‏ 1 Kings 2

Dawudyň Süleýmana wesýeti

1 Dawut ölmeziniň öň ýanynda ogly Süleýmany ýanyna çagyryp, oňa şeýle wesýet etdi: 2«Her kes kimin men-de dünýäden ötmeli pursadym golaý geldi. Sen tutanýerli bol, mert bol. 3Öz Hudaýyň Reb näme buýursa, ony ýerine ýetir; Rebbiň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de öwüt-ündewlerini Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar. 4Onsoň Reb: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak goýup, bütin kalplary, jan-tenleri bilen Maňa iman edip ýaşasalar, ysraýyl tagtyndan seniň nesliňiň arkasy kesilmez“diýip, maňa beren wadasyny berjaý eder. 5Şeýle hem Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa näme edenini hem-de onuň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny Neriň ogly Abneri hem-de Ýeteriň ogly Emasany öldürip, näme edenini özüň bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin asudalyk wagtynda ar alyp, olary öldürdi. Ýowap eşiklerini uruş döwründäki ýaly gana bulady. 6Sen pähim-paýhasyňa görä hereket et. Ýowap garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin. 7Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler. 8Şeýle hem Bahurymdan bolan benýaminli Geranyň ogly Şimgi bardyr. Mahanaýyma barýarkam, ol maňa erbet gargyş etdi, ýöne ol Iordan derýasyna meni garşylamaga gelende, men oňa: „Men seni öldürmerin“diýip, Rebden ant içdim. 9Emma sen Şimgini jezasyz galdyrma, çünki sen paýhasly adamsyň we oňa näme etmelidigiňi özüň bilersiň. Şimgi garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin».

Dawudyň ölümi

10Onsoň Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar. 11Dawut Ysraýylda kyrk ýyllap patyşalyk etdi. Ol ýedi ýyl Hebronda, otuz üç ýyl hem Iýerusalimde patyşalyk etdi. 12Şeýdip, Süleýman kakasy Dawudyň tagtyna çykdy; onuň patyşalygy gaty mäkäm boldy.

Adonyýanyň ölümi

13Onsoň Hagytyň ogly Adonyýa Süleýmanyň ejesi Batşebanyň ýanyna geldi. Batşeba ondan: «Eýgiligemi?» diýip sorady. Adonyýa hem: «Eýgilige» diýip jogap berdi. 14Soňra Adonyýa: «Seniň bilen bir gürrüňim bar» diýdi. Batşeba: «Aýdyber» diýdi. 15Adonyýa şeýle diýdi: «Sen bilýärsiň, men patyşa bolmalydym, bütin ysraýyl halky meniň patyşa bolmagyma garaşýardy. Emma bu başgaça boldy, meniň inim patyşa boldy, çünki bu patyşalyk Rebdendi. 16Indi meniň senden bir haýyşym bar; ony ret etme». Batşeba hem oňa: «Aýdyber» diýdi. 17Adonyýa: «Haýyş edýärin, Süleýman patyşadan şunemli Abyşagy maňa aýallyga bermegini soraý. Ol saňa ýok diýmez» diýdi. 18Batşeba: «Bolýar, men seniň üçin patyşa bilen gepleşerin» diýdi.

19Şeýlelikde, Batşeba Adonyýanyň adyndan gepleşmek üçin Süleýman patyşanyň ýanyna gitdi. Patyşa ony garşy almaga ýerinden galyp, tagzym edip, tagtynda oturdy. Patyşanyň ejesi üçin hem bir tagt getirip goýdular, ol patyşanyň sag tarapynda oturdy. 20Soňra Batşeba: «Meniň bir kiçijik haýyşym bar; ony ret etme» diýdi. Patyşa hem oňa: «Haýyşyňy aýdyber eje, men ony ret etmen» diýdi. 21Batşeba: «Goý, şunemli Abyşag seniň doganyň Adonyýa aýallyga berilsin» diýdi. 22Süleýman patyşa ejesine şeýle jogap berdi: «Sen näme üçin şunemli Abyşagy Adonyýa üçin soraýarsyň? Onuň üçin patyşalygy hem sora! Çünki ol meniň uly doganymdyr; patyşalygy diňe onuň üçin däl-de, eýsem Abýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap üçin hem sora!» 23Onsoň Süleýman patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Eger Adonyýa bu sözleri üçin öz jany bilen jogap bermese, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin. 24Meni dikeldip, kakam Dawudyň tagtynda oturdan, wada berşi ýaly maňa we meniň nesillerime patyşalygy beren Rebden ant içýärin. Adonyýa hut şu günüň özünde öldüriler!» 25Şeýdip, Süleýman patyşa Ýehoýadanyň ogly Benaýany Adonyýanyň ýanyna iberdi. Ol hem ony öldürdi.

