1 Chronicles 23
Lewileriň wezipeleri
1 Dawut öz durmuşyndan razy bolup, ogly Süleýmany Ysraýyla patyşa etdi. 2 Dawut Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryny, ruhanylary hem-de lewileri ýanyna çagyrdy. 3Lewileriň otuz we ondan ýokary ýaşlylary hasaba alyndy. Olar jemi otuz sekiz müňdi. 4Dawut: «Şolaryň ýigrimi dört müňüsi Rebbiň öýünde hyzmat etmelidirler; alty müňüsi baştutanlar hem kazylar, 5dört müňi derwezebanlar, ýene dört müňi meniň öwgi aýtmak üçin ýasan saz gurallarymda Rebbi şöhratlandyrmalydyrlar» diýdi. 6Dawut olary Lewiniň Gerşon, Kohat hem-de Merary atly üç ogluna görä toparlara böldi.Gerşonlar
7Gerşonyň ogullary: Ladan bilen Şimgi. 8Ladanyň nesilleri: Ýehiýel nowbahar ogly, Zetam, Ýowel – jemi üç, 9Şimginiň nesilleri: Şelomot, Hazyýel, Haran – jemi üç. Bular Ladanyň kowumbaşylarydy. 10Şimginiň nesilleri: Ýahat, Zina, Ýeguş, Beriga – jemi dört. 11Ýahat başy, Ziza indikisidi, ýöne Ýeguş bilen Beriganyň ogullary köp däldi, şoňa görä-de, olar bir maşgala hasap edilýärdiler.Kohatlar
12Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron, Uzyýel – jemi dört. 13Imranyň ogullary: Harun bilen Musa. Harun iň mukaddes zatlary bagyş etmäge saýlandy. Şeýlelikde, ol hem onuň ogullary elmydama Rebbiň öňünde gurbanlyklar bermelidirler, Oňa hyzmat etmelidirler hem Onuň ady bilen pata bermelidiler. 14Ýöne Hudaýyň adamy bolan Musa hem onuň ogullary lewileriň tiresine goşuldylar. 15Musanyň ogullary: Gerşom, Eligezer. 16Gerşomyň nesli Şebuwal başy. 17Eligezeriň ogly Rehabýa başy. Eligezeriň başga ogly ýokdur, ýöne Rehabýanyň nesilleri juda köpdi. 18Ýisharyň nesli Şelomyt başy. 19Hebronyň nesilleri Ýeriýa başy, Amarýa indikisi, üçünjisi Ýahazyýal, dördünjisi Ýekamgam. 20Uzyýeliň ogullary: uly ogly Mika we ikinjisi Ýişiýa.Merarylar
21Merarynyň ogullary: Mahly, Muşy. Mahlynyň ogullary: Elgazar, Kiş. 22Elgazar ogulsyz dünýäden ötdi, onuň diňe gyzlary bardy. Olar Kişiň ogullaryna durmuşa çykdylar. 23Muşynyň ogullary: Mahly, Eder, Ýeremot – jemi üç. 24Ine, şular lewileriň kowumbaşylarydyr we uruglaryna görä hasaba alnandyr. Olar ýigrimi we ondan ýokary ýaşly bolup, Rebbiň öýüne hyzmat etmelidiler. 25Öň Dawut şeýle diýipdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halkyna dynçlyk berdi; Ol Iýerusalimde müdimilik ýaşaýar. 26Şeýlelikde, lewiler Rebbiň çadyryny ýa-da Oňa hyzmat üçin ulanylýan beýleki esbaplary ondan-oňa göçürmezler». 27Dawudyň soňky sözlerine görä, lewileriň ýigrimi hem ondan uly ýaşlylarynyň sany şudy. 28 Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe: 29hödür çöregine, gurbanlyklar üçin berlen saýlama una, petir kökelere, bişirilen sadakalara, zeýtun ýagyna garylan sadaka, ybadathana ölçegine we möçberine seretmek. 30Şeýle hem olar her gün ertir-agşam Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. 31Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler. 32Rebbe ýüz tutulýan çadyr we mukaddes ýer lewileriň baştutanlygyndady. Olar Rebbiň öýünde hyzmat edýän Harunyň nesillerinden bolan doganlaryna-da esewan bolmalydylar.
Copyright information for
TukLat16