‏ 1 Chronicles 24

Ruhanylar we olaryň etmeli wezipeleri

1Harunyň nesilleri hyzmat üçin bölünendir. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhu, Elgazar, Ytamar. 2Emma Nadap bilen Abyhu kakalaryndan öň ölüpdiler; olaryň ogly ýokdy. Şoňa görä, Elgazar bilen Ytamar ruhany boldular. 3Dawut Elgazaryň nesli Sadok, Ytamaryň nesli Ahymelek bilen bile ruhanylary borçlaryna görä hyzmat işlerine bölüşdirdi. 4Ytamaryň nesline garanda, Elgazaryň neslindäki kowumbaşylar has köpdi. Şoňa görä kowumbaşylaryň baştutanlygynda Elgazaryň nesilleri on alty bölege, Ytamaryň nesilleri sekiz bölege bölünendi. 5Adalatly bolmak üçin iki topar hem bije boýunça bölündiler, sebäbi mukaddes çadyra hem-de Hudaýa hyzmat etmeli ýolbaşçylar Elgazaryň nesliniň arasynda-da, Ytamaryň nesliniň arasynda-da bardy. 6Lewilerden bolan Netaneliň ogly Şemagýa mürze patyşanyň, ýolbaşçylaryň, ruhany Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelegiň, ruhanylaryň nesilleriniň hem-de lewileriň kowumbaşylarynyň huzurynda bularyň atlaryny ýazdy. Elgazar bilen Ytamaryň hersi üçin bir topar saýlanyp alyndy.

7Bijesi çykan adamlar bije tertibi boýunça şulardyr: Ýehoýaryp, Ýedaýa, 8Harym, Segorym, 9Malkyýa, Miýamyn, 10Hakos, Abyýa, 11Ýeşuwa, Şekanýa, 12Elýaşyp, Ýakim, 13Hupa, Ýeşebeýap, 14Bilga, Immer, 15Hezir, Hapyses, 16Petahýa, Ezekiýel, 17Ýakin, Gamul, 18Delaýa, Magazýa – jemi ýigrimi dört bije. 19Olaryň Rebbiň öýüne girmek üçin ýerine ýetirmeli borçlary, ine, şudur. Muny olara Ysraýyl Hudaýy Reb olaryň atasy Harunyň üsti bilen tabşyrypdy.

Lewileriň galan bölegi hyzmata bellenilýär

20Lewiniň nesilleriniň galan urugbaşylary şulardyr: Imranyň nesli Şubaýyl, Şubaýylyň nesli Ýehdeýa. 21Rehabýadyň nesli Ýişiýa. 22Ýisharlardan Şelomot; Şelomodyň nesillerinden Ýahat. 23Hebronyň nesillerinden ýaş tertibine görä Ýeriýa, Amarýa, Ýahazyýal, Ýekamgam. 24Uzyýeliň neslinden Mika; Mikanyň neslinden Şamyr. 25Mikanyň dogany Ýişiýa, Ýişiýanyň neslinden Zakarýa. 26Merarynyň nesillerinden Mahly, Muşy. Ýagazyýanyň ogullaryndan Beno. 27Merarynyň nesillerinden Ýagazyýa, Beno, Şoham, Zakur, Ibri. 28Mahlynyň nesillerinden Elgazar; onuň ogly ýokdur. 29Kişden Ýerahmeýel. 30Muşynyň nesillerinden Mahly, Eder, Ýerimot. Şular uruglaryna görä Lewiniň nesilleridir. 31Garyndaşlary bolan Harunyň nesillerinde bolşy ýaly, bular hem Dawut patyşanyň, Sadokdyr Ahymelegiň, ruhanylardyr lewileriň kowumbaşylarynyň öňünde bije atdylar. Olaryň kowumbaşylar bolan ýaş garyndaşlary hem şeýle etdiler.
Copyright information for TukLat16