‏ 1 Chronicles 13

Äht sandygy Kirýatýegarymdan getirilýär

(2 Şamuwel 6:1-11)

1 Dawut müňbaşylardyr ýüzbaşylar we her bir baştutan bilen geňeşdi. 2Ol tutuş Ysraýyl jemagatyna şeýle diýdi: «Eger makul bilseňiz, eger Hudaýymyz Reb halasa, geliň, öri meýdanly galalardaky ruhanylardyr lewiler bilen bilelikde, tutuş Ysraýyldaky ähli dogan-garyndaşlarymyzy adam iberip, öz ýanymyza ýygnalyň. 3Soň Hudaýymyzyň Äht sandygyny getireliň. Çünki Şawulyň günlerinde biz ony idemedik». 4Bu jemagatyň göwnünden turansoň, tutuş halk muňa razy boldy.

5Şeýdip, Dawut Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan getirmek üçin, Müsüriň çägindäki Şihor derýasy bilen Lebohamat aralygyndaky ähli ysraýyllary ýygnady. 6Dawut tutuş Ysraýyl bilen bile keruplaryň
Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret.
üstünde tagt gurup oturan Beýik Hudaýyň sandygyny, Onuň ady dakylan sandygy getirmek üçin Ýahudadaky Bagala, ýagny Kirýatýegaryma gitdi.
7Olar Hudaýyň sandygyny Abynadabyň öýünden çykaryp, täze arabada goýdular. Arabany Uza bilen Ahýo alyp barýardy. 8Dawut hem-de ähli ysraýyllar Hudaýyň huzurynda lira, arfa, deprek, kimwal hem-de surnaý çalyp, joşup aýdym aýdýardylar we tans edýärdiler.

9Olar Kidonyň harmanyna gelenlerinde, öküzler büdrediler; Uza sandygy tutjak bolup, elini onuň üstünde goýdy. 10Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Reb ony öldürdi, sebäbi ol sandyga elini degripdi. Uza şol ýerde – Hudaýyň huzurynda jan berdi. 11Rebbiň Uza zarba urandygyna Dawudyň gahary geldi. Ol ýer şu güne çenli Peres Uza
Peres Uza – bu söz Uza garşy gazap diýmegi aňladýar.
diýlip atlandyrylýar.
12Dawut şol gün Rebden gorkup: «Men Hudaýyň sandygyny nädip ýanyma getirip bilerin?» diýdi. 13Şeýlelikde, Dawut Hudaýyň sandygyny öz ýanyna Dawut galasyna getirmedi. Ol sandygy gatly Obededomyň öýünde goýdy. 14Hudaýyň sandygy üç aý Obededomyň hojalygynda galdy. Reb Obededomyň hojalygyna we onuň ähli zatlaryna bereket berdi.
Copyright information for TukLat16