‏ 1 John 2

1Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr. 2Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady. 3Eger Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän bolsak, onda Ony tanaýandygymyzy mälim edýäris. 4«Hudaýy tanaýaryn» diýibem, Onuň buýruklaryny berjaý etmeýän adam ýalançydyr, onda hakykat ýokdur. 5Emma Hudaýyň sözüni berjaý edýän adamda Onuň söýgüsi hakykatdanam kämildir. Ine, biz Hudaý bilen ýaşaýandygymyzy şeýdip bilýäris. 6«Men Hudaýa sygynyp ýaşaýaryn» diýýän adam Isa Mesihiň ýaşaýşy ýaly ýaşamalydyr.

7Mähribanlarym, men size täze buýruk däl-de, ilkibaşdan berlen köne buýrugy ýazýaryn. Bu köne buýruk siziň öňki eşiden sözüňizdir. 8Emma meniň size ýazýan bu buýrugyma täze diýseň hem bolar, sebäbi bu buýrugyň hakykaty Mesihde we sizde aýan bolýar. Çünki tümlük ötüp barýar, hakyky nur bolsa eýýäm parlaýandyr. 9Özüniň nurda ýaşaýandygyny aýdyp-da, doganyny ýigrenýän adam henizem tümlükdedir. 10Doganyny söýýän adam nurda ýaşaýandyr, onda büdremäge sebäp bolup bilmez. 11Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol tümlükdedir. Ol tümlükde gezip, nirä barýanyny bilýän däldir, sebäbi tümlük onuň gözlerini kör edendir.

12Eý, balalar, size ýazýaryn: Mesihiň hatyrasyna günäleriňiz bagyşlandy. 13Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz.

Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz şeýtany ýeňdiňiz.

14Eý, balalar, size ýazýaryn: siz Atamyz Hudaýy tanaýarsyňyz. Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz.

Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz güýçlüsiňiz, Hudaýyň sözi kalbyňyza ornandyr. Siz şeýtany ýeňdiňiz.

15Dünýä we ondaky zatlara köňül bermäň. Dünýäni söýýän adamda Atanyň söýgüsi ýokdur. 16Sebäbi dünýädäki ähli zatlar: günäli höwesler, açgözlük we baýlyk bilen magtanmak Atadan däldir, dünýädendir. 17Dünýä we onuň höwesleri geçer gider, emma Hudaýyň yradasyny berjaý edýän adam baky ýaşar.

Mesihe garşy taglymat barada duýduryş

18Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris. 19Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi. 20Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz
Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz – bu jümle käbir golýazmalarda siz hemme zady bilýänsiňiz diýip duş gelýär.
, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.
21Men size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de, eýsem, ony hut bilýändigiňiz üçin ýazýaryn, sebäbi hiç bir ýalanyň hakykat bilen umumylygy ýokdur. 22Onda ýalançy kim? Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançydyr. Ol Mesihiň duşmanydyr! Ol Atany-da, Ogly-da inkär edýär. 23Ogly inkär edýän adamda Ata ýokdur. Emma Ogly ykrar edýän adamda welin Ata bardyr.

24Goý, siziň ilkibaşdan eşiden sözüňiz kalbyňyzda ornasyn. Şonda siz Ogul bilenem, Ata bilenem ýaşarsyňyz. 25Çünki Mesih bize baky ýaşaýşy wada berdi. 26Bu zatlary sizi azdyrjak bolýan adamlardan habardar bolmagyňyz üçin ýazdym.

27Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz. 28Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň. 29Siz Mesihiň adyldygyny bilýänsiňiz, şonuň üçin adalaty berjaý edýän her bir ynsan Hudaýyň perzendidir.
Copyright information for TukLat16