1 Kings 12:21-24
Şemagýa pygamberlik edýär
(2 Ýyl ýazgylary 11:1-4)
21Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Süleýmanyň ogly Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama urşujylar toplady. 22Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Hudaýyň şu sözi aýan boldy: 23«Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerine hem-de galan halka 24Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyz bolan ysraýyl halkynyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň aýdyşy ýaly öýlerine gitdiler.
Copyright information for
TukLat16