1 Corinthians 13
Söýgi
1Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn. 2Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin. 3Eger men tutuş emlägimi garyp-gasarlara paýlap-da, magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de ▼▼Magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de – bu jümle käbir golýazmalarda tenimi ýakmaga berip-de diýip duş gelýär.
, söýgim bolmasa, bularyň maňa hiç peýdasy ýokdur. 4Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar, 5biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar. 6Söýgi ýamanlyga şatlanmaýar, ol hakykata şatlanýandyr. 7Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr. 8Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez. 9Çünki biz häzir bölekleýin bilýäris, bölekleýin pygamberlik edýäris. 10Kämillik gelende, bölekleýin zatlar tamamlanar. 11Men çagakam, çaga ýaly gürleýärdim, çaga ýaly oýlanýardym, çaga ýaly pikir ýöredýärdim. Emma ulalyp kemala gelenimde, çagalyk ýörelgelerini taşladym. 12Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin. 13Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt we söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.
Copyright information for
TukLat16