1 Chronicles 2
Ysraýylyň nesilleri
1– 2Ysraýylyň ogullary şulardyr: Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun, Dan, Ýusup, Benýamin, Naftaly, Gat we Aşer. 3 Ýahudanyň ogullary şulardyr: Er, Onan we Şela. Bu üçüsi onuň kengan aýaly Batşuwadan doglan ogullarydyr. Reb Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Öz nazarynda betpäl bolany üçin öldürdi. 4Ýahudanyň gelni Tamardan Peres hem Zera doguldy. Onuň jemi bäş ogly bardy. 5Peresiň ogullary: Hesron, Hamul. 6Zeranyň ogullary: Zimri, Eýtan, Heýman, Kalkol, Dara – jemi bäş ogul. 7Karmynyň ogly: Akar ▼▼Akar – bu at Ýeş 7:1-de Akan diýip duş gelýär.
. Ol Rebbe bagyş edilen zady alyp, günä etdi we Ysraýylyň başyna bela getirdi ▼▼Akar… bela getirdi – ýewreýçe Akar we bela getirdi sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
. 8Eýtanyň ogly Azarýa. Dawut patyşanyň nesil daragty
9Hesronyň ogullary: Ýerahmeýel, Ram we Kelubaý ▼▼Kelubaý – Kalebiň beýleki ady.
. 10Ramdan Eminadap, Eminadapdan ýahudalaryň tirebaşysy Nahşon doguldy. 11– 12Nahşondan Salma ▼▼Salma – käbir gadymy terjimelerde Salmon. Seret: Rut 4:18-22.
, Salmadan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý doguldy. 13– 14– 15– 16Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi. 17Abygaýyldan Emasa doguldy. Ysmaýyl urugyndan bolan Ýeter Emasanyň kakasydyr. Hesronyň nesilleri
18Hesronyň ogly Kalebiň Azuba hem-de Ýerigot atly aýallaryndan birnäçe çagasy boldy. Azubadan bolan ogullar, ine, şulardyr: Ýeşer, Şobap, Ardon. 19Azuba ölenden soň, Kalep Efraty aýallyga aldy; Efratdan Hur doguldy. 20Hurdan Ury, Urudan Besalel doguldy. 21Hesron Gilgadyň kakasy Makyryň gyzynyň ýanyna girdi. Hesron oňa öýlenende altmyş ýaşyndady. Ondan Segup doguldy. 22Segupdan Ýaýyr doguldy. Gilgatda onuň ýigrimi üç galasy bardy. 23Ýöne Geşur bilen Aram olardan Hawotýaýyry hem-de Kenaty obalary bilen bile – jemi altmyş gala aldylar. Şular Gilgadyň kakasy Makyryň nesilleridir. 24Hesron Kalepefratda dünýäden ötdi. Onuň aýaly Abyýa Aşhury dogdy. Aşhur Tekowa galasynyň düýbüni tutdy.Ýerahmeýeliň nesilleri
25Hesronyň nowbahar ogly Ýerahmeýeliň ogullary: nowbahar ogly Ram, Buna, Oren, Osem we Ahyýa. 26Ýerahmeýeliň Atara atly ýene-de bir aýaly bardy. Ol Onamyň ejesidir. 27Ýerahmeýeliň nowbahar ogly Ramdan Magas, Ýamyn we Eker doguldy. 28Onamdan Şammaý hem-de Ýada, Şammaýdan Nadap hem-de Abyşur doguldy. 29Abyşuryň aýalynyň ady Abyhaýyldy. Ondan Ahban hem-de Molyt doguldy. 30Nadapdan Selet we Apaýym doguldy. Seletden nesil galmady. 31Apaýymdan Ýişgi, Ýişgiden Şeşan, Şeşandan Ahlaý doguldy. 32Şammaýyň inisi Ýadadan Ýeter we Ýonatan doguldy. Ýeterden nesil galmady. 33Ýonatandan Pelet hem-de Zaza doguldy. Bular Ýerahmeýeliň nesilleridir. 34Şeşanyň ogly ýokdy, onuň diňe gyzlary bardy; ýöne Şeşanyň Ýarha atly bir müsürli guly bardy. 35Onsoň Şeşan guly Ýarha gyzyny aýallyga berdi. Onuň gyzyndan Ataý doguldy. 36Ataýdan Natan, Natandan Zabat, 37Zabatdan Eplal, Eplaldan Obet, 38Obetden Ýehu, Ýehudan Azarýa, 39Azarýadan Heles, Helesden Elgasa, 40Elgasadan Sismaý, Sismaýdan Şallum, 41Şallumdan Ýekamýa, Ýekamýadan Elişama doguldy.Kalebiň nesilleri
42Ýerahmeýeliň inisi Kalebiň ogullary: nowbahar ogly Meşa; ol Zibiň kakasydyr. Kalebiň ikinji ogly Mareşa; ol Hebronyň kakasydyr. 43Hebronyň ogullary: Kora, Tapuwa, Rekem we Şema. 44Şemadan Ýorkagamyň kakasy Raham; Rekemden Şammaý doguldy. 45Şammaýdan Magon doguldy. Magon Beýtsuryň kakasydyr. 46Kalebiň gyrnak aýaly Eýpadan Haran, Mosa we Gazez doguldy. Harandan ogul bolup, oňa Gazez doganynyň adyny dakdy. 47Ýahdaýyň ogullary: Regem, Ýotam, Geşan, Pelet, Eýpa we Şagap. 48Kalebiň gyrnak aýaly Magakadan Şeber hem-de Tirhana doguldy. 49Soňra ondan Şagap bilen Şewa doguldy. Şagap Madmannany esaslandyrypdy, Şewa Makbena bilen Gibgany esaslandyrypdy. Kalebiň hem bir gyzy bardy, onuň ady Aksady. 50Ine, şular Kalebiň nesilleridir. Kalebiň aýaly Efratdan nowbahar ogly Hur doguldy. Huruň üç ogly bolup, birinjisiniň ady Şobaldy, ol Kirýatýegarymy esaslandyrypdy. 51Onuň ikinji ogly Salma bolup, ol Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji oglunyň ady Harep bolup, ol Beýtgaderi esaslandyrypdy. 52Kirýatýegarymy esaslandyran Şobal harowalaryň we manahatlaryň ýarysynyň atasydy. 53Şeýle hem Kirýatýegarymyň uruglary bolan ýytralaryň, putlaryň, şumatlaryň, mişralaryň-da atasydy. Sorga hem Eştawol şäherleriniň halky hem şu uruglardan gelip çykypdy. 54Beýtullahamy esaslandyran Salma netopalylaryň, Atrot Beýtýowabyň hem manahatlaryň ýarysy Sorga halkynyň atasydy. 55Ýagbesde ýaşan kätipleriň uruglary: tirgatlar, şimgatlar we sukatlar. Olar Rekabyň nesliniň atasy Hammatdan gelip çykan keýnlerdi.
Copyright information for
TukLat16