Abýatar kowulýar

26Patyşa Abýatar ruhana şeýle diýdi: «Bar, öz Anatotdaky ýeriňe git, çünki sen ýaşamaga mynasyp dälsiň. Emma men seni şu wagt öldürjek däl, çünki sen kakam Dawudyň öňünde Hökmürowan Rebbiň sandygyny göterdiň, sen kakamyň ähli muşakgatlyklaryny deň çekişdiň». 27Şeýdip, Süleýman Abýatary Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmeklik hukugyndan mahrum etdi. Şeýdip, Rebbiň Şilodaky Eliý we onuň nesilleri baradaky aýdan sözleri berjaý boldy.

Ýowabyň ölümi

28Bu habar Ýowaba baryp gowşanda, ol Rebbiň çadyryna gaçyp baryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşdy. Çünki Ýowap Abşaloma däl-de, Adonyýa goldaw beripdi. 29Süleýman patyşa: «Ýowap Rebbiň çadyryna gaçyp bardy, ol şol ýerde gurbanlyk sypasynyň ýanynda» diýip habar berdiler. Süleýman: «Bar, git-de, ony öldür» diýip, Ýehoýadanyň ogly Benaýany iberdi. 30Onsoň Benaýa Rebbiň çadyryna gelip, Ýowaba: «Saňa patyşanyň adyndan bärik çykmagyňy buýurýaryn» diýdi. Ýöne Ýowap: «Ýok, men şu ýerde öljek» diýdi. Soňra Benaýa ýene-de, yzyna gidip: «Ýowap maňa şu jogaby berdi» diýip, onuň ähli aýdanlaryny patyşa habar berdi. 31Patyşa şeýle jogap berdi: «Onuň aýdyşy ýaly et. Ony öldür-de, jaýla. Şeýdip, menden we kakam Dawudyň beýleki nesilleriniň boýnundan Ýowabyň döken nähak ganynyň günäsini aýyr. 32Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy. 33Abneriň we Emasanyň gany ebedi Ýowabyň hem-de onuň nesilleriniň başyndan iner. Emma Reb Dawuda we onuň tagtda oturýan nesillerine ebedilik asudalyk berer». 34Onsoň Ýehoýadanyň ogly Benaýa gidip, Ýowaby öldürdi. Ol öz çöldäki mülkünde jaýlandy. 35Patyşa onuň ýerine Ýehoýadanyň ogly Benaýany goşunbaşy edip belledi. Abýataryň deregine bolsa, Sadogy ruhanylyga belledi.

Şimginiň ölümi

36Soňra patyşa adam ýollap, Şimgini çagyrdyp, oňa şeýle diýdi: «Iýerusalimden özüňe bir jaý sal-da, şol ýerde ýaşa, başga hiç ýere gitme. 37Bilip goý, Kidron deresinden geçip, şol ýerden çykan günüň hökman ölersiň. Sen ölümi öz başyňa satyn alarsyň». 38Şimgi patyşa: «Seniň aýdýan zatlaryň mamladyr, jenabym. Guluňyz–men edil aýdyşyňyz ýaly hem eder» diýdi. Şeýdip, Şimgi esli wagtlap Iýerusalimde ýaşady.

39 40Üç ýyldan soň Şimginiň iki sany guly, Gatyň hany Magakanyň ogly Akyşyň ýanyna gaçyp bardylar. Şimgi: «Seniň gullaryň Gatda» diýen habary eşidip, turup, eşegini gaňňalap, mündi-de, gullaryny gözläp, Gata Akyşyň ýanyna gitdi. Şimgi gidip, gullaryny Gatdan yzyna getirdi. 41 42Şimginiň Iýerusalimden Gata gidendigini we ýene yzyna dolanyp gelendigi baradaky habary Süleýmana ýetirenlerinde, patyşa adam iberip, Şimgini çagyrtdy we oňa: «Men saňa Rebden ant içirip: „Bilip goý, başyňa näme düşse-de, şol ýerden başga ýere giden günüňiň özünde, sen hökman ölersiň diýip duýdurmanmydym näme?“. Sen hem maňa: „Seniň aýdýanlaryň bary dogry. Men saňa gulak asaryn“diýipdiň. 43Onda näme üçin Rebbe içen antyňy, meniň saňa beren tabşyrygymy berjaý etmänsiň?» 44Patyşa sözüni dowam etdirip: «Kakam Dawuda eden ähli ýamanlyklaryňy özüň bilýänsiň. Şol eden ýamanlyklaryňy Reb seniň öz başyňdan inderer. 45Emma Süleýman patyşa ýalkanar. Dawudyň tagty Rebbiň öňünde baky berkär» diýdi. 46Onsoň patyşa Ýehoýadanyň ogly Benaýa buýruk berdi; ol-da gidip, ony öldürdi.

Şeýdip, Süleýmanyň patyşalygy berkedi.
Copyright information for TukLat16