1 Chronicles 29
Ybadathananyň gurluşygy üçin sadakalar
1 Dawut halka şeýle diýdi: «Hudaýyň saýlany, oglum Süleýman heniz ýaş hem tejribesiz, edilmeli iş bolsa uly. Çünki ybadathana ynsan üçin däl-de, Hökmürowan Reb üçindir. 2Men güýjümiň ýetdiginden Hudaýymyň öýi üçin altyndan ýasalmaly zatlar üçin – altyn, kümüşden ýasalmaly zatlar üçin – kümüş, bürünçden ýasalmaly zatlar üçin – bürünç, demirden ýasalmaly zatlar üçin – demir, agaçdan ýasalmaly zatlar üçin – agaç, köp möçberde hakyk hem-de oturtma daşlar, bezeg daşlary, dürli reňkli daşlar, gymmatbaha daşlaryň ähli görnüşini we köp möçberde mermer taýýarladym. 3Üstesine-de, Hudaýymyň öýüne bolan söýgim sebäpli, mukaddes ybadathana üçin şu taýýarlan zatlarymdan daşary meniň öz hususy altyn hem kümüş hazynam bar. Men şony-da Hudaýymyň öýüne berdim. 4Ol bäş müň batman ▼▼Bäş müň batman – ýewreýçe üç müň kikkar. Bu takm. 100 tonna deňdir.
Opyr altynyndan, ybadathananyň diwarlarynyň ýüzüne çaýar ýaly on iki müň batman ▼▼On iki müň batman – ýewreýçe ýedi müň kikkar. Bu takm. 240 tonna deňdir.
ýokary hilli kümüşden ybaratdyr. 5Hünärmentleriň etjek her işi üçin, altyn zatlar üçin altyn, kümüş zatlar üçin kümüş berýärin. Kim bu gün meýletinlik bilen zat hödür edip, özüni Rebbe bagyş etjek?» 6Soňra urugbaşylardyr tire baştutanlary, müňbaşylardyr ýüzbaşylar, şa gullugyndaky baştutanlar meýletin gurbanlyklar berdiler. 7Olar Hudaýyň ybadathanasynyň hyzmaty üçin sekiz müň bäş ýüz dört batman ▼▼Sekiz müň bäş ýüz dört batman – ýewreýçe bäş müň kikkar on müň darik. Bu 170 tonnadan gowrakdyr.
altyn, on ýedi müň batman ▼▼On ýedi müň batman – ýewreýçe on müň kikkar. Bu takm. 340 tonna deňdir.
kümüş, otuz müň batman ▼▼Otuz müň batman – ýewreýçe on sekiz müň kikkar. Bu takm. 610 tonna deňdir.
bürünç hem-de bir ýüz ýetmiş müň batman ▼▼Bir ýüz ýetmiş müň batman – ýewreýçe ýüz müň kikkar. Bu takm. 3400 tonna deňdir.
demir berdiler. 8Kimde gymmatbaha daşlar bar bolsa, olary Rebbiň ybadathanasynyň hazynasy üçin gerşon urugyndan Ýehiýele tabşyrdylar. 9Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy. Dawudyň dilegi
10Soň Dawut tutuş halkyň öňünde Rebbi alkyşlap, şeýle diýdi: «Eý, Atamyz Ysraýyl Hudaýy Reb, Saňa ezelden ebedä çenli alkyş bolsun! 11Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb! Sen ählisinden belentsiň. 12Baýlyklardyr sylag-hormat Senden gelýär, Sen ählisiniň üstünden höküm sürýärsiň. Güýç hem kuwwat Seniň eliňdedir. Ähli zady belent ýa-da kuwwatly etmek Seniň eliňdedir. 13Indi, eý, Hudaýymyz biz Saňa minnetdarlyk bildirýäris, Seniň şöhratly adyňa alkyş okaýarys. 14Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris. 15Biz Seniň öňüňde ata-babalarymyz ýaly gelmişek hem-de mysapyrdyrys. Biziň ýerdäki durmuşymyz edil kölege ýalydyr, umytsyzdyr. 16Eý, Hudaýymyz Reb, Seniň mukaddes adyňa öý gurmak üçin taýýarlan şu bolçulyklarymyzyň hemmesini Sen berdiň; olaryň bary Seniň Özüňkidir. 17Seniň kalby synaýandygyňy we kalby päkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaýym! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin. 18Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň, biziň ata-babalarymyzyň Hudaýy, Öz halkyňyň kalbynda şeýle niýetleri baky sakla, olaryň kalbyny Özüňe tarap öwür. 19Seniň tabşyryklaryňy, düzgünleriňi, parzlaryňy – şularyň hemmesini berjaý eder ýaly, meniň taýýarlyk gören ybadathanamy gurary ýaly, oglum Süleýmana sadyk ýürek ber». 20Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler. 21Ertesi gün olar Rebbe müň öküz, müň goç, müň guzy, içgi sadakalaryny hem-de tutuş Ysraýyl üçin ençeme sadakalar berdiler. 22Olar şol gün Rebbiň öňünde uly şatlyk-şagalaň bilen iýip-içdiler.Süleýman patyşalyga bellenilýär
Dawudyň ogly Süleýmany ikilenç patyşa etdiler. Ony Rebbe hökümdarlyga, Sadogy hem ruhanylyga belledi. 23Kakasy Dawudyň patyşalygyny miras alyp, Süleýman Rebbiň beren tagtynda oturdy. Onuň işi rowaç aldy, tutuş Ysraýyl oňa eýerdi. 24Ähli nökerler, batyr ýigitler, Dawudyň ähli ogullary Süleýmana wepaly bolmaga wada berdiler. 25Reb tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Süleýmany belende göterdi we heniz Ysraýylda hiç bir patyşanyň eýe bolmadyk şalyk belentligini oňa berdi.Dawudyň ölümi
26Şeýdip, Ýyşaýyň ogly Dawut tutuş Ysraýyla şalyk etdi. 27Ol Ysraýylda jemi kyrk ýyl şalyk sürdi. Ol şonuň ýedi ýylyny Hebronda, otuz üç ýylyny bolsa Iýerusalimde geçirdi. 28Dawut ýaşy birçene baryp, garrap, mal-döwletdir şöhratdan doýup dünýäden ötdi. Onuň ýerine ogly Süleýman patyşa boldy. 29Dawut patyşanyň eden işleri başdan-aýak Şamuwel görgüriň, Natan pygamberiň we Gat görgüriň kitabynda ýazylandyr. 30Bu kitaplarda onuň nähili şalyk sürendigi, güýç-kuwwatynyň neneňsi bolandygy, onuň hem-de Ysraýylyň başdan geçiren wakalary we dünýäniň ähli patyşalary hakynda ýazylandyr.
Copyright information for
TukLat16