‏ 1 Chronicles 17

Rebbiň Dawuda beren wadasy

(2 Şamuwel 7:1-17)

1 Dawut öz köşgünde ornaşandan soň, Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Rebbiň Äht sandygy bolsa çadyrda dur» diýdi. 2Natan Dawuda: «Islän zadyňy ediber, sebäbi Hudaý seniň bilendir» diýdi. 3Emma hut şol gije Natana Rebbiň şu sözi aýan boldy: 4«Bar, gulum Dawuda Reb şeýle diýýär diý: „Maňa mesgen tutar ýaly öýi sen gurmaly dälsiň. 5Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm. 6Tutuş Ysraýyl bilen bolan ýerlerimiň ählisinde Öz halkyma baştutanlyk etmegi buýran Ysraýyl serdarlarynyň hiç birinden näme üçin Maňa kedr agajyndan öý gurmandyklaryny soramadym“. 7Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim. 8Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek. 9Öz halkym Ysraýyl üçin bir ýer taýýynlap, olary şol ýerde ýerleşdirjek. Şeýdip, olar öz ýerlerinde ýaşarlar. Mundan beýläk olaryň rahatlygy bozulmaz. 10Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men ähli duşmanlaryňy boýun egdirerin. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin. 11Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn. 12Meniň üçin öýi ol gurar, Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin. 13Men oňa Ata bolaryn, ol bolsa Maňa ogul bolar. Senden öň bolan Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin. 14Men ony Öz öýümde hem-de şalygymda baky goýaryn. Şalyk tagty baky dowam eder“». 15Şu sözleriň hem-de aýanlyklaryň ählisini Natan Dawuda gürrüň berdi.

Dawudyň minnetdarlyk dilegi

(2 Şamuwel 7:17-29)

16Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa, Hudaýymyz Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly, meniň maşgalam kim? 17Ýa Hudaýymyz Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Sen maňa belent mertebeli adam ýaly garaýarsyň, ýa Hudaýymyz Reb! 18Öz guluňa beýle hormatyň üçin Dawut Saňa näme diýip biler? Sen Öz guluňy tanaýarsyň ahyryn! 19Sen guluňyň hatyrasyna, Öz göwün islegiňe görä bu beýik işi etdiň; bu beýik işleriň ählisini aýan etdiň. 20Eý, Reb, Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik. 21Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri olaryň öňünden kowup çykardyň. 22Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň; Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň. 23Indi bolsa, Sen, ýa Reb, Öz guluň hem onuň nesli hakda aýdan sözüňi ebedi sakla-da, diýşiň ýaly et! 24Goý, ynsanlar „Hökmürowan Reb Ysraýylyň Hudaýydyr“diýip, guluňyň neslini berkarar etsinler, adyňy ebedilik belende götersinler. Guluň Dawudyň nesli Seniň öňüňde kuwwatlansyn. 25Sen, eý, Hudaýym, „Saňa nesil berjek“diýip, guluňa Özüň aýan edipdiň. Şoňa görä-de, guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi. 26Ýa Reb, Sen Hudaýsyň. Şu ýagşylyklary guluňa Sen wada etdiň. 27Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Reb, Seniň pataň bilen guluňyň nesli baky pataly boldy we patalydyr!»
Copyright information for TukLat16