‏ 1 Corinthians 15

Direliş baradaky Hoş Habar

1Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz. 2Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar. 3Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi. 4Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi. 5Onsoň Isa Mesih Petrusa
Petrus – grekçe Kepas, bu Petrusyň beýleki ady.
, soň Onkilere göründi.
6Mundan soň Ol şol bir wagtyň özünde bäş ýüzden-de gowrak dogana göründi. Bu doganlaryň käbiri eýýäm aradan çykdy, ýöne aglaba bölegi häzir hem diri. 7Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi. 8Iň soňunda bolsa maňa, ýagny şeýle derejä asla mynasyp bolmadyga göründi. 9Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim. 10Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi. 11Şunlukda, isle men bolaýyn, isle-de beýleki resullar bolsun – tapawudy ýok: biz bu Hoş Habary wagyz edýäris, siz-de oňa ynandyňyz.

Merhumlaryň direlmegi

12Biz Mesih direldi diýip wagyz edýäris. Onda siziň araňyzdan käbirleri nädip merhumlar direlmez diýip bilýär? 13Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Mesih hem direlen däldir. 14Eger Mesih direlmedik bolsa, onda biziň wagzymyz-da, siziň imanyňyz-da biderekdir. 15Munuň üstesine-de, biziň Hudaý barada ýalan şaýatlyk etdigimiz bolýar. Sebäbi biz Hudaý Isa Mesihi direltdi diýip şaýatlyk edýäris ahyryn. Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Hudaý Isa Mesihi-de direlden däldir. 16Hawa, merhumlar direlmeýän bolsa, onda Isa Mesih-de direlen däldir. 17Eger Isa Mesih direlmedik bolsa, onda siziň iman getirmegiňiz hem puçdur: siz öňkiňiz ýaly günäleriňiziň içindesiňiz. 18Diýmek, Isa Mesihde imanly bolup aradan çykanlar hem heläk bolandyr. 19Eger biz diňe bu durmuşda Isa Mesihe umyt baglaýan bolsak, ähli ynsanlaryň iň betbagtydyrys.

20Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär. 21Çünki ölümiň bu dünýä adam arkaly gelşi ýaly, ölümden direliş-de adam arkaly gelýändir. 22Adam atanyň nesilleriniň ählisi ölýär. Şunuň ýaly, Isa Mesihe degişli bolanlaryň-da ählisi ýaşaýşa gowşar. 23Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler. 24Isa Mesih ähli agalyklary, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok edip, Şalygy Ata Hudaýa tabşyranda bolsa dünýäniň soňy bolar. 25Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir. 26Ýok edilmeli duşmanlaryň iň soňkusy hem ölümdir. 27 bÇünki Hudaý «ähli zady Onuň aýagynyň astynda goýdy». Hawa, Hudaý ähli zady Mesihiň aýak astynda goýdy. Ýöne «ähli zady» diýlende, munuň Hudaýa degişli däldigi mese-mälimdir. 28Hudaý ähli zady Ogluna tabyn edenden soň, Ogul hem Özüni ähli zady Onuň aýak astyna goýan Hudaýa tabyn eder. Bu Hudaýyň ähli zatda doly höküm sürmegi üçindir. 29Eger direliş ýok bolsa, merhumlara derek suwa çümdürilenler näme ederkä? Eger merhumlar hiç haçan direlmejek bolsa, adamlar näme üçin olara derek suwa çümdürilýärkä? 30Biz hem näme üçin özümizi sagatsaýyn howp astyna salýarkak? 31Rebbimiz Isa Mesihiň huzurynda size bolan buýsanjymdan ant içýärin: men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn. 32 cEger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!» 33Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr. 34Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn.

Direlen ten

35Ýöne kimdir biriniň: «Merhumlar nädip direler? Olar gaýdyp gelenlerinde bedenleri nähili bolarka?» diýip soramagy mümkin. 36Nähili nadanlyk! Seniň eken tohumyň ölmese, ýaşaýşa gowuşmaz. 37Sen ekeniňde gögerjek ösümligi tutuşlygyna ekmeýärsiň. Sen ýöne tohum, mysal üçin bugdaý ýa-da başga bir ösümligiň tohumyny ekýärsiň. 38Hudaý bolsa bu tohuma Öz bellän görnüşini berýär. Her tohumyň-da öz görnüşi bolýandyr. 39Bedenleriň hemmesi birmeňzeş däldir. Ynsanyň öz bedeni, haýwanlaryň öz bedeni, guşlaryň öz bedeni, balyklaryň-da öz bedeni bolýar. 40Şeýle-de, göklere ýa ýere degişli zatlar-da bardyr. Göklere degişli zatlaryň öz görki, ýere degişli zatlaryň-da öz görki bardyr. 41Günüň öz görki, aýyň öz görki bardyr, ýyldyzlaryň-da öz görki bardyr. Bir ýyldyzyň görki beýleki ýyldyzyňkydan tapawutlydyr. 42Merhumlaryň direlişi-de şuňa meňzeýändir. Çüýreýän beden jaýlanyp, çüýremejek beden direlýär. 43Abraýsyzlykda jaýlanyp, şan-şöhratda direlýär. Ejizlikde jaýlanyp, güýç-kuwwatda direlýär. 44Pany bedende jaýlanyp, baky bedende direlýär. Pany beden bar bolsa, baky beden hem bolýandyr. 45 dÇünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ilkinji adam – Adam ata janly barlyk boldy». Soňky Adam bolsa ýaşaýyş berýän Ruh boldy. 46Baky beden pany bedenden öň bolup bilmeýär. Tersine, ilki pany beden bolýar, soňra bolsa baky beden bolýar. 47Ilkinji ynsan ýeriň topragyndandy, ikinji Ynsan bolsa
Ikinji Ynsan bolsa – käbir golýazmalarda ikinji Ynsan, Rebbimiz Isa bolsa.
Göklerdendi.
48Toprakdan ýaradylan ilkinji ynsan nähili bolsa, ýerdäki ynsanlar hem şeýledir. Göklerden inen Ynsan nähili bolsa, göklere degişli ynsanlar hem şeýledir. 49Biz toprakdan ýaradylan ynsana nähili meňzän bolsak, göklerden Bolana hem şeýle meňzäris. 50Şoňa görä-de, eý, doganlar, men size aýtmakçy: et bilen gandan bolan ýerdäki ynsan Hudaýyň Şalygyny miras alyp bilýän däldir. Çüýreýän beden çüýremeýän bedene şärik bolup bilýän däldir. 51Gulak goýuň, size bir syry aýan edeýin: biz ölmeris, ýöne hemmämiz özgerdileris. 52Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris. 53Çünki çüýreýän beden çüýremezlik donuna, ölýän ten ölmezlik donuna beslenmelidir. 54 fŞunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar. 55 g«Eý, ölüm, hany seniň ýeňşiň
Ýeňşiň – käbir golýazmalarda zäherli neşderiň.
? Eý, ölüm, hany seniň zäherli neşderiň
Zäherli neşderiň – käbir golýazmalarda ýeňşiň.
56Günä – bu ölümiň zäherli neşderidir. Kanun bolsa günäniň güýç-kuwwatydyr. 57Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi. 58Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.
Copyright information for TukLat16