‏ 1 Corinthians 14

Pygamberlik we nämälim diller barada

1Söýginiň ýörelgesine eýeriň. Ruhy peşgeşleri almaga, aýratyn-da pygamberlik etmäge ymtylyň. 2Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir. 3Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär. 4Nämälim dilde gürleýän öz-özüne öwüt berýändir, pygamberlik edýän bolsa ýygnaga öwüt berýändir. 5Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr. 6Eý, doganlar, men ýanyňyza baryp, nämälim dillerde gürlesem, ýöne aýanlyk, bilim, pygamberlik, ýa-da taglymat öwretmesem, meniň size peýdam degermi? 7Mysal hökmünde jansyz saz gurallaryny: tüýdügi ýa-da arfany alyp göreliň. Eger olar tapawutly äheňde çalynmasa, haýsy mukamyň çalynýandygyny nädip saýgarjak? 8Ýene-de bir mysal: eger surnaýyň çagyryş sesi aýdyň bolmasa, urşa taýynlanjak barmy? 9Siz babatda hem şeýledir. Eger-de siz dil arkaly aýdýanlaryňyz aýdyň bolmasa, size kim düşüner? Bu diňe howaýy gürrüň eden ýalydyr. 10Dünýäde örän köp diller bar. Olaryň her biriniň manysynyň bardygy gürrüňsizdir! 11Emma men kimdir biriniň aýdýanlaryna düşünmesem, men onuň üçin keseki ýurtludyryn. Ol hem meniň üçin keseki ýurtludyr. 12Şonuň üçin-de, ruhy zatlara şeýle ymtylýan bolsaňyz, ýygnagy berkidýän peşgeşleri almaga dyrjaşyň.

13Nämälim dillerde gürleýän adam ony manylandyryp bilmegi üçin-de doga-dileg etmelidir. 14Çünki men nämälim dilde doga-dileg edýän bolsam, muny diňe ruhum edýändir. Akylym muňa gatnaşýan däldir. 15Näme etmeli? Men ruhum bilen doga-dileg etsem, muny aňymda-da etjek. Men ruhum bilen nagma aýtsam, muny aňymda-da aýtjak. 16Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn. 17Belki, sen oňat şükür edýänsiň, ýöne başga biri bu arkaly öwüt alýan däldir. 18Hudaýa şükür, men nämälim dillerde hemmäňizden köp gürleýärin. 19Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwüt-ündew berer ýaly, düşnükli bäş söz aýdanymy gowy görýärin. Bu nämälim dillerde aýdylan müňlerçe sözden gowudyr. 20Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň. 21 aÇünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Men bu halka
ýat dillerde gürleýänler arkaly,
keseki halklaryň dili arkaly sözlärin.
Emma şonda-da olar Meni diňlemezler – diýýär Reb».

22Şunlukda, nämälim diller iman edenler üçin däl-de, iman etmedikler üçin alamatdyr. Pygamberlik bolsa iman etmedikler üçin däl-de, iman edenler üçin alamatdyr. 23Eger bütin ýygnak bir ýere ýygnanyp, heriňiz nämälim dilde gürläp durkaňyz, oňa düşünmeýän ýa-da iman etmedik adamlar munuň üstüne gelse, näme oýlarlar? Olar: «Siz akylyňyzdan azaşypsyňyz» diýmezmi? 24Emma iman etmedik ýa-da düşünmeýäniň biri pygamberlik aýdylyp durka gelse, ol hemmeler tarapyndan paş edilip, höküm edilýändigini eşider. 25Şonda onuň ýürek syrlary aýan bolar-da, ýüzin ýykylar. «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda eken!» diýip, Oňa sežde eder.

Tertipli ybadat

26Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn. 27Eger araňyzda nämälim dillerde gürleýän bar bolsa, goý, ikisi ýa-da üçüsi gezek-gezegine gürlesin; ýene biri manylandyrsyn. 28Emma manylandyryp bilýän bolmasa, onda nämälim dilde gürleýän dymsyn. Goý, ol özüne we Hudaýa gürrüň bersin. 29Pygamberleriň bolsa ikisi ýa-da üçüsi gürlesin. Beýlekiler bolsa olaryň aýdanlaryny saldarlap görsünler. 30Emma diňläp oturanlardan birine Hudaýdan aýanlyk gelse, onda gürläp duran dymsyn. 31Çünki hemmeler öwüt alar ýaly, hemmeler ruhlanar ýaly, baryňyz gezek-gezegine pygamberlik edip bilersiňiz. 32Pygamberlik sözlerini alan adam olary haçan aýtmalydygyny özi kesgitlemelidir. 33Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr.

Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly,
34aýallar ýygnakda gürlemesin. Olara gürlemäge rugsat berilýän däldir. Töwratda aýdylyşy ýaly, olar tabyn bolmalydyr. 35Eger olar haýsydyr bir zat barada bilmekçi bolsalar, goý, öýde ärlerinden sorasynlar. Aýala ýygnakda gürlemek aýyp ahyryn.

36Hudaýyň sözi sizden çykandyr öýdýärsiňizmi? Ýa-da ol diňe size baryp ýetdimi? 37Eger kimdir biri özüni pygamber ýa-da Mukaddes Ruhdan dolan diýip saýýan bolsa, şuňa düşünmelidir: meniň ýazýanlarym Hudaýyň buýrugydyr. 38Emma ol muny äsgermese, goý, onuň özi-de äsgerilmesin. 39Şunlukda, eý, doganlar, pygamberlik etmäge jan-tenden yhlas ediň, ýöne nämälim dillerde gürlemegi-de gadagan etmäň. 40Emma hemme zat mynasyp tärde we tertip bilen bolsun.
Copyright information for TukLat16