‏ 1 Chronicles 3

Dawudyň nesilleri

(2 Şamuwel 3:2-5; 5:4-5,14-16; 1 Patyşalar 2:11; 1 Ýyl ýazgylary 14:3-6; 29:27)

1Ine, şular Dawudyň Hebrondaka doglan ogullarydyr: ýizregelli Ahynogamdan bolan nowbahar ogly Amnon; karmelli Abygaýyldan bolan ikinji ogly Danyýel. 2Üçünji ogly Geşur şasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalom, dördünji ogly Hagytdan bolan Adonyýa; 3Bäşinji ogly Abytaldan bolan Şepatýa; altynjy ogly aýaly Egladan bolan Ýitregam; 4Şu altysy Dawudyň Hebrondaka bolan ogullarydyr. Ol bu ýerde ýedi ýyl alty aý şalyk sürdi.

Dawut Iýerusalimde otuz üç ýyl şalyk sürdi.
5Bular Dawut Iýerusalimdekä doglanlardyr: Şimga, Şobap, Natan, Süleýman; olar Emiýeliň gyzy Batşebadan bolan dört oguldylar.

6 7 8Bulardan soň ýene dokuz ogul doguldy: Ýybhar, Elişama, Elipelet, Noga, Nepek, Ýapyýa, Elişama, Elýada we Elipelet.

9 Dawudyň şu ogullaryndan başga gyrnaklaryndan bolan ogullary-da bardy. Onuň Tamar diýen gyzy hem bardy.

Süleýmanyň nesilleri

10 Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, Asadan Ýehoşapat, 11Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Ahazýa, Ahazýadan Ýowaş, 12Ýowaşdan Amazýa, Amazýadan Uzyýa, Uzyýadan Ýotam, 13Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, Hizkiýadan Manaşa, 14Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy.

15Ýoşyýanyň ogullary: nowbahar ogly Ýohanan, ikinji ogly Ýehoýakym, üçünji ogly Sidkiýa, dördünji ogly Şallum.

16Ýehoýakymyň nesilleri: Ýehoýakymdan Ýekonýa
Ýekonýa – bu at 2Pat 24–25-nji baplarda Ýehoýakyn diýip duş gelýär.
, Ýekonýadan Sidkiýa doguldy.

17 18Ýesir edip äkidilen Ýekonýanyň ogullary: Şeýaltyýel, Malkyram, Pedaýa, Şenasar, Ýekamýa, Hoşama we Nedabýa.

19Pedaýanyň ogullary: Zerubabyl we Şimgi. Zerubabylyň ogullary: Meşullam, Hananýa we Şelomyt olaryň aýal doganydy.

20Zerubabylyň beýleki bäş ogly: Haşuba, Ohel, Berekýa, Hasadýa we Ýuşapheset.

21Hananýanyň ogullary: Pelatýa we Ýeşagýa. Ýeşagýadan Repaýa, Repaýadan Arnan, Arnandan Abadýa, Abadýadan Şekanýa doguldy.

22Şekanýadan Şemagýa doguldy. Şemagýanyň ogullary: Hatuş, Ýygal, Baryýa, Negarýa we Şapat. Şunlukda, Şekanýanyň bir ogly we bäş agtygy – jemi alty adam boldy.

23Negarýanyň ogullary: Elýogeýnaý, Hizkiýa we Azrykam. Bular jemi üç oguldylar.

24Elýogeýnaýyň ogullary: Hodawýa, Elýaşyp, Pelaýa, Akup, Ýohanan, Delaýa we Anany. Bular jemi ýedi oguldylar.
Copyright information for TukLat16