1 Chronicles 8
Benýaminiň nesilleri
1Benýaminiň bäş ogly bardy. Nowbahar ogly Bala, ikinjisi Aşbel, üçünjisi Ahara, 2dördünjisi Noha, bäşinjisi Rapady. 3Balanyň ogullary: Adar, Gera, Abyhut, 4Abyşuwa, Nagaman, Ahowa, 5Gera, Şefufan we Huram. 6– 7Ehudyň nesilleri Nagaman, Ahyýa we Gerady. Olar Geba halkynyň kowumbaşylarydy. Olar kowlup çykarylyp, Manahata ýesir edilip äkidildiler. Uza bilen Ahyhudyň kakasy Gera bulary göçüripdi. 8Şaharaýym öz aýallary Huşym bilen Bagarana talagyny bereninden soň, Mowap ýurdunda onuň birnäçe ogly boldy. 9Onuň aýaly Hodeşden bolan ogullary şulardyr: Ýobap, Sibýa, Meşa, Malkam, 10Ýegus, Sakýa we Mirma. Olar kowumbaşydylar. 11Şaharaýymyň Huşymdan Abytup hem-de Elpagal diýen ogullary boldy. 12Elpagalyň ogullary: Eber, Mişgam, Onony hem-de galalary bilen bile Lody guran Şemet, 13Beriga, Şema – bu ikisi Aýalonyň ilatynyň kowumbaşylarydylar; olar Gatyň ilatyny kowup çykardylar; 14Beriganyň ogullary şulardyr: Ahýo, Şaşak we Ýeremot, 15Zebadýa, Arat, Eder, 16Mikaýyl, Ýyşpa we Ýoha – bular Beriganyň ogullarydyr. 17Zebadýa, Meşullam, Hizki, Heber, 18Ýişmeraý, Ýizliýa we Ýobap – bular Elpagalyň ogullarydyr. 19Ýakym, Zikri, Zabdy, 20Eligenaý, Silletaý, Eliýel, 21Adaýa, Beraýa we Şimrat – bular Şimginiň ogullarydyr. 22Ýişpan, Eber, Eliýel, 23Abdon, Zikri, Hanan, 24Hananýa, Eýlam, Antotyýa, 25Ýipdeýa we Penuwal – bular Şaşagyň ogullarydyr. 26Şamşeraý, Şeharýa, Atalýa, 27Ýagareşýa, Eliýa we Zikri – bular Ýerohamyň ogullarydyr. 28Bular nesil daragtyna görä kowumbaşylardyr. Olar Iýerusalimde ýaşadylar.Şawul patyşanyň nesilleri
29Gibgony esaslandyran adam şol galada ýaşady; onuň aýalynyň ady Magakady. 30Abdon olaryň nowbahar ogludy, onsoň Sur, Kiş, Bagal, Ner, Nadap, 31Gedor, Ahýo, Zeker we Miklotdy. 32Miklot Şimganyň kakasydy. Olar hem öz garyndaşlarynyň ýanynda – Iýerusalimde ýaşadylar. 33Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal ▼▼Eşbagal – bu at 2Şam 2:8-de Yşboşet diýip duş gelýär.
doguldy. 34Ýonatandan Meribagal ▼▼Meribagal – bu at 2Şam 4:4-de Mepiboşet diýip duş gelýär.
, Meribagaldan Mika doguldy. 35Mikanyň ogullary: Piton, Melek, Taryýa we Ahaz. 36Ahazdan Ýehogada, Ýehogadadan Alemet, Azmawet, Zimri, Zimriden Mosa doguldy. 37Mosadan Binega, Binegadan Rapa, Rapadan Elgasa, Elgasadan Asel doguldy. 38Aseliň Azrykam, Bokeru, Ysmaýyl, Şegarýa, Abadýa we Hanan atly alty ogly bardy. Şularyň hemmesi Aseliň ogullarydyr. 39Onuň dogany Ýeşugyň ogullary: nowbahar ogly Ulam, ikinjisi Ýeguş, üçünjisi Elipelet. 40Ulamyň ogullary batyr ýigitler we ýaýçylardy; olaryň çagalarydyr agtyklary köpdi. Olaryň jemi bir ýüz ellidi. Şularyň hemmesi benýaminlerdir.
Copyright information for
TukLat16