‏ 1 Kings 15

Ýahuda patyşasy Abyýam

(2 Ýyl ýazgylary 13:1–14:1)

1Nebadyň ogly Ýarobgamyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda Abyýam Ýahuda patyşa boldy. 2Abyýam Iýerusalimde üç ýyl patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Magakady. Ol Abyşalomyň gyzydy. 3Abyýam hem kakasynyň eden günälerini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly Rebbe wepaly bolmady. 4Muňa garamazdan, onuň Hudaýy Reb Iýerusalimi kuwwatlandyrmak üçin, Abyýam ölenden soň ornuna patyşa bolar ýaly, oňa bir ogul berdi. Hudaý Reb muny Dawudyň hatyrasy üçin etdi. 5Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi. 6Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda başlan uruş Abyýamyň ömrüniň ahyryna çenli dowam etdi. 7Abyýamyň galan işleri we ähli eden işleri Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 8Abyýam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy.

Ýahuda patyşasy Asa

(2 Ýyl ýazgylary 15:16–16:6)

9 Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Asa Ýahuda patyşa boldy. 10Asa Iýerusalimde kyrk bir ýyl patyşalyk etdi; onuň enesiniň ady Magakady. Ol Abyşalomyň gyzydy. 11Asa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. 12Asa seždegähleriň azgyn erkeklerini ýurtdan çykaryp, öz ata-babalarynyň ýasan ähli butlaryny ýok etdi. 13Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden mahrum etdi, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron deresinde ýakdy. 14Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe Rebbe wepaly boldy. 15Ol kakasynyň hem-de özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny kümşi, altyny we gap-gaçlary Rebbiň öýüne getirdi.

16Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerine uruş etdiler. 17Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi. 18Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi. 19Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen git-de, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn». 20Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelbeýtmagakany, tutuş Naftaly ýurdy bilen birlikde bütin Kinneredi basyp aldy. 21Bagşa muny eşidende, Ramany berkitmekden el çekip, Tirsada mesgen tutdy. 22Soňra Asa patyşa Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitmäge ýahudalara buýruk berdi. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Benýamindäki Geba galasyny we Mispa galasyny berkitdi. 23Asanyň galan ähli işleri, onuň gaýduwsyz edermenlikleri, ähli eden işleri we berkiden galalary barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Gojalan çagynda, ol aýakdan dert çekdi. 24Asa ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, atasy Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy.

Ysraýyl patyşasy Nadap

25 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň ikinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Nadap Ysraýyla patyşa boldy. Ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi. 26Nadap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol kakasynyň ysraýyl halkyna etdiren günäli ýollaryndan ýöredi.

27Ysakar neslinden bolan Ahyýanyň ogly Bagşa Nadaba garşy dildüwşük gurdy. Bagşa piliştlilere degişli bolan Gibetonda Nadaby öldürdi, çünki Bagşa bilen bütin ysraýyllar Gibetonyň daşyny gabapdylar. 28Şeýdip, Bagşa ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Nadaby öldürip, onuň ýerine özi patyşa boldy. 29Ol patyşa bolan dessine Ýarobgamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi. 30Bu Ýarobgamyň Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirendigi zerarly, öz eden we Ysraýyla etdiren günäleri zerarly boldy.

31Nadabyň galan işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 32Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerini urşup geçirdiler.

Ysraýyl patyşasy Bagşa

33 Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Ahyýanyň ogly Bagşa Tirsada bütin Ysraýylyň üstünden patyşalyk edip, ýigrimi dört ýyl höküm sürdi. 34Bagşa hem Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
Copyright information for TukLat16