‏ 1 Corinthians 12

Ruhy peşgeşler

1Indi bolsa, eý, doganlar, men siziň Ruhuň peşgeşleri babatda habarly bolmagyňyzy isleýärin. 2Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz. 3Şoňa görä-de, şuňa aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: Hudaýyň Ruhundan ylham alýan ynsan: «Isa Mesihe nälet bolsun!» diýmez. Mukaddes Ruh ynandyrmasa, ynsan: «Isa Rebdir!» diýip bilmez.

4 Mukaddes Ruhuň berýän peşgeşleri dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Ruhdandyr. 5Hyzmatlar dürli-dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Reb üçindir. 6Amallar dürli-dürlüdir, ýöne her kesde ähli zady edýän şol bir Hudaýdyr.

7Her kesde Mukaddes Ruhuň aýan bolmagy hemmeleriň bähbidi üçindir. 8Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär. 9Başga birine Mukaddes Ruh iman baýlygyny, ýene birine şypa berme peşgeşlerini berýär. 10Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär. 11Bularyň baryny ýeke-täk bir Mukaddes Ruh edýändir. Ol her kese Öz isleýşine görä berýändir.

12Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir. 13Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.

14Beden bir agzadan ybarat däldir. Onuň agzasy köpdür. 15Aýak: «Men el däl, men bu bedene degişli däl» diýeni bilen beden agzasy bolmagyny bes edýärmi näme? 16Gulak hem «Men göz däl, men bedene degişli däl» diýse-de, beden agzalygyna galýandyr. 17Eger bütin beden göz bolan bolsa, onda ol nädip eşiderdi? Eger bütin beden gulak bolan bolsa, onda ol nädip ys alardy? 18Emma Hudaý hemme agzalary bir bedende ýerleşdirip, olaryň hersini Öz halaýşyna görä goýdy. 19Eger agzalaryň bary haýsydyr bir agza bolan bolsa, onda beden nirede bolardy? 20Aslynda agzalar köp, beden bolsa birdir.

21Göz ele: «Sen maňa gerek däl!» diýip bilmeýär. Kelle hem aýaklara: «Siz maňa gerek däl!» diýip bilmeýär. 22Tersine, bedeniň ejiz saýylýan agzalary has gereklidir. 23Hormatsyzrak saýylýan agzalara welin aýratyn hormat goýýarys. Gelşiksiz saýylýan agzalarymyz barada aýratyn alada edýäris. 24Bedeniň gelşikli agzalary bolsa şeýle alada mätäç däldir. Hudaý beden agzalaryny birikdirende, onuň ähmiýetsiz saýylýan agzalaryna has köp ähmiýet berdi. 25Ol muny bedende hiç bölünişik bolman, agzalar biri-biri barada deň derejede alada etsinler diýip etdi. 26Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.

27Siziň ähliňiz Isa Mesihiň bedenisiňiz, her biriňiz bedeniniň bir agzasysyňyz. 28Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi. 29Eýsem hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler taglym öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir? 30Şypa berme peşgeşi hemmelerde barmy? Hemmeler nämälim dillerde gürleýärmi? Hemmeler bu dillerde aýdylanlary düşündirip bilýärmi? 31Ýöne siz has ulurak peşgeşleri almaga ymtylyň.

Indi bolsa size iň gowy ýoly salgy bereýin.
Copyright information for TukLat16