1 Chronicles 4
Ýahudanyň nesilleri
1 Ýahudanyň ogullary: Peres, Hesron, Karmy, Hur we Şobal. 2Şobalyň ogly Reýaýadan Ýahat, Ýahatdan Ahumaý we Lahat doguldy. Bular Sorgalylaryň uruglarydyr. 3– 4Efratyň nowbahar ogly, Beýtullahamy esaslandyran Huruň ogullary şulardy: Eýtam, Penuwal we Ezer. Eýtamyň ogullary şulardy: Ýizregel, Ýyşma we Ýydbaş. Olaryň aýal doganynyň ady Haslelponydy. Penuwal Gedory esaslandyrypdy, Ezer Huşany esaslandyrypdy. 5Tekowanyň kakasy Aşhuryň Hela hem-de Nagara atly iki aýaly bardy. 6Aşhuryň Nagara diýen aýalyndan Ahuzam, Heper, Temeni we Hahaştary doguldy. Bular Nagaranyň ogullarydy. 7– 8Helanyň ogullary: Zeret, Sohar, Etnan we Kos. Kos Anubyň we Hasobebabyň kakasydy. Harumyň ogly Aharheliň nesli-de Kosdan gelip çykandyr. 9Ýagbes atly adam bardy; ol doganlarynyň arasynda iň abraýlysydy. «Agyry bilen dogurdym» diýip, ejesi onuň adyna Ýagbes ▼▼Ýewreýçe Ýagbes we agyry sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
dakdy. 10Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi. 11Şuhanyň dogany Kelupdan Mehir, Mehirden Eşton doguldy. 12Eştondan Beýtrapa, Paseýa hem-de Irnahaş galasyny esaslandyran Tehinna doguldy. Bular Rekanyň ilatydy. 13Kenazyň ogullary: Otniýel, Seraýa. Otniýeliň ogly: Hatat we Megonotaý. 14Megonotaýdan Opra doguldy. Seraýa Hünärmentler jülgesini döreden Ýowabyň kakasydy. Köp hünärmentleriň ýaşaýandygy üçin bu ýere şeýle at dakyldy. 15Ýepunnäniň ogly bolan Kalebiň ogullary: Yru, Ela we Nagam. Eladan Kenaz doguldy. 16Ýehalleleliň ogullary: Zip, Zipa, Tirýa we Asarel. 17Ezranyň ogullary: Ýeter, Meret, Eper we Ýalon. Merediň müsürli aýalyndan: Merýem, Şammaý we Eştemowa galasyny esaslandyran Ýyşba doguldy. 18Merediň müsürli aýaly faraonyň gyzy Bitýady. Onuň ýahudaly aýalyndan Gedory esaslandyran Ýeret, Sokony esaslandyran Heber bilen Zanowany esaslandyran Ýekutyýel doguldy. 19Hodyýanyň aýaly bolan Nahamyň aýal doganynyň ogullaryndan garmly Kegila bilen magakatly Eştemowa doguldy. 20Şimonyň ogullary: Amnon, Rinna, Benhanan we Tilon. Ýişginiň ogullary: Zohet we Benzohet. Şelahyň nesilleri
21 Ýahudanyň ogly Şelanyň nesilleri şulardyr: Lekany esaslandyran Er, Mareşany esaslandyran Lagda, Beýtaşbeýadaky nepis zygyr mata dokaýanlaryň urugy, 22Ýokymyň, Kozebanyň adamlary, Ýowaş hem-de Saraf. Olar Mowap bilen Ýaşubleheme häkim boldular. Bular gadymy wakalardyr. 23Bular Netagymyň hem-de Gederanyň ilatlarydy. Olar patyşa küýzegär bolup hyzmat etdiler.Şimgonyň nesilleri
24Şimgonyň ogullary: Nemuwal, Ýamyn, Ýaryp, Zera, Şawul. 25Şawuldan Şallum, Şallumdan Mibsam, Mibsamdan Mişma doguldy. 26Mişmanyň ogullary: Mişmadan Hammuwal, Hammuwaldan Zakur, Zakurdan Şimgi doguldy. 27Şimginiň on alty ogly, alty gyzy bardy, ýöne onuň doganlarynyň perzendi köp däldi. Şeýdip, Şimginiň nesilleri Ýahudanyňky ýaly köpelmedi. 28– 29– 30– 31Olar Beýerşebada, Moladada, Hasarşugalda, Bilhada, Esemde, Tolatda, Betuwalda, Hormada, Ziklagda, Beýtmarkabotda, Hasarsusymda, Beýtbirgide we Şagaraýymda ýaşadylar. Ine, şular şimgileriň Dawut patyşa bolmazyndan öňki galalarydy. 32Olaryň obalary: Eýtam, Aýyn, Rimmon, Token, Aşan – jemi bäş gala. 33Bu galalaryň töweregindäki Bagala çenli bolan obalary olaryň mesgen tutan ýerleridir. Olar nesil daragtyny ýazdylar. 34Olaryň urugbaşylary şulardy: Meşobap, Ýamlek, Amazýanyň ogly Ýoşa, 35Ýowel, Asyýeliň çowlugy Seraýanyň agtygy Ýoşybýanyň ogly Ýehu, 36Elýogeýnaý, Ýagakoba, Ýeşohaýa, Asaýa, Adyýel, Ýeşimiýel, Benaýa, 37Şemagýanyň gowlugy, Şimriniň ýuwlugy, Ýedaýanyň çowlugy, Allonyň agtygy, Şipginiň ogly Ziza. 38Şu atlary boýunça agzalanlar urugbaşylardyr. Olaryň nesilleri juda köpeldi. 39Olar öz sürülerine öri gözläp, Gedora we jülgäniň gündogar tarapyna çenli baryp ýetdiler. 40Olar otluk, gowy öri meýdanlarynyň üstünden bardylar; bu ýer gaty giň, asuda hem rahatdy. Öň bu ýerde hamlar oturypdylar. 41Şu atlary ýazylanlar Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe gelip, öz çadyrlarynda bolan hamlara we megunylara hüjüm edip, olary büs-bütinleý gyryp ýok edip, olaryň ýerlerinde ornaşdylar, sebäbi ol ýerde sürüleri üçin öri meýdan bardy. 42Şimgonlaryň bir bölegi – erkek kişileriniň bäş ýüzüsi Ýişginiň ogullary Pelatýanyň, Negarýanyň, Repaýanyň hem-de Uzyýeliň baştutanlygynda Segir dagyna gitdiler. 43Olar amalekleriň gaçyp, diri galanlaryny gyrdylar; olar şu güne çenli şol ýerde ýaşap gelýärler.
Copyright information for
TukLat16