1 Chronicles 16
Äht sandygy çadyrda goýulýar
1Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň niýetläp guran çadyrynyň içinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. 2Ol ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berip bolandan soň, Rebbiň adyndan halka ak pata berdi. 3Ol aýal-erkek diýmän, ähli ysraýyllara bir bölek çörek, bir bölek et hem kişmiş paýlady. 4Ysraýyl Hudaýy Rebbe dileg etmek, Oňa öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyrmak üçin, ol lewileriň käbirini Rebbiň sandygynyň öňünde hyzmat etmäge belledi. 5Asaf – başlyk, Zakarýa onuň kömekçisi boldy, Ýegiýel, Şemiramot, Ýehiýel, Matytýa, Eliýap, Benaýa, Obededom hem-de Ýegiýel – arfa hem lira, Asaf – kimwal çalmalydylar. 6Ruhanylar Benaýa bilen Ýahazyýal bolsa Rebbiň Äht sandygynyň öňünde hemişe surnaý çalmalydylar.Dawudyň öwgi aýdymy
(Zebur 104:1-15; 95:1-13)
7 Dawut şol gün Rebbe öwgi aýdymlaryny aýtmagy Asaf bilen onuň garyndaşlaryna tabşyrdy. 8Rebbe şükür ediň we Oňa ybadat ediň,halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.
9Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň,
ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
10Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň;
Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
11Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň,
dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.
12– 13Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady,
Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli!
Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny,
mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
14Ol – Hudaýymyz Reb,
Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.
15– 16Onuň ähtini, müň nesle beren sözüni,
Ybraýym bilen eden ähtini,
Yshaga beren Öz wadasyny
elmydama ýatda saklaň.
17– 18Diýdi: «Men size Kengan ýurduny,
mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin».
Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde,
Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.
19Şonda olar az sanlydylar,
gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.
20Geçýärdiler bir milletden başga millete,
bir şalykdan – başga şalyga.
21Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi,
şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
22Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň,
pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
23Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi!
Onuň halas edýändigini günsaýyn buşlaň!
24 Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny,
ähli halklara – gudratly işlerini.
25Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp,
biziň seždämize diňe Ol laýyk.
Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.
26Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur,
emma gökleri Reb ýaradandyr.
27Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat,
Onuň mekanyndadyr şatlyk we kuwwat.
28Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň,
Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň!
29Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň,
gurbanlyk getirip, huzuryna giriň.
Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň;
30eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň.
Berk berkarar edildi dünýä,
ol sarsmaz asla.
31Goý, gökler begensin,
ýer hem şatlansyn.
Milletler: «Reb – Patyşa!» diýsin.
32Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.
Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun.
33Şonda tokaý agaçlary Rebbiň öňünde
nagmalar aýdar.
Çünki Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär.
34Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy,
Onuň söýgüsi baky.
35Ýene-de aýdyň:
«Eý, gutulyşymyzyň Hudaýy, bizi halas et!
Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly,
Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly,
milletleriň arasyndan bizi azat et-de, toplap al.
36Ysraýyl Hudaýy Rebbe
ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!»
Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy. 37– 38Rebbiň Äht sandygynyň öňünde her gün hyzmat etsinler diýip, Dawut Asafy, onuň doganlaryny hem-de Obededomy altmyş sekiz sany dogany bilen goýdy. Ýedutunyň ogly Obededomy Hosa bilen derwezeban edip goýdy. 39Ruhany Sadogy hem-de onuň ruhany garyndaşlaryny Gibgondaky seždegähdäki Rebbiň çadyrynyň öňünde goýdy. 40Dawut olary ýakma gurbanlyk sypasynda Rebbiň Ysraýyla buýran kanunynda ýazylyşy ýaly edip, ertir-agşam yzyny kesmän Rebbe ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin belledi. Bu kanunda ähli zat hakda ýazylandy. 41Rebbiň baky söýgüsi üçin Oňa alkyş aýtsynlar diýip, olaryň ýanynda Heýmany, Ýedutuny hem-de atlary agzalan beýleki saýlanan adamlary goýdy. 42Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy. 43Soňra ähli halk öýli-öýüne dargady. Dawut hem öz hojalygyna ak pata bermek üçin öýüne gitdi.
Copyright information for
TukLat16