‏ 1 John 1

Ýaşaýyş Sözi

1Biz size owal-başdan bar bolan Ýaşaýyş Sözi hakda habar berýäris. Gulagymyz bilen eşidip, elimiz bilen tutup, gözümiz bilen görenlerimizi yglan edýäris. 2Bu Ýaşaýyş aýan boldy, biz Ony gördük. Atamyz Hudaý bilen bolan bu baky Ýaşaýyş bize äşgär boldy. Indi biz Ol barada şaýatlyk edip, Ony size yglan edýäris. 3Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. 4Şatlygymyz
Şatlygymyz – käbir golýazmalarda şatlygyňyz.
dolup-daşsyn diýip, bulary size ýazýarys.

Nurdaky ýaşaýyş

5Biziň Isa Mesihden eşidip, size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç tümlük ýokdur. 6Biz Onuň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşaýandygymyzy aýdyp-da, tümlükde gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris. 7Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir. 8Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur. 9Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär. 10Günä etmedik diýsek, Hudaýy ýalançy edýändiris, kalbymyzda Onuň sözleri ýokdur.
Copyright information for TukLat16