‏ 1 Corinthians 7

Nika barada

1Indi bolsa siziň maňa: «Erkegiň aýala ýanaşmazlygy ýagşydyr» diýip ýazanlaryňyz barada aýtmakçy. 2Azgynlyga ýol bermezlik üçin, goý, her erkek öz aýaly, her aýal-da öz äri bilen ýaşasyn. 3Är öz aýaly babatda, aýaly-da öz äri babatda är-aýallyk borçlaryny berjaý etmelidirler. 4Aýalyň bedeni özüniň däl-de, äriniň ygtyýaryndadyr. Äri babatda hem şeýledir: äriniň bedeni özüniň däl-de, aýalynyň ygtyýaryndadyr. 5Diňe Hudaýa doga edýän wagtyňyz
Hudaýa doga edýän wagtyňyz – käbir golýazmalarda doga-dileg we agyz bekleme wagtyňyz.
bolaýmasa, başga wagt biri-biriňizi är-aýallyk hukugyndan mahrum etmäň. Bu hem özara ylalaşyga görä diňe wagtlaýyn bolsun. Soňra gaýtadan birigiň. Ýogsa özüňize erk edip bilmeýänligiňizden peýdalanyp, şeýtan sizi azdyraýmasyn.
6Men bulary buýruk däl-de, maslahat hökmünde aýdýaryn. 7Elbetde, her kimiň men ýaly bolmagyny isleýärin. Ýöne her kimiň Hudaýdan alan öz peşgeşi bardyr: biriniň peşgeşi beýledir, başganyň peşgeşi eýledir. 8Emma dul galan erkeklere we aýallara şeýle diýýärin: olara men ýaly öýlenmezlik ýagşydyr. 9Emma özlerine erk edip bilmeýän bolsalar, onda öýlensinler. Çünki yşk heserine ýanandan, öýlenmek ýagşydyr. 10Nikadakylara bolsa men däl-de, Reb buýurýandyr: aýal öz ärinden aýrylmasyn. 11Eger aýrylan bolsa, başga äre barmasyn ýa-da öz äri bilen ýaraşsyn. Är-de öz aýalyndan aýrylmasyn. 12Beýlekilere bolsa Reb däl-de, men diýýärin: eger haýsydyr bir doganyň iman etmedik aýaly bar bolsa, ol aýal hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, onda bu dogan öz aýaly bilen aýrylyşmasyn. 13Eger aýalyň iman etmedik äri bar bolsa, äri-de onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, bu aýal äri bilen aýrylyşmasyn. 14Çünki iman etmedik är öz aýaly arkaly Hudaýa degişli bolýandyr. Iman etmedik aýal-da öz iman edýän äri arkaly Hudaýa degişlidir, ýogsa siziň çagalaryňyz Hudaýyň halkyna degişli bolmazdylar. Indi welin olar degişlidir. 15 16Hudaý bizi bilelikde parahat ýaşamaga çagyrandyr. Eý, aýal, belki, äriň sen arkaly halas ediler. Eý, är, belki, aýalyň sen arkaly halas ediler. Emma iman etmedik ýanýoldaş aýrylyşjak bolsa, goý, aýrylyşsyn. Imanly är ýa-da aýal şeýle ýagdaýlarda borçly däldir.

17Ýöne her nähili bolsa-da, her kes Rebbiň oňa belleýşi ýaly, Hudaý ony haýsy halda çagyran bolsa, şoňa görä-de ýaşasyn. Men muny hemme ýygnaklara buýurýaryn. 18Eger kimdir biri sünnetlikä çagyrylan bolsa, goý, sünnetliligini sünnetsizlige öwürjek bolup azara galmasyn. Eger kimdir biri sünnetsizkä çagyrylan bolsa, sünnetlenjek bolmasyn. 19Sünnetlilik-de, sünnetsizlik-de hiçdir. Iň esasy zat Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmekdir. 20Kim haýsy halda çagyrylan bolsa, şonda-da galsyn. 21Sen gul wagtyň çagyryldyňmy? Goý, bu seni biynjalyk etmesin. Ýöne azat bolup bilýän bolsaň, pursady elden giderme. 22Çünki gul wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Onuň azat bendesidir. Şonuň ýaly, azat wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Mesihiň guludyr. 23Siz uly baha satyn alyndyňyz. Adamlaryň guly bolmaň! 24Eý, doganlar, her kes Hudaý tarapyndan nähili halda çagyrylan bolsa, goý, şol halda-da galsyn.

Adaglanma, öýlenme we öýlenmezlik barada

25Öýlenmedik ýaşlar babatda Rebden alan buýrugym ýok. Ýöne Rebbiň merhemeti arkaly ynamdar kişi hökmünde maslahat berýärin. 26Şu muşakgatly döwürde her kesiň öňki halynda galany ýagşydyr. 27Eger eýýäm öýlenen bolsaň, nikaňy bozma. Heniz öýlenmedik bolsaň, onda gelinlik gözleme. 28Ýöne öýlenseň-de, bu günä däldir. Boý gyz hem durmuşa çyksa günä däldir. Emma durmuş guranlar bu durmuşda köp kynçylyklara duçar bolarlar. Men sizi şolardan goramak isleýärin. 29Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun. 30Aglaýanlar aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar şatlanmaýanlar ýaly, emläk edinýänler edil emlägi bolmadyklar ýaly ýaşasyn. 31Bu dünýäniň işlerine meşgul kişiler-de öz wagtyny olara sowurmasyn. Çünki bu dünýä soňlanyp barýandyr. 32Men siziň hysyrdyly aladalardan azat bolmagyňyzy isleýärin. Öýlenmedik kişi Rebbiň göwnünden turjak bolup, Rebbiň işlerini alada edýändir. 33Emma öýlenen kişi öz aýalynyň göwnünden turjak bolup, bu dünýäniň işlerini alada edýändir. 34Şeýdip, onuň kalby ikä bölünendir. Ärsiz aýal ýa-da durmuşa çykmadyk gyz Rebbiň işleriniň aladasyny edip, özüni jan-tenden Rebbe bagyş edendir. Emma ärli aýal öz äriniň göwnünden turjak bolup, bu dünýäniň işlerini alada edýändir. 35Men bulary sizi çäklendirmek üçin aýtmaýaryn. Tersine, tutuş kalbyňyzy Rebbe bagyş edip, dogry ýaşaryňyz ýaly, siziň peýdaňyza aýdýaryn. 36Eger ýigit heser oduna çydaman, öz adaglanan gyzyna bolmalysy ýaly garamasa we öýlenmek kararyna gelse, goý, öýlenibersin, bu günä däldir. 37Emma ol öýlenmezligi ýüregine düwen bolsa, bu babatda mätäçligi bolman, özüne erk etmegi başaryp, berk karara gelen bolsa, onda ol gowy edýär. 38Şunlukda, adaglysyna öýlenýän gowy edýändir. Öýlenmeýän bolsa ondan-da gowy edýändir. 39Aýal äri ölýänçä, oňa baglydyr. Äri ölse, öz islänine barmaga ygtyýarlydyr. Ýöne onuň barjagy Rebbe iman edýän bolmalydyr. 40Ol dul aýal dullugyna galsa, has-da bagtyýardyr. Bu meniň pikirim. Men bolsa özümde Hudaýyň Ruhy bar diýip hasaplaýaryn.
Copyright information for TukLat16