‏ 1 Chronicles 22

1Onsoň Dawut: «Şu ýerde Beýik Hudaýyň öýi hem-de Ysraýyl üçin ýakma gurbanlyk sypasy bolsun» diýdi.

Dawut ybadathanany gurmaga taýýarlyk görýär

2 Dawut Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleri toplamagy buýrup, Hudaýyň öýüni gurmak üçin daş ýonýan ussalary belledi. 3 4Dawut derwezeleriň gapylary üçin çüýler we petleler üçin juda köp demir, ölçärden agdyk bürünç, ummasyz köp mukdarda kedr agaçlaryny taýýarlady. Köp möçberdäki bu kedr agaçlaryny Dawuda sidonlylar bilen surlular getirdiler. 5Dawut şeýle diýdi: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz, Rebbe guruljak öý bolsa biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydyr. Şonuň üçinem men taýýarlyk görmelidirin». Şeýlelikde, Dawut ölmezinden öň, öýüň gurluşygy üçin taýýarlyk işleriniň uly tapgyryny ýerine ýetirdi.

Dawudyň Süleýmana wesýeti

6Onsoň Dawut ogly Süleýmany ýanyna çagyryp, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öý gurmagy oňa wesýet etdi. 7Dawut Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, meniň Hudaýym Rebbe öý gurmak niýetim bardy. 8Emma maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: „Sen köp gan dökdüň hem-de ýowuz uruşlar alyp bardyň. Maňa öýi sen gurmaly dälsiň, sebäbi sen Meniň huzurymda ýer ýüzünde köp gan dökdüň. 9Ine, senden bir ogul dünýä iner; ol asudalykda ýaşar. Men oňa töweregindäki ähli duşmanlaryndan dynçlyk bererin. Onuň ady Süleýman bolar, Men onuň döwründe Ysraýyla parahatçylyk
Süleýman… parahatçylyk – ýewreýçe Süleýman we parahatçylyk sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
hem asudalyk bererin.
10Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“. 11Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Reb sen barada aýdyşy ýaly, Hudaýyň Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun. 12Hudaýyň Reb seni Ysraýyla hökümdar goýanda, Onuň kanunyny berjaý ederiň ýaly, goý, Reb saňa akyl-paýhas bersin. 13Eger Rebbiň Musanyň üsti bilen Ysraýyla tabşyran parzlarydyr hökümlerini berjaý etseň, işiň rowaç bolar. Dözümli hem mert bol; gorkma, ruhdan düşme. 14Men Rebbiň öýi üçin, uly yhlas bilen bir ýüz ýetmiş müň batman
Bir ýüz ýetmiş müň batman – ýewreýçe ýüz müň kikkar. Bu takm. 3450 tonna deňdir.
altyn, bir million ýedi ýüz müň batman
Bir million ýedi ýüz müň batman – ýewreýçe bir million kikkar. Bu takm. 34500 tonna deňdir.
kümüş, ölçärden agdyk bürünçdir demir, agaçdyr daşlar ýygnadym. Sen bularyň üstüni ýetirmelisiň.
15 16Eliňde ummasyz işçi güýji bar: daş ýonujylaryň, kerpiç örüjileriň, agaç ussalaryň, san-sajaksyz ussat zergärleriň, kümüş, bürünç hem demir ussalaryň bardyr. Indi işe başla, Reb saňa ýar bolar!»

17Şeýle hem Dawut ogly Süleýmana kömek bermekleri üçin, Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryna şeýle buýruk berdi: 18«Hudaýyňyz Reb siziň bilen dälmi? Ähli tarapdan size rahatlyk beren Şol dälmi? Ol bu ýurduň ähli ilatyny meniň elime berdi we ýurt Rebbe hem-de Onuň halkyna boýun egdi. 19Indi bütin kalbyňyz hem janyňyz bilen Hudaýyňyz Rebbi agtaryň! Rebbiň Äht sandygyny hem-de Hudaýyň mukaddes enjamlaryny Rebbe gurlan öýe getireriňiz ýaly, gidiň-de, Beýik Hudaýyň mukaddes öýüni guruň».
Copyright information for TukLat16