‏ 1 Kings 1

Dawut patyşanyň ömrüniň soňky ýyllary

1 Dawut patyşa garrap, ýaşy birçene ýetipdi. Onuň üstüni näçe ýapynja bilen basyrsalar-da, ol ýylnyp bilenokdy. 2Şonda onuň köşk emeldarlary oňa: «Siziň alyhezretiňiz, siziň üçin bir ýaş boý gyz gözlesinler; ol gyz patyşanyň huzurynda durup, oňa hyzmat etsin, jenabym patyşa golaý ýatyp, ony gyzdyrsyn» diýdiler. 3Şeýdip, olar tutuş Ysraýylda görmegeý, boý gyzyň gözlegine çykdylar we şunemli Abyşag atly bir gyzy tapyp, ony patyşanyň huzuryna getirdiler. 4Gyz gaty görmegeýdi. Ol patyşa seretdi, oňa hyzmat etdi, ýöne patyşa oňa ýanaşmady.

Adonyýa özüni patyşa diýip yglan edýär

5 Dawudyň Hagytdan bolan ogly Adonyýa tekepbirlik bilen: «Men patyşa bolaryn» diýdi. Ol özi üçin söweş arabalaryny, söweş arabaly esgerleri hem-de öňünden ýörär ýaly elli sany esger taýynlady. 6Kakasy Dawut hiç haçan oňa: «Näme üçin beýle etdiň?» diýmändi. Adonyýa Abşalomdan soň doglan gaty görmegeý oglandy. 7Adonyýa Seruýanyň ogly Ýowap we Abýatar ruhany bilen dil düwüşdi. Şeýdip, ol ikisi Adonyýanyň tarapynda boldy. 8Emma Sadok ruhany, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, Natan pygamber, Şimgi, Regi hem-de Dawudyň batyr ýigitleri Adonyýanyň tarapynda däldiler.

9Adonyýa Eýnrogeliň golaýyndaky Ýylan gaýanyň ýanynda goýunlary, semiz öküzçeleri we mallary gurbanlyk berip, ähli doganlaryny, patyşanyň ogullaryny, Ýahudanyň ähli köşk emeldarlaryny çagyrdy. 10Emma ol Natan pygamberi-de, Benaýany-da, Dawudyň batyr ýigitlerini-de, öz dogany Süleýmany-da çagyrmady.

Süleýman patyşa diýlip yglan edilýär

11Soňra Natan pygamber Süleýmanyň ejesi Batşeba şeýle diýdi: «Sen Hagytyň ogly Adonyýanyň patyşa bolandygyny we jenabymyz Dawudyň mundan habarynyň ýokdugyny eşitmediňmi? 12Indi men saňa ogluň Süleýman ikiňiziň öz janyňyzy halas etmegiňiz üçin bir maslahat bereýin. 13Sen dessine Dawut patyşanyň ýanyna git-de, ondan: „Eý, jenabym, sen menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar diýip, maňa ant içmediňmi näme? Onda näme üçin häzir Adonyýa patyşalyk edýär?“diýip soragyn. 14Onsoň sen şol ýerde patyşa bilen gepleşip durkaň, men seniň yzyňdan girip, seniň aýdanlaryňy tassyklaryn».

15Şeýdip Batşeba patyşanyň içki otagyna geldi. Patyşa gaty garrapdy; şunemli Abyşag oňa seredýärdi. 16Batşeba patyşanyň öňünde dyza çöküp tagzym etdi. Patyşa ondan: «Näme arzyň bar?» diýip sorady. 17Batşeba oňa: «Eý, meniň jenabym: „Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“diýip, maňa Hudaýyň Rebden ant içipdiň. 18Emma häzir Adonyýa patyşalyk edýär, seniň bu zatlardan habaryň ýok. 19Ol birtopar semiz öküzçeleri, mallary hem-de goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ähli ogullaryny, Abýatar ruhanyny, goşun serkerdesi Ýowaby çagyrdy, ýöne ol guluň Süleýmany çagyrmady. 20Eý, jenabym, häzir bütin ysraýyl halkynyň gözi sendedir. Sen jenabymdan soň, onuň tagtynda kimiň oturmalydygyny olara aýt. 21Ýogsam jenabym dünýäden ötenden soň, men we oglum Süleýman etmişli saýylarys» diýdi.

22Batşeba patyşa bilen gepleşip durka, Natan pygamber geldi. 23Patyşa: «Natan pygamber şu ýerde» diýip habar berdiler. Ol patyşanyň huzuryna geldi we ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi. 24Natan oňa şeýle diýdi: «Eý, jenabym, sen: „Menden soň Adonyýa patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“diýip aýtdyňmy näme? 25Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“diýýärler. 26Ýöne Adonyýa men guluňy, Sadok ruhanyny, Ýehoýadanyň ogly Benaýany we guluň Süleýmany çagyrmady. 27Eger bu iş jenabym patyşanyň tabşyrygy boýunça bolan bolsa, onda näme üçin gullaryňa jenabym patyşadan soň tagtda kimiň oturmalydygyny aýtmadyň?»

