‏ 1 Kings 5

Süleýman ybadathanany gurmaga taýýarlyk görýär

(2 Ýyl ýazgylary 2:1-18)

1 Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy. 2Süleýman hem Hirama adam iberip, şeýle diýdi: 3«Özüň bilýärsiň, kakam Dawut töweregindäki uruşlar zerarly, duşmanlaryndan doly üstün çykýança, öz Hudaýy Rebbe ybadat öýüni gurup bilmedi. 4Ýöne häzir Hudaýym Reb maňa hemme tarapdan parahatçylyk berdi; mende ne ýagy, ne-de betbagtçylyk bar. 5Şeýdip, Rebbiň kakam Dawuda: „Seniň ýeriňe tagtyňda oturtjak ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“diýip aýdyşy ýaly, men Hudaýym Rebbe ybadat üçin öý guraýyn diýýärin. 6Şoňa görä meniň üçin Liwanda kedr agaçlarynyň kesilmegini tabşyr. Meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Işçileriňe näçe diýseň, şonça-da hak töläýin; çünki özüň bilýärsiň, biziň aramyzda sidonlylar ýaly agaç kesip bilýän adam ýok».

7Hiram Süleýmanyň sözlerini eşidende, gaty şatlanyp: «Bu uly halkyň üstünden patyşalyk eder ýaly, Dawuda şeýle akyl-paýhasly ogul beren Rebbe bu gün alkyş bolsun» diýdi. 8Hiram Süleýmana adam iberip: «Seniň maňa iberen sargydyňy eşitdim; men seniň kedr hem-de serwi agajy baradaky islegleriňi bitirerin. 9Meniň işçilerim agaçlary Liwandan deňze getirerler. Men olary bogduryp, deňiz üsti bilen akdyrdyp, aýdan ýeriňe eltdirip, şol ýerde çözdürerin. Sen gelip, olary äkidersiň. Sen hem meniň islegimi ýerine ýetirip, köşgümdäkileri azyk bilen üpjün et». 10Şeýdip, Hiram Süleýmany kedr hem-de serwi agaçlary bilen üpjün etdi. 11Süleýman bolsa Hirama onuň köşgündäkiler üçin azyk hökmünde kyrk müň çuwal
Kyrk müň çuwal – ýewreýçe ýigrimi müň kor. Bu takm. 3000 tonna deňdir.
bugdaý, ýedi müň hum
Ýedi müň hum – ýewreýçe ýigrimi müň bat. Bu takm. 440000 litre deňdir. Bu jümle käbir golýazmalarda ýigrimi kor (takm. 4000 litr) diýip duş gelýär.
sap ýag berdi. Süleýman Hirama her ýyl şunça azyk bererdi.
12Reb wada berşi ýaly, Süleýmana pähim-paýhas berdi. Hiram bilen Süleýmanyň arasynda asudalyk boldy. Olar öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar.

13 Süleýman patyşa ybadathananyň gurluşygy üçin bütin Ysraýyldan otuz müň işçini toplamagy buýurdy. 14Olardan nobatma-nobat boýunça her aýda on müň adamy Liwana ýollady. Olar bir aý Liwanda, iki aý hem öýlerinde bolardylar. Adonyram bu mejbury işdäkileriň üstünden garaýardy. 15Süleýmanyň dagda ýetmiş müň sany ýük daşaýany, segsen müň sany daş ýonujysy bardy. 16Mundan daşary Süleýmanyň işleýän adamlarynyň üstünden garaýan üç müň üç ýüz sany baştutany bardy. 17Olar patyşanyň tabşyrygy boýunça Rebbiň öýüniň düýbüni tutmak üçin, uly gymmatbaha daşlar we ýonulan daşlar getirdiler. 18Süleýmanyň binýatçylary bilen Hiramyň binýatçylary we geballylar Rebbiň öýüni gurmak üçin, daşlary ýonup, agaçlary kesip taýýarladylar.
Copyright information for TukLat16