‏ 1 Kings 14

Ýarobgamyň ogly ölýär

1Şol wagtlarda Ýarobgamyň ogly Abyýa syrkawlady. 2Ýarobgam öz aýalyna şeýle diýdi: «Bar, Ýarobgamyň aýalydygyň bilinmez ýaly başga geýime gir-de, Şilo git, çünki Ahyýa pygamber şol ýerdedir. Ol meniň bu halka patyşa boljagymy aýdypdy. 3Eliňe on çörek, külçeler, bir golça-da bal alyp, onuň ýanyna git; ol saňa oglumyza näme boljagyny aýdyp berer».

4Ýarobgamyň aýaly şeýle-de etdi. Ol Şilo gidip, Ahyýanyň öýüne bardy. Ahyýa kördi, çünki gojalykdan ýaňa onuň gözleri çöňňelipdi. 5Onsoň Reb Ahyýa: «Ýarobgamyň aýaly syrkaw ogly hakda soramaga geler» diýdi. Reb Ahyýa Ýarobgamyň aýalyna näme jogap bermelidigini aýtdy.

Ol gelende, nätanyş aýal bolup geldi.
6Emma ol aýal gapydan girip gelýärkä, Ahyýa onuň aýak sesini eşidip: «Eý, Ýarobgamyň aýaly, içeri giriber. Sen näme üçin nätanyş aýal bolan bolýarsyň? Mende seniň üçin gaty erbet habar bar. 7Git-de, Ýarobgama Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Men seni halkyň arasyndan saýlap, halkym Ysraýylyň üstünden patyşalyga belledim. 8Patyşalygy Dawudyň neslinden alyp, saňa berdim. Emma sen Meniň tabşyryklarymy berjaý edip, Meniň nazarymda dogry işleri edip, bütin kalby bilen Maňa wepaly bolan gulum Dawut ýaly bolmadyň. 9Gaýtam, sen özüňden öňki patyşalaryň baryndan beter pislik etdiň. Sen guýma altyn göle butlaryny ýasap, olara sežde edip, Meniň gaharymy getirdiň we Menden ýüz öwürdiň. 10Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin. 11Ýarobgamyň nesilleriniň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini guşlar iýer, çünki Reb şeýle diýdi“. 12Indi sen tur-da, öýüňe git. Sen gala aýak basan badyňa, ogluň öler. 13Bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutup, ony jaýlar. Ýarobgamyň maşgalasyndan diňe şu oglan däbe görä jaýlanar. Çünki Ýarobgamyň neslinden diňe şu oglan Ysraýyl Hudaýy Rebbiň göwnünden turdy. 14Reb Özi üçin Ysraýylyň üstünden bir patyşa goýar. Ol Ýarobgamyň neslini hut şu gün, edil şu pursatda ýok eder.

15Reb Ysraýyla jeza berer. Ol ysraýyl halkyny suwuň başynda yranýan gamyş kimin sarsdyrar. Reb ysraýyllary olaryň ata-babalaryna beren gowy ýurdundan çykaryp, olary Ýewfrat derýasynyň aňry tarapyna dargadar, çünki olar Aşera butlaryny ýasap, Rebbiň gaharyny getirdiler. 16Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».

17Soňra Ýarobgamyň aýaly yzyna gaýtdy. Ol Tirsa gelip, öýüniň işigine ýeten badyna, onuň çagasy ýogaldy. 18Bütin ysraýyl halky çagany jaýlap, onuň ýasyny tutdular. Şeýdip, Rebbiň Öz guly Ahyýa pygamber arkaly aýdan sözi amala aşdy.

Ýarobgamyň ölümi

19Ýarobgamyň galan işleri, onuň eden söweşleri we nähili patyşalyk edendigi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 20Ýarobgam ýigrimi iki ýyl patyşalyk etdi. Ol ata-babalaryna gowuşdy. Onuň ýerine ogly Nadap patyşa boldy.

Ýahuda patyşasy Rehabgam

(2 Ýyl ýazgylary 11:5–12:15)

21 Süleýmanyň ogly Rehabgam Ýahudada patyşalyk etdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady; ol Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlan şäheri Iýerusalimde on ýedi ýyl patyşalyk etdi. Ejesi ammonly bolup, onuň ady Nagamady. 22Ýahuda halky Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, ata-babalarynyň eden günälerinden-de has beter günä etdiler. Olar Rebbiň gabanjaňlygyny oýardylar. 23Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular. 24Şeýle hem ýurtdaky seždegähleriň azgyn erkekleri bardy. Olar Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň nejis işlerini etdiler.

25Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi. 26Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi. 27Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi. 28Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary göterip getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler.

29Rehabgamyň galan işleri we ähli eden işleri barada Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 30Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy. 31Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýam patyşa boldy.
Copyright information for TukLat16