‏ 1 Chronicles 1

Adam atadan Ybraýyma çenli bolan nesiller

(Gelip çykyş 10:2-5)

1Adamdan Şis, Şisden Enoş, Enoşdan Keýnan, 2Keýnandan Mahalalel, Mahalalelden Ýeret, 3Ýeretden Hanok, Hanokdan Metuşela, Metuşeladan Lemek, Lemekden Nuh doguldy. 4Nuhuň ogullary: Sam, Ham we Ýafes.

5Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.

6Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma.

7Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.

8Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan.

9Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka.

Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan.

10Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy.

11 12Müsür lutlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy; kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy.

13 14 15 16Kengandan onuň ilkinji ogly Sidon hem-de Het doguldy. Kengan ýabuslylaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy.

17Samyň nesilleri: Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut, Aram, Us, Hul, Geter, Meşek. 18Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy. 19Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halklar bölünipdi
Pelekdi… bölünipdi – ýewreýçe Pelekdi we bölünipdi sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
; onuň doganynyň ady Ýoktandy.
20Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera, 21Hadoram, Uzal, Dikla, 22Eýbal
Eýbal – käbir gadymy terjimelerde Obal. Seret: Gçk 10:28.
, Abymaýyl, Şeba,
23Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir.

Samdan Ybraýyma çenli bolan nesiller

24Sam, Arpakşat, Şela; 25Eber, Pelek, Reguw; 26Seruk, Nahor, Tera; 27Ybram, ýagny Ybraýym.

Ybraýymyň nesilleri

(Gelip çykyş 25:1-4,12-16; 36:10-14)

28 Ybraýymyň ogullary: Yshak, Ysmaýyl. 29 30 31Olaryň nesilleri şulardyr: Ysmaýylyň nowbahar ogly Nebaýot. Soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema doguldy. Bular Ysmaýylyň ogullarydyr.

32 Ybraýymyň gyrnak aýaly Keturanyň oňa dogrup beren ogullary: Zimran, Ýokşan, Medan, Midýan, Ýişbak we Şuwa. Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy. 33Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.

34 Ybraýymdan Yshak doguldy. Yshagyň ogullary: Ysaw we Ysraýyl. 35Ysawyň ogullary: Elipaz, Reguwal, Ýeguş, Ýaglam we Kora. 36Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepi
Sepi – käbir gadymy golýazmalarda Sepo. Seret: Gel 36:11.
, Gatam, Kenaz, Timna we Amalek.
37Reguwalyň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza.

Edomyň ýerli ilaty

(Gelip çykyş 36:20-28)

38Segiriň ogullary: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan. 39Lotanyň ogullary: Hory we Homam; Timna Lotanyň aýal doganydy. 40Şobalyň ogullary: Alýan
Alýan – käbir gadymy terjimelerde Alwan. Seret: Gçk 36:23.
, Manahat, Eýbal, Şepo we Onam. Sibgonyň ogullary: Aýa we Ana.
41Ananyň ogly: Dişon. Dişonyň ogullary: Hamran
Hamran – bu at Gçk 36:26-da Hemdan diýip duş gelýär.
, Eşban, Ýytran we Keran.
42Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan we Ýagkan
Ýagkan – bu at Gçk 36:27-de Akan diýip duş gelýär.
. Dişanyň ogullary: Us we Aran.

Edomyň patyşalary

(Gelip çykyş 36:31-43)

43Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öňki Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr: Begoryň ogly Bala. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabady. 44Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy. 45Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy. 46Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap ýurdunda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy. 47Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy. 48Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Ýewfrat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul patyşa boldy. 49Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy. 50Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Pagudy. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr. 51Hadat dünýäden ötdi.

Edomyň urugbaşylary şulardy: Timna, Alwa, Ýetet,
52Oholybama, Ela, Pinon, 53Kenaz, Teýman, Mibsar, 54Magdyýel we Iram. Bularyň hemmesi Edomyň urugbaşylarydy.
Copyright information for TukLat16