1 Chronicles 26
Rebbiň öýüniň derwezebanlary
1Derwezebanlaryň bölümleri şulardyr: koralardan Asafyň ogullaryndan bolan Koreniň ogly Meşelemýa. 2Meşelemýanyň ogullary: nowbahar ogly Zakarýa, ikinjisi Ýedigaýel, üçünjisi Zebadýa, dördünjisi Ýatnyýel, 3bäşinjisi Eýlam, altynjysy Ýehohanan, ýedinjisi Elýogeýnaý. 4Obededomyň ogullary: nowbahar ogly Şemagýa, ikinjisi Ýehozabat, üçünjisi Ýowa, dördünjisi Sakar, bäşinjisi Netanel, 5altynjysy Emiýel, ýedinjisi Ysakar, sekizinjisi Pegullataý. Obededomy Hudaý ýalkapdy. 6Şemagýadan hem birnäçe ogul dünýä indi; başarjaň adamlar bolandyklary üçin, olar öz uruglaryna baş boldular. 7Şemagýanyň ogullary: Otny, Repaýyl, Obet, Elzabat; olaryň doganlary Elihu bilen Semakýa hem başarjaň adamlardy. 8Obededomyň ogullary, agtyklary hem-de olaryň doganlary hyzmat işine ökde altmyş iki adamdy. 9Meşelemýanyň başarjaň ogullarydyr doganlary on sekiz adamdy. 10Merary kowumyndan bolan Hosanyň ogullary: baştutan Şimri. Ol nowbahar ogul bolmasa-da, kakasy ony baştutan edipdi. 11Ikinjisi Hilkiýa, üçünjisi Tebalýa, dördünjisi Zakarýa. Hosanyň ogullarynyň hem doganlarynyň jemi sany on üçdür. 12Ine, kowumbaşylaryna görä derwezebanlaryň bölümleri şulardyr. Olar hem öz doganlary ýaly Rebbiň öýünde hyzmat etmäge borçludylar. 13Olar öz kowumlaryna görä uly-kiçä deňlik edip, derwezeleri üçin bije atdylar. 14Gündogar tarapdaky derweze Şelemýanyň bijesine düşdi. Onuň ogly parasatly geňeşçi Zakarýa üçin hem bije atyldy; onuň bijesine demirgazyk tarapdaky derweze düşdi. 15Obededomyň bijesine günorta tarapdaky derweze, onuň ogullaryna bolsa ammar jaýy düşdi. 16Şupym bilen Hosa ikisine günbatar tarapdaky, ýokary galýan ýoldaky Şalleket derwezesi düşdi. Garawulçylyk nobatma-nobat bellenendi. 17Gündogar tarapdaky derwezede her gün alty lewi, demirgazyk hem günorta tarapdaky derwezeleriň hersinde her gün dört lewi durýardy, ammar jaýynda bolsa iki-ikiden durýardylar. 18Günbatar tarapdaky howluda – ýolda dört adam, howly üçinem iki adam bellenendi. 19Şular Kora hem-de Merary kowumlaryndan bolan derwezeban bölümleridi.Hazynaçylar
20Hudaýyň öýüniň hazynalary hem-de berlen sadakalaryň hazynalary beýleki lewileriň garamagyndady. 21Gerşonyň ogly Ladanyň neslinden Ýehiýel urugbaşy boldy. 22Ýehiýeli, onuň ogullary we doganlary Zetam bilen Ýowel Rebbiň öýüniň hazynalaryna garardylar. 23Imramlaryň, ýisharlaryň, hebronlaryň, uzyýelleriň nesillerinden, 24Musanyň ogly Gerşomyň neslinden Şebuwal hazynalaryň başlygydy. 25Onuň Elgezer tarapdan garyndaşlary şulardyr: Eligezeriň ogly Rehabýa, Rehabýanyň ogly Işaýa, Ýeşagýanyň ogly Ýoram, Ýoramyň ogly Zikri, Zikriniň ogly Şelomyt. 26Şelomyt bilen onuň garyndaşlary Dawut patyşa, urugbaşylar, ýüzbaşylardyr müňbaşylar hem-de beýleki goşunbaşylar tarapyndan bagyş edilen hazynalaryň baştutanlary boldular. 27Rebbiň öýüni saklamak üçin, olar uruşlarda alnan oljalardan ol ýere sadakalar bererdiler. 28Şeýle hem Şamuwel görgür, Kişiň ogly Şawulyň, Neriň ogly Abneriň, Seruýanyň ogly Ýowabyň bagyş eden zatlary, umuman, bagyş edilen zatlaryň ählisi Şelomyt bilen onuň garyndaşlarynyň gözegçiligi astyndady.Beýleki lewileriň wezipeleri
29Ýisharyň nesillerinden Konanýa hem-de onuň ogullary Ysraýylyň jemgyýetçilik işlerine baştutanlar, kazylar hökmünde bellenipdiler. 30Hebronyň nesillerinden Haşabýa hem-de onuň garyndaşlary – başarjaň adamlaryň bir müň ýedi ýüzüsi Iordanyň günbatarynda ýaşaýan ysraýyllaryň Rebbiň ähli hyzmatlaryna hem-de patyşanyň gullugyna bellenipdiler. 31Ýeriýa hebronlaryň baştutanydy. Dawudyň patyşalygynyň kyrkynjy ýylynda olaryň nesil daragtlaryna seredildi. Şonda Gilgatdaky Ýazerde hebronlaryň arasyndan edermen adamlar tapyldy. 32Olary hem-de olaryň garyndaşlaryny – jemi iki müň ýedi ýüz sany urugbaşylar bolan edermen adamy Dawut patyşa Hudaýyň hem-de patyşanyň işlerini etmek üçin rubenleriň, gatlaryň hem-de gündogardaky manaşa tiresiniň baştutany edip goýdy.
Copyright information for
TukLat16