1 Corinthians 10
Ysraýyl taryhyndan duýduryşlar
1Eý, doganlar, men siziň şulardan habarly bolmagyňyzy isleýärin: biziň ata-babalarymyzyň bary buludyň penasynda gezdiler, olaryň bary deňizden geçdiler. 2Olaryň bary buluda we deňze çümdürilip, Musanyň şägirtleri boldular. 3Olaryň bary gökden inen şol bir iýmiti iýdiler. 4Olaryň bary Hudaý tarapyndan berlen şol bir suwdan içdiler. Çünki olaryň bary bir ruhy gözbaşdan, özlerine hemralyk eden Ruhy Gaýadan içdiler. Bu Gaýa Mesihiň hut Özüdi. 5Emma şonda-da olaryň köpüsi Hudaýy närazy etdiler. Şonuň üçin-de olaryň läşleri çölde serlip galdy. 6Biz hem ata-babalarymyz deý ýüreklerimizi ýamanlyga ýykgyn etmez ýaly, bularyň bary bize duýduryşdyr. 7 aOlaryň käbirleri ýaly butparaz bolmaň. Olar barada Töwratda şeýle ýazylgydyr: «Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup, oýnaşmaga başladylar». 8Olaryň käbirleri ýaly azgynçylyk etmäliň: bir günde olaryň ýigrimi üç müňüsi öldi. 9Olaryň käbirleri ýaly Mesihi synamalyň: olar ýylanlardan heläk boldular. 10Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi. 11Bularyň bary başgalara sapak bolsun diýip, ata-babalarymyzyň başyndan indi. Bu zamanyň ahyrky günlerinde ýaşaýanlara, ýagny bize duýduryş hökmünde ýazyldy. 12Şunlukda, siz berk durandyrys diýip pikir edýän-de bolsaňyz, günä etmez ýaly, ägä boluň! 13Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.Buthanalara barmaň!
14Şonuň üçin, eý, meniň ezizlerim, butparazlykdan gaça duruň. 15Men siziň bilen paýhasly adamlar hökmünde gürleşýärin. Size aýdýanlarymdan özüňiz netije çykaryň. 16Eýsem biz şükür edip, şükür käsesinden içenimizde, Mesihiň ganyna şärik bolmaýarysmy? Çöregi bölüp iýenimizde, Mesihiň bedenine şärik bolmaýarysmy? 17Çöregiň bir bolşy ýaly, biz köp bolsak-da, bir bedendiris. Çünki şol bir çöregi paýlaşýandyrys. 18 Ysraýyl halkyna serediň: gurbanlyk sypasynda berlen gurbanlykdan iýýän şol sypa şärik bolmaýarmy? 19Muny diýmek bilen, buta berlen gurbanlygyň ýa-da butuň özüniň haýsydyr bir ähmiýeti bar diýjek bolýarynmy? 20Elbetde, ýok! Men butparazlaryň berýän gurbanlygyny Hudaýa däl-de, arwah-jynlara berýändigini aýtjak bolýaryn. Men siziň jynlara şärik bolmagyňyzy islemeýärin. 21Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz. 22Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?Imanlylaryň azatlygy
23Siz: «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne hemme zat abatlaýan däldir. 24Her kes öz bähbidini däl-de, başgalaryň bähbidini arasyn. 25Et bazarynda satylýan her eti iýip bilersiňiz. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň. 26 bÇünki «Ýer we ondaky zatlar Rebbiňkidir». 27Eger iman etmedikleriň biri sizi nahara çagyrsa, siz-de gitmek isleseňiz, öňüňizde goýlan zatlary arkaýyn iýiberiň. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň. 28Emma kimdir biri size: «Bu butlara gurbanlyk berlen etdir» diýse, bu et barada duýduran adamyň we ynsabyň hatyrasyna ony iýmäň. ▼▼Käbir golýazmalarda Çünki Ýer we ondaky zatlar Rebbiňkidir diýen jümle hem bar.
29Men siziň ynsabyňyz däl-de, şol adamyň ynsaby barada aýdýaryn. Näme üçin başganyň ynsaby meniň erkinligime kazylyk edýär? 30Eger men nahar iýmezden öň Hudaýa şükür edip, nahara goşulýan bolsam, onda näme üçin şükür edýän naharym üçin ýazgarylýarkam? 31Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň. 32Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň. 33Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.
Copyright information for
TukLat16