‏ 1 Kings 22

Mikaýa pygamber Ahaba duýdurýar

(2 Ýyl ýazgylary 18:2-27)

1Üç ýyllap Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda hiç hili uruş bolmady. 2Üçülenji ýyl Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna geldi. 3Ysraýyl patyşasy Ahap öz adamlaryna: «Siz Ramotgilgadyň bize degişlidigini bilýärsiňizmi? Ramotgilgady Siriýa patyşasynyň elinden almak üçin biz entek hiç zat edemzok» diýdi. 4Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat ysraýyl patyşasyna: «Menem, halkam, atlaram seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.

5Ýehoşapat sözüni dowam edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba: «Öňürti Rebden sorap göräý» diýdi. 6Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Men Ramotgilgada hüjüm edeýinmi ýa-da etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Reb ony seniň eliňe berer» diýdiler. 7Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi. 8Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi. 9Onsoň ysraýyl patyşasy Ahap köşk emeldaryny çagyryp: «Git-de, dessine Ýymla ogly Mikaýany şu ýere getir» diýdi. 10Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şalyk lybasyny geýip, Samariýanyň derwezesiniň agzyndaky harmanda öz tagtlarynda otyrdylar. Ähli pygamberler olaryň öňünde pygamberlik edýärdiler. 11Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, şuny jar etdi: «Reb şeýle diýýär: „Sen şu şahlar bilen siriýalylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň“». 12Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.

13Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa biragyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi. 14Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.

15Mikaýa patyşanyň ýanyna geldi. Patyşa ondan: «Mikaýa, biz Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da etmälimi?» diýip sorady. Mikaýa: «Hüjüm et, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony seniň eliňe berer» diýip jogap berdi. 16Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi. 17Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“diýdi». 18Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapada: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.

19Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm. 20Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ahaby kim yryp biler?“Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat. 21Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“. 22Reb ondan: „Nädip?“diýip sorady. Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de, ony yr, sen muny başararsyň“diýdi. 23Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer».

24Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi. 25Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi. 26Ysraýyl patyşasy Ahap şeýle diýdi: «Mikaýany al-da, ony yzyna, galanyň häkimi Amona we şazada Ýowaşa eltip ber. 27Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“». 28Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.

Ahabyň ölümi

(2 Ýyl ýazgylary 18:28-34)

29Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler. 30Ysraýyl patyşasy Ýehoşapada: «Meni tanamazlar ýaly, men söweşe eşigimi üýtgedip girjek, ýöne sen öz şalyk lybasyňy geý» diýdi. Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy eşigini üýtgedip, söweşe girdi. 31Siriýa patyşasy öz söweş arabalarynyň otuz iki serkerdesine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, eýsem ýalňyz Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy. 32Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapady görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy. 33Söweş arabalarynyň serkerdeleri onuň Ysraýylyň patyşasy Ahap däldigini görenlerinde, yzlaryna dolandylar. 34Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýylyň patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi. 35Şol gün söweş gaty gyzgalaňlydy. Patyşa öz söweş arabasynda siriýalylara tarap bakyp durdy. Onuň ýarasynyň gany arabanyň içi bilen aşaklygyna syrygyp akýardy; ol agşamara öldi. 36Soňra Gün ýaşar çagynda, Ysraýylyň goşunynyň serkerdeleri: «Her kes öz galasyna, her kes öz ýurduna gitsin» diýip jar çekdirdiler.

37Şeýdip, patyşa öldi. Ahap patyşany Samariýa getirip, şol ýerde jaýladylar. 38Ahabyň söweş arabasyny bolsa Samariýa howzunyň başynda ýuwdular. Lolular hem şol howuzda suwa düşerdiler. Rebbiň ähli aýdanlary berjaý boldy: itler onuň ganyny ýalady. 39Ahabyň galan işleri, ähli eden işleri, pil dişinden guran köşgi we ähli guran galalary barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 40Şeýdip, Ahap ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ahazýa onuň ýerine patyşa boldy.

Ýahuda patyşasy Ýehoşapat

41Ysraýyl patyşasy Ahabyň şalygynyň dördünji ýylynda Asanyň ogly Ýehoşapat Ýahuda patyşa boldy. 42Ýehoşapat Ýahuda patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Azuba. Ol Şilhiniň gyzydy. 43Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işlerini edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, olardan çykmady. Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem aýrylmandy. Halk entek hem seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. 44Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy bilen ýaraşyk baglaşdy.

45Ýehoşapadyň galan işleri, görkezen gaýduwsyzlygy we eden söweşleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 46Ýehoşapat kakasy Asanyň günlerinde goýbolsun edilen seždegähleriň azgyn erkekleriniň galanyny ýurtdan doly ýok etdi.

47Edomda hiç patyşa ýokdy, diňe ýahuda patyşasy tarapyndan bellenen wekil bardy. 48Opyrdan altyn getirer ýaly Ýehoşapadyň deňiz gämileri bardy, ýöne olar Opyra ýetip bilmediler, çünki Esýongebere gelenlerinde, olaryň gämileri çagşady. 49Şonda Ahabyň ogly Ahazýa Ýehoşapada: «Goý, meniň adamlarym seniň adamlaryň bilen gämilerde gitsinler» diýdi. Emma Ýehoşapat munuň bilen razylaşmady.

50Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol atasy Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onuň ornuna ogly Ýehoram patyşa boldy.

Ysraýyl patyşasy Ahazýa

51 Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ahabyň ogly Ahazýa Samariýada Ysraýyla patyşa boldy; ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi. 52Ahazýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, öz ejesiniň, kakasynyň hem-de Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň ýollaryndan ýöredi. 53Ol Bagala sežde etdi we edil öz kakasy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi.
Copyright information for TukLat16