28 Dawut patyşa: «Batşebany meniň ýanyma çagyryň» diýdi. Batşeba patyşanyň huzuryna gelip, onuň öňünde durdy. 29Patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Janymy her muşakgatdan gutaran Reb muňa şaýatdyr: 30„Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“diýip, Ysraýyl Hudaýy Rebden içen antymy bu gün hökman berjaý ederin». 31Onsoň Batşeba ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi we: «Goý, jenabym Dawut patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.

32 Dawut patyşa: «Sadok ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Benaýany meniň ýanyma çagyryň» diýdi. Olar patyşanyň huzuryna geldiler. 33Patyşa olara: «Meniň köşk emeldarlarymy ýanyňyz bilen alyň-da, oglum Süleýmany meniň gatyryma mündürip, Gihona äkidiň. 34Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“diýip gygyryň. 35Siz onuň yzy bilen gelersiňiz, ol gelsin-de, meniň tagtymda otursyn we meniň ýerime patyşa bolsun. Çünki men ony Ysraýylyň we Ýahudanyň patyşasy edip belledim» diýdi. 36Ýehoýadanyň ogly Benaýa patyşa jogap berip, şeýle diýdi: «Omyn! Meniň jenabymyň Hudaýy Reb hem şeýle diýsin. 37Reb jenabym bilen bolşy ýaly, Süleýman bilen hem bolup, onuň şalygyny jenabym Dawut patyşanyň şalygyndan-da has gülletsin».

38Şeýdip, Sadok ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, keretler hem peletler gidip, Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürdiler-de, ony Gihona tarap äkitdiler. 39Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag guýdy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar. 40Olar tüýdük çalyp, şatlanyp, gygyryşyp, Süleýmanyň yzy bilen gitdiler. Olaryň sesi ýeri sarsdyrdy.

41Adonyýa bilen onuň ýanyndaky çagyrylanlaryň bary iýip-içip bolanlaryndan soň muny eşitdiler. Ýowap surnaý sesini eşidip: «Şäherdäki bu şowhun nämekä?» diýdi. 42Ol gepläp durka, Abýatar ruhanynyň ogly Ýonatan geldi. Adonyýa: «Giriber, çünki sen hormatlanýan adamsyň, hoş habar getirensiň» diýdi. 43Ýonatan Adonyýa şeýle diýdi: «Ýok, beýle däl, jenabymyz Dawut patyşa Süleýmany patyşa etdi. 44Patyşa Sadok ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Benaýany, keretleri, peletleri onuň bilen iberdi. Olar ony patyşanyň gatyryna mündürdiler. 45Sadok ruhany bilen Natan pygamber onuň başyna ýag guýup, ony Gihonda patyşalyga bellediler. Şol ýerden olar şatlanyşyp, gygyryşyp şähere tarap gaýtdylar. Bu adamlaryň şowhunly sesleridir. Siziň eşiden şowhunyňyz şoldur. 46Süleýman patyşalyk tagtynda oturýar. 47Patyşanyň emeldarlary jenabymyz Dawut patyşany mübärekläp: „Goý, Hudaýyň Süleýmanyň adyny seniň adyňdan-da meşhur etsin, onuň şalygyny seniň şalygyňdan-da has gülletsin“diýdiler. Patyşa hem düşeginiň üstünden Hudaýa sežde etdi. 48Patyşa dowam edip, şeýle dileg etdi: „Şu gün gözümiň açyklygynda meniň perzentlerimiň birine tagtymy beren, Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun“».

49Onsoň Adonyýanyň ýanyndaky çagyrylanlaryň bary gorkuşyp, ýerlerinden turup, hersi öz ýoluna gitdi. 50Adonyýa Süleýmandan gorkusyna, dessine Rebbe ýüz tutulýan çadyra gidip, özüni goramak üçin, şol ýerdäki gurbanlyk sypasynyň çykyp duran şahlaryndan ýapyşdy. 51Süleýmana şeýle habar berdiler: «Ine, Adonyýa Süleýman patyşadan gorkýar, ol gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşyp: „Goý, Süleýman patyşa şu gün öz guluny öldürmejekdigi barada maňa ant içsin“diýýär». 52Süleýman şeýle jogap gaýtardy: «Eger ol özüni laýyk alyp barsa, onuň ýekeje gylam gymyldamaz, eger-de ondan bir pislik tapylaýsa, onda ol öler». 53Şeýdip, Süleýman patyşa onuň yzyndan adam iberip, ony gurbanlyk sypasyndan getirtdi. Ol gelip, Süleýman patyşa tagzym etdi. Süleýman hem oňa: «Bar, öýüňe gaýt» diýdi.
Copyright information for TukLat16