogurdy we onuň adyna Pereş dakdy. Pereşiň inisiniň ady Şereşdi; onuň ogullarynyň ady Ulam hem-de Rekemdi. 17Ulamdan Bedan doguldy. Manaşanyň agtygy, Makyryň ogly Gilgadyň ogullary şulardyr. 18Gilgadyň aýal dogany Hammoleketden Yşhot, Abygezer we Mahla doguldy. 19Şemidanyň ogullary: Ahýan, Şekem, Likhi we Anygam.

Efraýymyň nesilleri

20Efraýymyň ogly Şutela, Şutelanyň ogly Beret, Berediň ogly Tahat, Tahadyň ogly Elgada, Elgadanyň ogly Tahat, 21Tahadyň ogly Zabat, Zabadyň ogly Şutela.

Ezer we Elgat Efraýymyň ogullarydy. Ýerli gat halky olary mal sürülerini basyp almaga gelendikleri üçin öldürdi.
22Kakalary Efraýym ençe günläp olaryň ýasyny tutdy; doganlary oňa göwünlik bermäge geldiler. 23Efraýym aýalynyň ýanyna girdi. Aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy we onuň adyna Beriga dakdy, sebäbi onuň öýünde betbagtçylyk
Beriga… betbagtçylyk – ýewreýçe Beriga we betbagtçylyk sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
bardy.
24Ýokarky we aşaky Beýthorony hem-de Uzenşeýerany guran onuň gyzy Şeýerady.

25Repa onuň ogludy. Repadan Reşep, Reşepden Tela, Teladan Tahan, 26Tahandan Ladan, Ladandan Emihut, Emihutdan Elişama, 27Elişamadan Nun, Nundan Ýeşuwa doguldy.

28Efraýymlaryň mülkleri we mesgen tutan ýerleri şulardyr: Beýtel galasy we onuň obalary, gündogarda Nagaran, günbatarda Gezer we onuň obalary, Şekem we onuň obalary, Aýa we onuň obalary. 29Manaşalaryň çäklerinden: Beýtşeýan galalary bilen, Tagnak galalary bilen, Megido galalary bilen, Dor galalary bilen. Şu galalarda Ysraýylyň ogly Ýusubyň ogullary mesgen tutdular.

Aşeriň nesilleri

30Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi we Beriga; Sera bularyň aýal doganydy.

31Beriganyň ogullary: Heber bilen Malkyýel; Malkyýel Birzaýytyň kakasydy.

32Heberden Ýaplet, Şomer, Hotam hem-de olaryň aýal dogany Şuga doguldy.

33Ýapletiň ogullary: Pasak, Bimhal we Aşwat. Bular Ýapletiň ogullarydyr.

34Şemeriň ogullary: Ahy, Rohaga, Huba we Aram.

35Şemeriň dogany Helemiň
Helem – bu Hotamyň beýleki ady bolmagy mümkindir. Seret: 1ÝÝ 7:32.
ogullary: Sopa, Ýymna, Şeleş we Amal.

36Sopanyň ogullary: Suwa, Harneper, Şugal, Beri, Ýymra, 37Beser, Hot, Şamma, Şilşa, Ýytran we Beýera. 38Ýeteriň ogullary: Ýepunne, Pispa we Ara.

39Ulanyň ogullary: Ara, Hannyýel we Risýa.

40Şularyň hemmesi Aşeriň nesilleridi, kowumbaşylardyr, saýlama batyr ýigitler hem-de begleriň begidir. Olaryň nesil daragtyna görä urşa ukyply ýigrimi alty müň adamy bardy.
Copyright information for TukLat16