1 Kings 3
Süleýman Hudaýdan pähim-paýhas dileýär
(2 Ýyl ýazgylary 1:3-12)
1 Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyna öýlenip, patyşa bilen garyndaşlyk açdy. Ol öz öýi, Rebbiň öýi hem-de Iýerusalimiň daşyndaky diwarlar salnyp gutarylýança, aýalyny Dawut galasyna getirdi. 2Adamlar seždegählerde gurbanlyk berýärdiler, çünki henize çenli Rebbe ybadat öýi salynmandy. 3 Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi. Ýöne ol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakdy. 4Bir gün patyşa gurbanlyk bermek üçin Gibgona gitdi, çünki esasy seždegäh şol ýerdedi. Süleýman şol ýerde müňlerçe ýakma gurbanlyklaryny beripdi. 5Gibgonda gije Süleýmanyň düýşüne Reb girdi. Hudaý oňa: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýdi. 6Süleýman şeýle diýdi: «Guluň kakam Dawudyň ynamly, dogruçyl hem-de akýürekli bolany üçin, oňa beýik, sadyk söýgiňi görkezdiň. Bu gün oňa tagtynda oturmaga ogul berip, Öz beýik merhemetiňi görkezdiň. 7Indi, eý, Hudaýym Reb, Sen guluň–meni kakam Dawudyň ýerine patyşa etdiň. Men ýolbaşçylyk etmäge ukyby bolmadyk, tejribesiz, ýaş oglandyryn. 8Guluň Seniň saýlan, san-sajaksyz halkyňyň arasyndadyr. 9Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?» 10 Süleýmanyň bu dilegi Taňra ýarady. 11– 12Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin. 13Men saňa dilemedik zatlaryňy, ýagny ömürboýy egsilmejek baýlyk bilen hormat bererin. Saňa taý geljek patyşa bolmaz. 14Eger sen meniň parzlarymdyr tabşyryklarymy berjaý edip, kakaň Dawut ýaly ýollarymdan ýöreseň, Men seniň ömrüňi-de uzaldaryn». 15Süleýman oýandy, görse, bu düýş eken. Soňra ol Iýerusalime gelip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde durup, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny berip, ähli emeldarlary üçin meýlis gurdy.Süleýmanyň paýhasly hökümi
16Bir gün iki sany azgyn aýal gelip, patyşanyň huzurynda durdy. 17Ol aýallaryň biri şeýle diýýär: «Eý, jenabym, men şu aýal bilen bir öýde ýaşaýaryn. Şu aýal öýdekä, meniň çagam dogulýar. 18Şondan üç gün soň munuň hem çagasy bolýar. Biziň ikimiz bile ýaşaýarys, öýde biziň ikimizden başga hiç kim ýok. 19Onsoň bir gije bu aýalyň ogly ölýär, sebäbi ol çagasynyň üstüne togalanypdyr. 20Ol ýary gije turup, men uklap ýatyrkam, meniň gapdalymda ýatan oglumy alyp, öz gujagynda, öz ölen ogluny bolsa meniň gujagymda goýupdyr. 21Men ertesi irden oglumy emdirjek bolsam, ol öli ýatyr. Men oňa dykgat bilen seretdim we çaganyň özümiňki däldigine magat göz ýetirdim». 22Emma beýleki aýal: «Ýok, diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki» diýýär. Birinji aýal: «Ýok, ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki» diýýär. Şeýdip, olar patyşanyň huzurynda jedelleşdiler. 23Onsoň patyşa şeýle diýýär: «Biriňiz: „Diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki“diýýärsiňiz, beýlekiňiz bolsa: „Ýok, beýle däl! Ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki“diýýärsiňiz». 24Soňra patyşa: «Maňa bir gylyç getirip beriň» diýýär. Patyşa gylyç getirip berýärler. 25Ol: «Diri galan çagany iki bölüň-de, ýarysyny birine, ýarysyny-da beýlekisine beriň» diýýär. 26Emma çagasy diri galan aýal: «Eý, jenabym, çagany oňa beriň; ony asla öldürmäň!» diýýär. Çünki ol aýalyň öz ogluna rehimi indi. Ýöne beýleki aýal: «Ol meniňki hem bolmasyn, seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň» diýýär. 27Onsoň patyşa: «Diri galan çagany birinji aýala beriň, ony asla öldürmäň, ol onuň ejesidir» diýýär. 28Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.
Copyright information for
TukLat16