‏ 1 Kings 16

1Bagşa garşy Hananynyň ogly Ýehuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Sen hiç kimdiň, emma Men seni halkym ysraýyla patyşa etdim. Sen Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, halkym ysraýyla günä etdirip, olaryň günäleri bilen meniň gaharymy getirdiň. 3Şonuň üçin hem Men Bagşany we onuň bütin nesillerini Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri ýaly ýok ederin. 4Bagşanyň nesillerinden galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini guşlar iýer».

5Bagşanyň galan işleri, onuň edermenlikleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 6Bagşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Tirsada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ela onuň ýerine patyşa boldy. 7Hananynyň ogly Ýehu pygambere Bagşa we onuň nesillerine garşy Rebbiň şu sözi aýan boldy. Çünki Bagşa Ýarobgamyň nesilleri ýaly hereket etdi we Ýarobgamyň nesillerini öldürdi. Şeýdip, ol Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, öz pis işleri bilen Onuň gaharyny getiripdi.

Ysraýyl patyşasy Ela

8 Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň ýigrimi altynjy ýylynda Bagşanyň ogly Ela Tirsada Ysraýyla patyşa bolup, iki ýyl şalyk sürdi. 9Ela Tirsada öz köşk emeldary Arsanyň öýünde serhoş bolup otyrka, Zimri oňa garşy dildüwşük gurdy. Zimri söweş arabalarynyň ýarysynyň serkerdesidi. 10Zimri gelip, Elany öldürdi we özi onuň ornuna patyşa boldy. Bu waka Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda bolup geçdi.

11Zimri patyşa bolup, Elanyň tagtynda oturan badyna, Bagşanyň bütin nesillerinden, dogan-garyndaşlaryndan we dost-ýarlaryndan bolan bar erkegi öldürdi. 12Şeýdip, Zimri Bagşanyň ähli nesillerini ýok etdi. Rebbiň Ýehu pygamberiň üsti bilen Bagşa garşy aýdan sözleri berjaý boldy. 13Çünki Bagşa we onuň ogly Ela butlar ýasap, günä etdiler we olar ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdylar. 14Elanyň galan işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

Ysraýyl patyşasy Zimri

15 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Zimri Tirsada ýedi gün patyşalyk etdi. Ysraýyl goşunlary piliştlilere degişli bolan Gibeton galasynyň daşyny gabapdylar. 16Düşelgedäki goşunlar Zimriniň Ela patyşa garşy dildüwşük edip, ony öldürendigi baradaky habary eşidenlerinde, ysraýyl halky goşunbaşy Omryny düşelgede Ysraýyla patyşa etdiler. 17Şeýdip, Omry bütin ysraýyl halky bilen Gibeton galasyndan çykyp, Tirsanyň daşyny gabadylar. 18Zimri galanyň basylyp alnanyny görende, patyşa köşgüniň içki galasyna girip, patyşanyň köşgüne ot berip, oda ýanyp öldi. 19Zimri Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol öz eden günäleri we Ysraýyla etdiren günäleri üçin öldi. 20Zimriniň galan işleri we guran dildüwşügi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

Ysraýyl patyşasy Omry

21Zimri ölenden soň, ysraýyl halky iki bölege bölündi. Halkyň ýarysy Ginatyň ogly Tibnini patyşa etjek bolup, onuň yzyna eýerdi, galan ýarysy bolsa Omrynyň yzyna eýerdi. 22Omrynyň yzyna eýeren halk, Ginatyň ogly Tibniniň yzyna eýeren halkdan güýçli bolup çykdy. Şeýdip, Tibni ölüp, Omry onuň ornuna patyşa boldy. 23Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň otuz birinji ýylynda Omry Ysraýyla patyşa bolup, on iki ýyl şalyk etdi. Omry Tirsada alty ýyl şalyk sürdi.

24Omry Samariýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman
Üç ýarym batman – ýewreýçe iki kikkar. Bu takm. 70 kg deňdir.
kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samariýa diýip at dakdy.

25Omry Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy. 26Omry Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly günä etdi. Ol ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdy. 27Omrynyň eden beýleki işleri we görkezen gaýduwsyzlygy hem edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 28Omry ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ahap onuň ýerine patyşa boldy.

Ysraýyl patyşasy Ahap

29 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň otuz sekizinji ýylynda Omrynyň ogly Ahap Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi iki ýyl şalyk sürdi. 30Ahap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy.

31Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi. 32Ahap Samariýada Bagal üçin guran buthanasynda Bagal üçin gurbanlyk sypasyny gurdy. 33Ahap hem aýal hudaýy Aşera butuny ýasady. Ahap Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirmekde Ysraýylyň özünden öňki patyşalarynyň baryndan ozdurdy. 34Ahabyň döwründe beýtelli Hiýel Ýerihony täzeden dikeltdi. Hiýel onuň düýbüni tutanda, nowbahar ogly Abyramy gurbanlyk etdi. Ýerihonyň derwezelerini oturdanda, ol iň kiçi ogly Seguby gurbanlyk berdi. Şeýdip, Rebbiň Nun ogly Ýeşuwa arkaly aýdan sözi berjaý boldy.
Copyright information for TukLat16