1 Chronicles 15
Hudaýyň sandygyny Iýerusalime getirmeklige taýýarlyk
1 Dawut özi üçin Dawut galasynda köşkler gurdurdy. Ol Hudaýyň sandygy üçin ýer taýýarlap, çadyr dikdi. 2Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömürbaky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy. 3Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerine getirmek üçin, Dawut ähli ysraýyllary Iýerusalime ýygnady. 4Soňra ol Harunyň nesillerini hem-de lewileri toplady: 5Kohadyň kowumyndan ýüz ýigrimi sany garyndaşy bilen olaryň baştutany Uryýel; 6Merarynyň kowumyndan iki ýüz ýigrimi garyndaşy bilen olaryň baştutany Asaýa; 7Gerşonyň kowumyndan ýüz otuz garyndaşy bilen olaryň baştutany Ýowel; 8Elisapanyň kowumyndan iki ýüz garyndaşy bilen olaryň baştutany Şemagýa; 9Hebronyň kowumyndan segsen garyndaşy bilen olaryň baştutany Eliýel; 10Uzyýeliň kowumyndan ýüz on iki garyndaşy bilen olaryň baştutany Eminadap. 11– 12Dawut ruhanylar Sadok bilen Abýatary, lewilerden Uryýeli, Asaýany, Ýoweli, Eliýeli, Şemagýany hem-de Eminadaby çagyryp, olara şeýle diýdi: «Siz lewileriň urugbaşylarysyňyz. Iniňizi tämizläň, garyndaşlaryňyz hem şeýle etsinler. Soňra Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerime getiriň. 13Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi». 14Ruhanylar hem-de lewiler Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny getirmek üçin inlerini tämizlediler. 15Lewiler Hudaýyň sandygyny Rebbiň Musa tabşyryşyna laýyk edip, syryklaryň üstünde goýup eginlerinde göterdiler. 16 Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, lira, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi. 17Şeýlelikde, lewiler Ýoweliň ogly Heýmany, Berekýanyň ogly Asafy, Merary kowmyndan bolan Kuşaýanyň ogly Eýtany sazandalara ýolbaşçy edip bellediler. 18Zakarýa, Ýagzyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Benaýa, Magaseýa, Matytýa, Elipelehu we Mikneýa olara kömekçi edip bellenildi; Obededom bilen Ýegiýel bolsa derwezebanlardy. 19Aýdymçylar bolan Heýman, Asaf hem-de Eýtan dagy bürünç kimwallar, 20Zakarýa, Azyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Magaseýa, Benaýa dagy alamot ▼▼Alamot – manysy belli däl. Belki, äheň, belki-de saz guraly.
äheňinde arfa çalmalydylar. 21Matytýa, Elipelehu, Mikneýa, Obededom, Ýegiýel hem-de Azazýa dagy bolsa şeminit ▼▼Şeminit – manysy belli däl. Belki, äheň, belki-de saz guraly.
äheňinde lirada sazy dowam etdirmelidiler. 22Lewi sazandalarynyň ýolbaşçysy Kenanýa saza baştutanlyk etmelidi, çünki ol saza ussatdy. 23Berekýa bilen Elkana sandyk üçin bellenen derwezebanlardy. 24Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Omasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy. Äht sandygy Iýerusalime getirilýär
25Şeýlelikde, Dawut, Ysraýyl ýaşululary hem-de müňbaşylar Rebbiň Äht sandygyny şatlyk-şagalaň bilen Obededomyň öýünden getirmäge gitdiler. 26Rebbiň Äht sandygyny getirýän lewilere Hudaý ýardam etdi we olar ýedi öküz bilen ýedi goçy gurbanlyk berdiler. 27Sandygy göterýän lewiler, aýdymçylar, aýdymçylaryň sazyna ýolbaşçylyk edýän Kenanýa dagy ýaly, Dawut hem nepis zygyr matadan tikilen don geýdi. Dawudyň egninde nepis zygyr mata efot hem bardy. 28Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. 29Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.
Copyright information for
TukLat16