‏ 1 Chronicles 5

Rubeniň nesilleri

1Ruben Ysraýylyň nowbahar ogludy, ýöne ol atasynyň düşegini haramlandygy üçin nowbahar ogullyk haky ondan alnyp, Ysraýylyň ogly Ýusubyň perzentlerine berildi. Şoňa görä-de nesil daragtynda Ruben ilkinji ogul hasap edilmeýär. 2Ýahuda doganlarynyň arasynda güýçlüsi bolup, baştutan ondan gelip çykan bolsa-da, nowbahar ogullyk haky Ýusubyňkydy. 3Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň ogullary şulardy: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy.

4Ýoweliň nesilleri: Şemagýa, Şemagýadan Gok, Gokdan Şimgi, 5Şimgiden Mika, Mikadan Reýaýa, Reýaýadan Bagal, 6Bagaldan Beýera doguldy. Beýerany Aşuryň patyşasy Tiglatpileser ýesir edip äkitdi. Beýera rubenleriň tirebaşysydy. 7 8Nesil daragtlaryna görä Beýeranyň kowumlary bilen bolan garyndaşlary şulardyr: Ýegiýel baştutan; Zakarýa we Ýoweliň çowlugy, Şemanyň agtygy, Azazyň ogly Bala. Bu rubenler Nebo bilen Bagalmegona çenli uzalyp gidýän Aroger ülkesinde ýaşaýardylar. 9Gündogara Ýewfrat derýasynyň bu tarapyndaky çölüň başlanýan ýerine çenli uzalyp gidýän ýerler hem Belanyň ýerleridi, sebäbi onuň Gilgatda maly juda köpelipdi. 10Şawulyň döwründe rubenler hagarlar bilen urşup, olary ýeňip, Gilgadyň tutuş gündogaryna ýaýrap, hagarlaryň çadyrlarynda ýaşadylar.

Gadyň nesilleri

11Gatlar rubenleriň gapdalynda Salka galasyna çenli bolan Başan ülkesinde mesgen tutdular. 12Başanda Ýowel iň wajyp urugyň baştutanydy, Şapam ikinji wajyp urugyň baştutanydy, Ýagnaý bilen Şapat bolsa beýleki uruglaryň baştutanydy. 13Olaryň garyndaşlary kowumy boýunça şulardyr: Mikaýyl, Meşullam, Şeba, Ýoraý, Ýagkan, Ziýa we Eber jemi ýedi. 14Olar Abyhaýylyň nesilleridir. Abyhaýyl Büzüň taňlygy, Ýahdonyň geňligi, Ýeşişaýyň gowlugy, Mikaýylyň ýuwlugy, Gilgadyň çowlugy, Ýarowanyň agtygy, Hurynyň oglydy. 15Gunynyň agtygy, Abdyýeliň ogly Ahy bularyň arasynda iň beýik urugbaşydy. 16Gatlar Gilgatdaky we Başandaky galalarynda hem-de Şaronyň öri meýdanlarynda ýaşadylar. 17Ýahudanyň patyşasy Ýotam hem-de Ysraýylyň patyşasy Ýarobgamyň döwründe bularyň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alyndylar.

Gündogar tireleriň goşunlary

18Rubenlerden, gatlardan hem-de gündogardaky manaşa tiresinden gylyçly-galkanly, ýaý bilen ok atýan, söweş tälimini alan, gulluga taýýar kyrk dört müň ýedi ýüz altmyş sany edermen esger bardy. 19Olar hagarlar, ýeturlar, napyşlar hem-de nodaplar bilen uruşdylar. 20Olar uruşda Hudaýa ahy-nala edip, kömek alandyklary üçin, hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ählisini ele saldylar. Hudaý olaryň ahy-nalasyna jogap berdi, çünki olar Oňa ynandylar. 21Olar duşmanlarynyň elli müň düýesini, iki ýüz elli müň dowaryny, iki müň eşegini ele saldylar we ýüz müň adamyny ýesir aldylar. 22Köp adam öldi, sebäbi bu uruş Hudaýdandy. Şeýdip, rubenler, gatlar hem-de gündogardaky manaşa tiresi tä sürgünlik döwrüne çenli hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ýerlerinde ýaşadylar.

Gündogardaky manaşa tiresi

23Gündogardaky manaşa tiresiniň adamlary ýurtda mesgen tutup, Başandan Bagalhermona, Senire hem-de Hermon dagyna çenli ýaýradylar. Olar juda köpdi. 24Ine, şular olaryň kowumbaşylarydyr: Eper, Ýişgi, Eliýel, Azryýel, Ýermeýa, Hodawýa we Ýahdyýel. Bular batyr ýigitler, meşhur adamlar we urug baştutanlarydy. 25Emma bular ata-babalarynyň Hudaýyndan dänip, Onuň öz öňlerinde derbi-dagyn eden ýurdunyň halkynyň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna etdiler. 26Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpileserdi. Ol rubenleri, gatlary, gündogardaky manaşa tiresini ýesir edip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.
Copyright information for TukLat16