1 Corinthians 16
Imanlylar üçin pul kömegini ýygnamak baradaky öwütler
1Indi bolsa Hudaýyň ýygnaklaryna maddy pul kömegini bermek barada aýtmakçy. Galatýadaky ýygnaklara tabşyranlarymy siz hem berjaý ediň. 2Men ýanyňyza baranymda ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, heriňiz her hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä belli mukdarda pul süýşürip, ýanynda saklasyn. 3Baranymda bolsa, siziň kömegiňizi Iýerusalime aşyrjak adamlary özüňiz saýlarsyňyz. Men olary iberenimde, tanatma hatlaryny hem ýanlaryna goşaryn. 4Eger Iýerusalime meniň gitmegim makul bilinse, olar maňa ýoldaş bolarlar.Pawlusyň arzuw-islegleri
5Men ýanyňyza Makedoniýada bolanymdan soň bararyn. Sebäbi men Makedoniýanyň üsti bilen geçmekçi. 6Belki, men ýanyňyzda biraz galaryn, hatda gyşy şol ýerde geçirmegim-de ahmal. Soňra siz meni gitjek ýerime ugradyp bilersiňiz. 7Häzir bolsa sizi ýöne ýol ugruna görüp geçesim gelenok. Gaýtam, Hudaý ýol berse, ýanyňyzda köpräk bolmagy umyt edýärin. 8Men Ellinji gün baýramyna çenli Efes şäherinde galaryn, 9sebäbi maňa köp adamlaryň garşy çykýandygyna garamazdan, bu ýerde uly we netijeli işler üçin uly mümkinçilikler döredi. 10Eger ýanyňyza Timoteos barsa, onuň araňyzda hiç zatdan gorkman gezip bileri ýaly alada ediň. Ol hem men ýaly Rebbiň işini edýär. 11Şoňa görä-de, hiç kim Timoteosa äsgermezçilik etmesin. Ol meniň ýanyma dolanar ýaly, ony sag-aman ýola salyň. Men Timoteosyň doganlar bilen gaýdyp gelmegine garaşýaryn. 12Indi bolsa doganymyz Apollo barada: men oňa doganlar bilen bilelikde siziň ýanyňyza gitmegi üçin köp ýalbardym. Ýöne onuň edil şu pursat gitmäge meýli ýok. Ol ýanyňyza amatly wagt tapanda barar.Soňky öwütler we salamlar
13Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň. 14Ähli zady söýgi bilen ediň. 15Eý, doganlar, siz Stepanasyň öý-içersini tanaýarsyňyz. Olaryň Ahaýada ilkinjileriň hatarynda Isa Mesihe iman edendiklerini, Hudaýyň halkyna jan-tenden hyzmat edýändiklerini hem bilýänsiňiz. Şoňa görä-de, sizden şuny haýyş etmekçi: 16siz hem şeýle adamlara, olar bilen işläp zähmet çekýänleriň her birine gulak asyň. 17Men Stepanas, Fortunat we Ahaýyk dagy gelende, örän begendim. Olar siziň ýoklugyňyzy bildirmeýärler. 18Olar siziň köňlüňize aram berişleri ýaly, meniň köňlüme-de aram berýärler. Şeýle adamlaryň gadyryny biliň. 19Aziýa welaýatyndaky ýygnaklar size dogaýy salam iberýärler. Akila, Priskilla we olaryň öýündäki ýygnak hem size Rebde dogaýy salam iberýärler. 20Doganlaryň ählisi hem size dogaýy salam iberýärler. Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. 21Men – Pawlusdan size salam bolsun. Men muny öz elim bilen ýazdym. 22Kimde-kim Rebbi söýmeýän bolsa, goý, oňa nälet bolsun. Ýa Rebbimiz, gelsene! 23Goý, Rebbimiz Isanyň merhemeti size ýar bolsun! 24Men siziň baryňyzy Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýärin! Omyn.
Copyright information for
TukLat16