‏ 1 Corinthians 11

1Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.

Edepli ybadat

2Meni elmydama ýatlaýandygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýandygyňyz üçin sizi öwýärin. 3Emma şuňa hem aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesihdir, aýalyň başy erkekdir, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr. 4Başyny örtüp, doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir. 5Başyny örtmän doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän aýal öz başyny biabraý edýändir. Ol başy syrylan aýal bilen des-deňdir. 6Hawa, eger aýal başyny örtmeýän bolsa, onda, goý, saçyny-da kesdirsin. Ýöne aýalyň saçyny kesmegi ýa-da syrdyrmagy biabraýçylykdyr. Şoňa görä, goý, ol başyny örtsün. 7Erkek başyny örtmeli däldir. Çünki ol Hudaýyň keşbidir, Onuň şöhratydyr. Aýal bolsa erkegiň şöhratydyr. 8Çünki ilkibaşdan erkek aýaldan däl-de, aýal erkekden ýaradylandyr; 9erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradylandyr. 10Eger aýal erkegiň şöhraty bolýan bolsa, onda ol perişdeleriň hatyrasyna başyny örtüp-örtmezligi, goý, özi çözsün. 11Ýöne her nähili bolsa-da, Rebbiň halkynyň arasynda aýal erkege, erkek-de aýala garaşlydyr. 12Çünki aýal erkekden ýaradylan bolsa-da, erkek aýaldan dogulýandyr. Hemmesini hem Hudaý ýaradandyr. 13Özüňiz pikir edip görüň: aýal başyny örtmän Hudaýa doga etse gelşiklimidir? 14Erkek saçyny ösdürse biabraýçylykdygyny tebigatyň özi size öwretmeýärmi näme? 15Aýal üçin bolsa uzyn saç abraýdyr. Uzyn saç oňa başörtgüsi hökmünde berlendir. 16Eger bu mesele babatda jedel etmekçi bolýan kişi bar bolsa, şuny diýýärin: biziň we Hudaýyň ýygnaklarynda aýallaryň baş örtmegi adatdyr.

Rebbiň saçagyny harlamaň!

(Matta 26:26-29; Mark 14:22-25; Luka 22:14-20)

17Indi bolsa şu görkezmeleri bermek bilen birlikde, özümiň makullamaýan zadym barada aýtmakçy: siziň ýygnanyşyklaryňyzyň peýdasyndan zyýany köpdür. 18Birinjiden, Hudaýyň ýygnagy hökmünde üýşeniňizde, araňyzda agzalalyklaryň bolýandygy baradaky gürrüňler meniň gulagyma degýär. Men muňa az-kem ynanman-da duramok. 19Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär. 20Siz bir ýere üýşeniňizde, Rebbiň saçagyna gatnaşýarsyňyz diýip hasap edýärsiňiz. Aslynda welin bu beýle däl. 21Sebäbi nahar iýeniňizde, getiren naharyňyzy başgalar bilen paýlaşman, özüňiz iýýärsiňiz. Şeýdip, biri aç galýar, başga biri bolsa eýýäm serhoş. 22Eýsem iýip-içmek üçin öz öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, garyplary kemsitmek isleýäňizmi? Men muňa näme diýeýin? Şeýle edýäniňiz üçin sizi taryplaýynmy? Elbetde, ýok! 23Çünki men Rebden alan taglymatymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüne haýynlyk edilen gijesi eline çörek alyp, 24şükür etdi. Soňra çöregi bölüp: «Bu siz üçin berilýän bedenimdir.
Käbir golýazmalarda Ony alyň, iýiň diýen sözler hem bar.
Muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.
25Şunuň ýaly, nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu şerap Meniň ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. Ondan her gezek içeniňizde, muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi. 26Şoňa görä-de, siz her gezek bu çöregi iýeniňizde, bu käseden içeniňizde, Reb dolanyp gelýänçä, Onuň ölümini yglan edýärsiňiz. 27Şunlukda, kimde-kim mynasyp bolmadyk tärde bu çörekden iýse ýa-da Rebbiň käsesinden içse, Onuň bedeni we gany babatda ýazykly bolar. 28Şonuň üçin-de, her kes diňe özüni synap görensoň, bu çörekden iýmeli, bu käseden içmeli. 29Kimde-kim Rebbiň bedenini äsgermän iýip-içse, öz-özüni Hudaýyň hökümine duçar edýändir. 30Ine, şu sebäpden araňyzda ejizler we syrkawlar köp, ölenleriňiz hem az däldir. 31Biz ilki özümizi synap gören bolsadyk, onda höküme uçramazdyk. 32Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär. 33Şunlukda, eý, doganlar, Rebbiň saçagy üçin üýşeniňizde, biri-biriňize garaşyň. 34Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.
Copyright information for TukLat16