‏ 1 Kings 17

Ylýas pygamberiň gurakçylyk hakyndaky habary

1Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn». 2Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 3«Bu ýerden gündogara git-de, Iordanyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda gizlen. 4Sen çeşme suwundan içersiň. Ol ýerde gargalara seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn». 5Ylýas Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. Ol gidip, Iordan derýasynyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda mesgen tutdy. 6Gargalar Ylýasa ertirine-de, agşamyna-da çörek bilen et getirip berýärdiler, ol çeşmäniň suwundan içýärdi. 7Wagtyň geçmegi bilen çeşme gurady, çünki ýurda ýagyş ýaganokdy.

Ylýas pygamber we sarepatly dul hatyn

8 Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 9«Tur, Sidonyň Sarepat galasyna bar-da, şol ýerde mesgen tut, çünki ol ýerde Men bir dul hatyna seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn». 10Şeýdip, Ylýas Sarepata gitdi. Ol galanyň derwezesine geldi, görse, ol ýerde bir dul aýal çöpleme çöpläp ýördi. Ol aýaly çagyryp, oňa: «Maňa içmäge bir käse suw getiräý» diýdi. 11Ol aýal suw getirmäge barýarka, Ylýas ony yzyna çagyryp: «Bir döwüm çörek hem alyp gelsene» diýdi. 12Ol aýal, Ylýasa şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Rebden ant içýärin, mende çörek ýok. Mende diňe haltaň düýbündäki bir goşawuç un bilen golçada biraz ýag bar. Ine, men häzir öýe gidip, şol barja un bilen özüm hem oglum üçin külçe bişirmek üçin çöpleme çöpläp ýörün. Biz ony iýeris, onsoň öleris». 13Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň. 14Çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Rebbiň ýagyş ýagdyrjak gününe çenli haltadaky un tükenmez, golçadaky ýag egsilmez“». 15Bu aýal gidip, Ylýasyň aýdyşy ýaly etdi. Ylýas bilen ýaňky aýal we onuň öý-içerisi bir goşawuç uny uzak wagtlap iýdiler. 16Şeýdip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolup, haltadaky un tükenmedi, golçadaky ýag egsilmedi.

17Birnäçe wagt geçenden soň, ýaňky hojaýyn aýalyň ogly syrkawlady. Oglanyň haly ýaramazlaşyp, ol aradan çykdy. 18Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi. 19Ylýas hem oňa: «Ogluňy maňa ber» diýdi. Ylýas oglany aýalyň gujagyndan alyp, ony öz bolýan ýokarky gatdaky otagyna getirip, öz düşeginde ýatyrdy. 20Soňra ol Rebbe ýalbaryp, dileg etdi: «Eý, Hudaýym Reb, Sen näme üçin bu dul hatynyň başyna bela getirdiň? Ol maňa öz öýünden ýer berdi, Sen bolsa onuň ogluny öldürýärsiň!» 21Onsoň ol üç gezek çaganyň üstünde ýazylyp ýatdy-da, Rebbe ýalbaryp dileg etdi: «Eý, Hudaýym Reb, Saňa ýalbarýaryn, bu çagany direlt». 22Reb Ylýasyň dilegini eşitdi we çaga direldi. 23Ylýas çagany ýokarky otagdan getirip, ejesine berdi. Ylýas oglanyň ejesine: «Seret, seniň ogluň direldi» diýdi. 24Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi.
Copyright information for TukLat16