‏ 1 Kings 11

Süleýman Rebden ýüz öwürýär

1 Süleýman faraonyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy. 2Reb ysraýyl ogullaryna: «Siz keseki milletlerden gyz alşyp-berişmäň, çünki olar hökman sizi öz hudaýlaryna sežde etdirerler» diýip aýdan milletlerindendiler. Emma Süleýman muňa garamazdan şu aýallara öýlendi. 3Onuň ýedi ýüz şa aýaly, üç ýüz gyrnak aýaly bardy. Aýallary onuň ýüregini azdyrdylar. 4Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady. 5Süleýman sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma
Milkom – bu Molek hudaýyň beýleki ady. Seret: 1Pat 11:7.
sežde etdi.
6Süleýman Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, kakasy Dawudyň bolşy ýaly Rebbe wepaly bolmady. 7Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin seždegäh gurdy. 8Ol şeýle hem öz hudaýlaryna ýakymly ysly tütetgi ýakyp, olara gurbanlyk berer ýaly, ähli keseki aýallary üçin hem seždegähler gurdy.

9 10Rebbiň Süleýmana gaty gahary geldi. Süleýman özüne iki gezek görnüp, başga hudaýlaryň yzyna eýerme diýip tabşyryk beren Ysraýyl Hudaýy Rebbiň tabşyrygyny berjaý etmän, Ondan ýüz dönderipdi. 11Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin. 12Emma seniň kakaň Dawudyň hatyrasy üçin Men muny seniň günleriňde etmerin; patyşalygy seniň ogluňyň elinden alaryn. 13Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin».

Süleýmanyň duşmanlary

14Soňra Reb edomly Hadady Süleýmana duşman etdi. Ol Edomda patyşa neslindendi. 15 16Çünki Dawut Edomdaka, goşunbaşy Ýowap öldürilenleri jaýlamaga gidip, Edomdaky erkekleriň ählisini gyrypdy. Ýowap we bütin ysraýyllar Edomdaky erkekleriň ählisini gyrýançalar, alty aýlap şol ýerde galypdylar. 17Emma Hadat kakasynyň emeldarlary bolan birnäçe edomlylar bilen gaçyp, Müsüre gidipdi; Hadat ol wagtlar ýaş oglandy. 18Olar Midýandan çykyp, Parana geldiler, Parandan hem ýanlaryna birnäçe adam alyp, Müsüre, Müsür patyşasy faraonyň ýanyna bardylar. Patyşa Hadada ýaşamaga jaý we mellek ýer berip, ony azyk bilen üpjün etdi. 19Hadat faraonyň mährini gazandy; ol öz aýalynyň gyz doganyny, ýagny melike Tahpeneýsiň gyz doganyny Hadada aýallyga berdi. 20Ol Hadada ogul dogrup berip, onuň adyna Genubat dakdylar. Tahpeneýs Genubaty faraonyň öýünde terbiýeledi. Genubat onuň ogullarynyň arasynda ösüp ulaldy. 21Hadat Müsürdekä, Dawudyň ata-babalaryna gowşandygy hem-de Ýowap goşunbaşynyň ölümi barada eşidende, ol faraona şeýle diýdi: «Maňa öz ýurduma dolanmaga rugsat ber». 22Faraon ondan: «Ýurduňa gitmekçi bolar ýaly, meniň ýanymda näme kemiň bar?» diýip sorady. Ol: «Kem zadym ýok, ýöne maňa hökman gitmäge rugsat ber» diýip jogap berdi.

23Jenaby Soba patyşasy Hadadgezerden gaçyp giden Elýadanyň ogly Rezony hem Hudaý Süleýmana duşman etdi. 24Dawut sobalylary öldürende, Rezon ýanyna adam ýygnap, bir leşgere baş boldy. Olar Damaska baryp, şol ýerde mesgen tutdular, onuň adamlary Rezony Damaskda patyşa etdiler. 25Hadadyň ýamanlyk edişi ýaly, Süleýmanyň bütin ömrüne Rezon Ysraýyla duşman bolup, Ysraýyly ýigrendi hem-de Siriýa hökmürowanlyk etdi.

Rebbiň Ýarobgama beren wadasy

26 Süleýmanyň emeldarlarynyň biri bolan Seredadan efraýymly Nebadyň ogly Ýarobgam patyşa garşy çykdy. Onuň ejesi Seruga atly bir dul hatyndy. 27Onuň patyşa garşy el galdyrmagynyň sebäbi şeýledi: Süleýman Millony täzeden dikeldip, kakasy Dawut galasynyň diwarlarynyň ýykylan ýerlerini abatlady. 28Ýarobgam başarjaň adamdy, bu ýaş ýigidiň iş başarjaňlygyny gören Süleýman ony manaşa we efraýym tirelerine degişli bolan mejbury işdäkileriň üstünden baştutan edip goýdy. 29Bir gün Ýarobgam Iýerusalimden çykyp barýarka, ýolda oňa şiloly Ahyýa pygamber gabat geldi. Ahyýa täze eşikler geýipdi. Çola ýerde olaryň ikisinden başga adam ýokdy. 30Ahyýa egnindäki täze eşigini çykardy-da, ýyrtyp on iki bölege böldi. 31 32 33Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawudyň yzyny tutmady. Ol Meniň nazarymda nähak işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý etmedi, ýollarymdan ýöremedi. 34Muňa garamazdan, Men bütin patyşalygy onuň elinden almaryn. Meniň tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý eden, Öz saýlan gulum Dawudyň hatyrasy üçin, Men Süleýmany ömrüniň ahyryna çenli patyşa ederin. 35Emma patyşalygy Dawudyň oglunyň elinden alyp, ony on tire bilen saňa bererin. 36Maňa ybadat edilmegi üçin, Öz saýlan şäherim Iýerusalimde gulum Dawudyň neslinden biri hemişelik patyşalyk eder ýaly bir tiräni Süleýmanyň ogluna bererin. 37Men seni Ysraýyla patyşa ederin we sen Ysraýyla göwnüňiň isleýşine görä patyşalyk edersiň. 38Gulum Dawudyň edişi ýaly, parzlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, Maňa gulak goýup, ýollarymdan ýöräp, Meniň nazarymda dogry işleri etseň, Men hemişe seniň bilen bolaryn. Men seni Ysraýyla patyşa ederin we edil Dawudyň nesillerini patyşa edişim ýaly, senden soň seniň nesilleriňi hem patyşa ederin. 39Süleýmanyň günäleri üçin Men Dawudyň nesillerine jeza bererin, ýöne bu hemişelik bolmaz“». 40Şonuň üçin hem Süleýman Ýarobgamy öldürmäge synanyşdy, ýöne Ýarobgam Müsüre, Müsür patyşasy Şişagyň ýanyna gaçyp baryp, Süleýman dünýäden ötýänçä, şol ýerde boldy.

Süleýmanyň ölümi

(2 Ýyl ýazgylary 10:1-19)

41 Süleýmanyň ähli galan we eden işleri hem-de akyl-paýhasy barada «Süleýmanyň işleri» diýen kitapda ýazylandyr. 42Süleýman Iýerusalimde bütin Ysraýyla kyrk ýyl patyşalyk etdi. 43Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Onuň ýerine ogly Rehabgam patyşa boldy.
Copyright information for TukLat16