bZeb 93:11.

‏ 1 Corinthians 3

1Eý, doganlar, men siziň bilen Mukaddes Ruhdan dolan ynsanlar hökmünde gürleşip bilmedim. Men size bu dünýäniň ynsanlaryna, Mesihe ýaňy-ýakynda iman eden ynsanlara gürrüň beren ýaly gürrüň berdim. 2Size gaty-guty bermedim, süýt berdim. Sebäbi siz gaty-gutyny iýmäge heniz taýyn däldiňiz. Şindi hem taýyn dälsiňiz. 3Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme? 4Biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», başgaňyz «men Apollonyň şägirdi» diýýärsiňiz. Eýsem şeýle diýmek bilen, dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi? 5Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik. 6Men tohum ekdim, Apollo suwardy. Emma ösdüren Hudaýdyr. 7Şunlukda, eken-de, suwaran-da hiçdir. Diňe ösdürýän Hudaý ähmiýetlidir. 8Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar. 9Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz. 10Men Hudaýyň özüme beren merhemeti arkaly ussat binagär kimin ymaratyň binýadyny tutdum. Başga biri bolsa binany gurýar. Ýöne her kes öz gurýany babatda ünsli bolmalydyr. 11Hiç kim eýýäm tutulan binýatdan, ýagny Isa Mesihden başga bir binýady tutup bilmez. 12Bu binýadyň üstünde bolsa kimiň altyndan, kümüşden, gymmatbaha daşlardan, agaçdan, çöp-çalamdan ýa-da samandan 13gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar. 14Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar. 15Guran binasy otda köýse, ol ýitgi çeker. Ýöne altyn-kümşüň otda arassalanyşy ýaly saplanyp, halas bolar. 16Eýsem siz özüňiziň Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, araňyzda Hudaýyň Ruhunyň ýaşaýandygyny bilmeýärsiňizmi? 17Hudaýyň ybadathanasyny weýran edeni Hudaý weýran eder. Çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir, şol ybadathana – sizsiňiz. 18Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar. 19 aÇünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr. 20 b«Reb danalaryň pikirleriniň panydygyny bilýär». 21Şunlukda, kimdir birine degişlidigiňiz babatda öwünmäň! Çünki hemme zat siziňkidir: 22Pawlus-da, Apollo-da, Petrus-da
Petrus – grekçe Kepas, bu Petrusyň beýleki ady.
, dünýä-de, ýaşaýyş-da, ölüm-de, şu wagt we gelejek-de – hemme zat siziňkidir.
23Siz Mesihiňkisiňiz, Mesih bolsa Hudaýyňkydyr.
Copyright information for TukLat16