1 Corinthians 5
Azgynlyga ýol bermäň!
1Siziň araňyzdaky azgynçylyk barada gürrüň ýaýrady. Bular ýaly azgynlygy hatda butparazlar-da edýän däldir! Siziň biriňiz öz öweý enesi bilen ýatyp-turýarmyşyn. 2Siz bolsa öz-özüňize buýsanýarsyňyz! Eýsem siz muňa derek ýas tutup, şeýle iş edýäni araňyzdan aýyrmaly dälmi? 3– 4Men ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siziň bilendirin. Men edil ýanyňyzda bolan ýaly, şeýle iş edeniň üstünden Rebbimiz Isanyň adyndan eýýäm öz hökümimi çykardym. Siz bile ýygnananyňyzda men hem ruhda siziň bilen bolaryn. Şonda Isa Mesihiň güýji arkaly 5şeýle iş eden adamy şeýtana tabşyryň. Şonda onuň günäli tebigaty weýran bolup, Rebbiň geljek gününde ruhy halas bolup biler. 6Siziň buýsanmagyňyz ýerlikli däldir. Eýsem siz ujypsyzja hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýandygyny bilmeýärsiňizmi? 7Petirlik hamyr bolup bileriňiz ýaly, köne hamyrmaýany aýryp taşlaň. Aslynda şol petirlik hamyr sizsiňiz! Çünki biziň Pesah janlymyz – Isa Mesih eýýäm gurban edilendir. 8Şoňa görä, baýramy köne hamyrmaýa: gahar-gazap we pislik bilen bellemäliň. Tersine, ony petir hamyry: päk ýüreklilik we hakykat bilen belläliň. 9Men size azgyn adamlar bilen gatnaşmaň diýip öň ýazypdym. 10Ýöne men şeýle ýazanymda bu dünýäniň adamlaryny: azgynlary ýa-da betnebisleri, kezzaplary ýa-da butparazlary göz öňüne tutmandym. Beýle bolsa, siz bu dünýäni bireýýäm terk etmeli bolardyňyz. 11Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň. 12– 13 aEýsem biz ýygnaga degişli bolmadyklaryň üstünden höküm çykarmalymy näme? Olaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Biz diňe ýygnaga degişli bolanlaryň üstünden höküm çykarmaly. «Siz öz araňyzdan pislik edýäni aýryp taşlaň».
Copyright information for
TukLat16