1 John 5
1Isanyň Mesihdigine ynanýan her bir adam Hudaýyň perzendidir. Atany söýýän adam Onuň perzendini-de söýýändir. 2Biz Hudaýyň perzentlerini söýýändigimizi nädip bilýäris? Hudaýy söýüp, Onuň buýruklaryny berjaý edýänligimizden bilýäris. 3Hudaýy söýmek Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir. Onuň buýruklary bolsa agyr däldir. 4Çünki Hudaýyň her bir perzendi dünýäni ýeňmegi başarýandyr. Biz dünýäniň üstünden bu ýeňşi imanymyz arkaly gazanýarys. 5Eýsem dünýäni kim ýeňip biler? Elbetde, Isanyň Hudaýyň Ogludygyna iman edýän adam ýeňip biler! 6 Isa Mesih gelende, suwa çümdürildi. Ol biziň üçin ganyny dökdi. Ol diňe suwa çümdüriliş arkaly däl, eýsem döken gany arkaly hem Özüni aýan etdi. Mukaddes Ruh muňa şaýatdyr we Onuň şaýatlygy hakykatdyr. 7Şeýlelikde, üç şaýatlyk bar: 8Ruh, suw we gan. Bularyň üçüsiniň hem şaýatlygy birdir. ▼▼Käbir golýazmalarda 7‑nji we 8‑nji aýatlar şeýle görnüşde gelýär: 7 Şeýle, Gökde güwälik berýän üçdür: Ata, Söz we Mukaddes Ruh. Bularyň üçüsi hem birdir. 8 Ýerde güwälik berýän üçdür: Ruh, suw we gan. Bularyň üçüsi hem birdir.
9Biz ynsanlaryň şaýatlygyny kabul edýäris, emma Hudaýyň şaýatlygy has-da möhümdir. Sebäbi Hudaý hem Öz Ogly hakynda şaýatlyk etdi. 10Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň şaýatlygy bardyr. Kim Hudaýyň Öz Ogly baradaky şaýatlygyna ynanmaýan bolsa, ol Hudaýy ýalançy çykaryp, Oňa iman edýän däldir. 11Hudaýyň şaýatlygy, ine, şundan ybarat: Hudaý bize baky ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýşy Öz Ogly arkaly berdi. 12Kim Hudaýyň Ogluna iman edýän bolsa, onda ýaşaýyş bardyr, kim iman etmeýän bolsa, onda ýaşaýyş ýokdur. Baky ýaşaýyş
13Men muny size, Hudaýyň Ogluna iman edenlere ýazdym. Şeýlelikde, şuny bilip goýuň: Hudaýyň Ogluna iman eden sizde baky ýaşaýyş bardyr. 14Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris. 15Onuň ähli dileglerimizi eşidýändigini bilýän bolsak, Ondan dilän zadymyzy aljakdygymyzy-da bilýändiris. 16Eger biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, goý, onuň üçin Hudaýa ýalbarsyn. Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän günä-de bardyr. Beýle günä edýän adam üçin Hudaýa ýalbaryň diýmeýärin. 17Her ýamanlyk günädir, ýöne ölüme eltmeýän günä hem bardyr. 18Biz Hudaýyň perzentleriniň günä etmeýändigini bilýäris. Hudaýyň Ogly olary goraýandyr ▼▼Hudaýyň Ogly olary goraýandyr – bu jümle käbir golýazmalarda Hudaýyň perzendi özüni saklaýandyr diýip duş gelýär.
, şeýtan olara el gatmaz. 19Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris. 20Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr. 21Eziz balalarym, özüňizi butlardan goraň! ▼▼Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.
Copyright information for
TukLat16