1 Corinthians 1
1Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Sosfenden 2Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam! 3Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun! 4Hudaý Isa Mesih arkaly size merhemet eçildi. Men munuň üçin hemişe Hudaýyma şükürler edýärin. 5Çünki siz Isa Mesih arkaly ähli zada: dilewarlyga-da, bilim hazynasyna-da eýe bolduňyz. 6Bu bolsa meniň size Isa Mesih babatda aýdanlarymyň hakykatdygyny tassyklaýar. 7Şoňa görä-de, indi siziň, ýagny Isa Mesihiň gökden inmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýanlaryň ruhy peşgeşler babatda hiç bir ýetmezi ýokdur. 8Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde aýypsyz bolmagyňyz üçin, Onuň Özi sizi ahyra çenli berkider. 9Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.Imanlylar ýygnagyndaky bölünişikler
10Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun. 11Eý, doganlar! Hloýanyň öýündäki adamlar siziň araňyzda dawa-jenjelleriň bardygyny maňa habar berdiler. 12Men siziň diýýänleriňizi nazara alyp şeýle diýýärin, sebäbi biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Apollonyň şägirdi», başga biriňiz bolsa «men Petrusyň ▼▼Petrus – grekçe Kepas, bu Petrusyň beýleki ady.
şägirdi», ýene biriňiz «men Mesihiň şägirdi» diýýärmişiňiz. 13Eýsem Mesih bölünäýdimikä? Siziň üçin haça Pawlus çüýlendimi? Siz Pawlusyň yzyna eýerijiler hökmünde suwa çümdürildiňizmi? 14Hudaýa müň-de bir şükür, men Krispus bilen Gaýusdan başgaňyzy suwa çümdürmedim. 15Şonuň üçin-de, hiç kim meniň adym bilen suwa çümdürilendigini aýdyp bilmez. 16(Hawa, men Stepanasyň öý-içerisini hem suwa çümdüripdim. Ýene kimdir birini suwa çümdürip-çümdürmändigim ýadyma düşmeýär.) 17Mesih meni suwa çümdürmäge däl-de, Hoş Habary wagyz etmäge iberdi. Emma Isa Mesihiň haçdaky ölümi puja çykmaz ýaly, men bu habary ynsan danalygynyň sözleri bilen wagyz etmeli däl. Isa Mesih Hudaýyň danalygy we gudratydyr
18Heläkçilik ýolundan barýan adamlar üçin haç baradaky habar akmaklykdyr. Emma biz, ýagny gutulyş ýolundan barýanlar üçin bu habar Hudaýyň gudratydyr. 19 bÇünki Mukaddes Ýazgylarda: «Men danalary danalykdan mahrum ederin,akyllylary akyldan aýraryn» diýip ýazylgydyr.
20Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi? 21Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi. 22Ýahudylar gudratly alamatlary talap edýärler. Grekler paýhasy agtarýarlar. 23Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr. 24Emma çagyrylanlar üçin: ýahudy ýa ýahudy däl, parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr. 25Çünki Hudaýyň «akmaklygy» ynsan danalygyndan danadyr. Hudaýyň «ejizligi» hem ynsan güýjünden güýçlüdir! 26Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, ygtyýarly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi. 27Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady. 28Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady. 29Şoňa görä-de, goý, hiç kim Hudaýyň huzurynda öwünmesin! 30Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy. 31 cŞunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin».
Copyright information for
TukLat16