1 Kings 13
Ýahudaly Hudaýyň adamy
1Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi. 2Ýaňky Hudaýyň adamy Rebbiň tabşyrygy boýunça gurbanlyk sypasyna gygyryp şeýle diýdi: «Eý, gurbanlyk sypasy, Reb şeýle diýýär: „Ine, Dawudyň neslinden bir ogul dünýä iner, onuň ady Ýoşyýa bolar. Ýoşyýa seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakýan ruhanylaryň özlerini seniň üstüňde gurbanlyk eder. Üstüňde ynsanlaryň süňkleri ýakylar“». 3Hudaýyň adamy şol gün bir alamat berip, şeýle diýdi: «Rebbiň aýdan alamaty şudur: „Bu gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrar“». 4Onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasyna gygyryp aýdan sözüni Ýarobgam eşitdi we gurbanlyk sypasynyň ýanyndan elini uzadyp: «Ony tutuň!» diýdi. Ýarobgamyň Hudaýyň adamyna garşy uzadan eli şol bada ysmaz bolup, ol elini yzyna çekip bilmedi. 5Hudaýyň adamynyň Rebbiň tabşyrygy boýunça görkezen alamatyna görä, gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrady. 6Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi. 7Patyşa Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Meniň bilen öýe gel-de naharlan. Maňa eden ýagşylygyň üçin men saňa sylag berjek». 8Emma Hudaýyň adamy patyşa: «Maňa patyşalygyň ýarysyny berseňem, men seniň bilen gitmerin. Bu ýerde çörek iýip, suw-da içmerin. 9Çünki Reb maňa: „Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma“diýip tabşyrdy» diýip jogap berdi. 10Şeýdip, ol yzyna Beýtele gelen ýolundan gitmän, başga ýol bilen gaýtdy. 11Beýtelde bir garry pygamber ýaşaýardy. Onuň ogullaryndan biri gelip, Hudaýyň adamynyň şol gün Beýtelde eden ähli işlerini oňa gürrüň berdi. Olar onuň patyşa diýenleriniň baryny kakalaryna aýdyp berdiler. 12Kakalary olardan: «Ol haýsy ýoldan gitdi?» diýip sorady. Onuň ogullary Ýahudadan gelen Hudaýyň adamynyň haýsy ýoldan gidendigini kakalaryna görkezdiler. 13– 14Onsoň pygamber ogullaryna: «Maňa eşegimi gaňňalap beriň» diýdi. Olar oňa eşegini gaňňalap berdiler. Pygamber eşegine münüp, Hudaýyň adamynyň yzyndan gidip, ony tapdy. Ol dub agajynyň aşagynda otyrdy. Pygamber ondan: «Sen Ýahudadan gelen Hudaýyň adamymy?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi. 15Ol Hudaýyň adamyna: «Ýör, öýe gideli, şol ýerde naharlanaý» diýdi. 16Emma Hudaýyň adamy: «Men seniň bilen yzyma, öýüňe gidip bilmen; men bu ýerde seniň bilen çöregem iýjek däl, suwam içjek däl. 17Çünki Reb maňa: „Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma“diýip tabşyrdy» diýdi. 18Onsoň ol pygamber Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Men hem seniň ýaly bir pygamberdirin. Rebbiň tabşyrygy boýunça bir perişde maňa: „Ol çörek iýip, suw içer ýaly ony yzyna öwür-de, özüň bilen bile öýüňe alyp gaýt“diýdi». Ol Hudaýyň adamyny aldaýardy. 19Onsoň Hudaýyň adamy onuň bilen yzyna gaýtdy we onuň öýüne gelip, çörek edindi, suw içdi. 20Olar saçak başynda otyrkalar, ony yzyna alyp gaýdan pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy. 21– 22Ol Ýahudadan gelen Hudaýyň adamyna Reb şeýle diýýär diýdi: «Rebbiň sözüni diňlemän, Hudaýyň Rebbiň özüňe beren tabşyryklaryny saklamadyň. Yzyňa gaýdyp, çörek edinme, suw içme diýlen ýerden iýip-içendigiň üçin ata-babalaryňyň mazarynda jaýlanmarsyň». 23Hudaýyň adamy iýip-içip bolandan soň, oňa özüni yzyna alyp gaýdan pygamberiň eşegini gaňňalap berdiler. 24Hudaýyň adamy gidip barýarka, oňa ýolda bir ýolbars duşup, ony öldürdi. Onuň jesedi ýoluň üstünde ýatyrdy, eşek-de, ýolbars-da onuň gapdalynda durdy. 25Adamlar geçip barýarkalar, ýolda ýatan jesedi hem-de jesediň gapdalynda duran ýolbarsy gördüler. Onsoň olar ýaňky garry pygamberiň ýaşaýan galasyna gelip, bu barada adamlara gürrüň berdiler. 26Hudaýyň adamyny ýoldan yzyna öwren bu pygamber bolan wakany eşideninde: «Ol Rebbiň sözüne gulak asmadyk Hudaýyň adamydyr; Reb aýdan sözüne görä, ony arslana berip, arslan hem ony parçalap öldüren bolmaly» diýdi. 27Onsoň ol ogullaryna: «Maňa eşegi gaňňalap beriň» diýdi. Olar oňa eşegi gaňňalap berdiler. 28Ol pygamber gidip, Hudaýyň adamynyň ýolda ýatan jesedini tapdy. Eşek we ýolbars jesediň gapdalynda duran eken. Ýolbars Hudaýyň adamynyň jesedini iýmändir, eşegi-de parçalamandyr. 29Ol pygamber Hudaýyň adamynyň jesedini göterip, öz eşeginiň üstüne ýükledi-de, ony yzyna alyp gaýtdy. Ol ýas tutup, ony jaýlamak üçin gala geldi. 30Pygamber jesedi öz mazarlygynda goýup: «Wah dogan, dogan!» diýip, ogullary bilen Hudaýyň adamynyň ýasyny tutdy. 31– 32Ol Hudaýyň adamyny jaýlap bolandan soň, ogullaryna şeýle diýdi: «Men ölenimde, meni şu pygamberiň jaýlanan mazarynda jaýlaň, meniň süňklerimi onuň süňkleriniň ýanynda goýuň. Çünki onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasy barada we Samariýanyň galalaryndaky ähli seždegähler barada Rebbiň tabşyrygy boýunça gygyryp jar eden zatlarynyň bary hökman amala aşar». 33Bu wakadan soň hem Ýarobgam özüniň pis işlerinden el çekmedi. Ol ýene-de seždegählerde ähli halklaryň arasyndan ruhanylar belledi. Ruhany bolmaga isleg bildirenleriň baryny ruhanylyga belledi. 34Bu günä iş Ýarobgamyň nesilleriniň ýer ýüzünden tutuşlygyna ýok bolmagyna getirdi.
Copyright information for
TukLat16