‏ 1 Kings 6

Süleýman ybadathanany gurýar

(2 Ýyl ýazgylary 3:1-14)

1 Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýtmagynyň dört ýüz segseninji ýylynda, Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, ikinji aý bolan Ziw aýynda Rebbiň öýi gurlup başlandy. 2Süleýman patyşanyň Reb üçin guran öýüniň uzynlygy altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsek, beýikligi otuz tirsekdi. 3Rebbiň öýüniň daşky otagynyň öňündäki eýwanynyň ini öýüň ini ýaly ýigrimi tirsekdi, uzynlygy öýüň öň tarapynda on tirsekdi. 4Ol Rebbiň öýüne gözenekli penjireler etdi. 5Süleýman Rebbiň öýüniň daşky we içki otaglaryň, daşky diwarlaryna ýanaşdyryp, gapdal otaglaryny saldy. 6Pürsler öýüň diwaryny deşmez ýaly, öýüň diwarynyň ýüzünden daş çykgytlar etdiler. Aşaky gatyň ini bäş tirsek, ortaky gatyň ini alty tirsek, üçünji gatyň ini ýedi tirsekdi.

7 Rebbiň öýi gurlanda öňden ýonulyp taýýarlanan daşlardan guruldy. Şol sebäpden öý gurulýarka ondan ne çekiç, ne palta, ne-de demir guralyň sesi eşidildi.

8Ortaky gatyň gapysy Rebbiň öýüniň günorta tarapyndady; aýlawly basgançaklar bilen ortaky gata, ortaky gatdan üçünji gata çykyp bolýardy. 9Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüniň gurluşygyny tamamlady. Ol öýüň üçegini kedr pürsleri we kedr tagtalary bilen basyrdy. 10Tutuş öýe ýanaşdyrylyp salnan otaglaryň her gatynyň beýikligi bäş tirsekdi. Ol otaglar öýe kedr pürsleri bilen birikdirildi.

11 12Süleýmana gurup ýören öýi hakynda Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Eger sen Meniň parzlarymy berjaý edip, hökümlerime boýun bolup, ähli tabşyryklarymy saklap, olary berjaý etseň, Men kakaň Dawuda beren wadamy seniň üstüň bilen ýerine ýetirerin. 13Men ysraýyllaryň arasynda ýaşap, Öz halkym ysraýyly terk etmerin».

14Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüni gurup gutardy. 15Ol öýüň içki diwarlarynyň ýüzüne düýbünden üçegine çenli kedr tagtalaryny tutdy we öýüň poluny serwi agajyndan etdi. 16Ol öýüň arka tarapynda, düýbünden depesine çenli kedr agaçlaryndan beýikligi ýigrimi tirsek bolan diwar bina etdi. Ol muny iň mukaddes otag bolan içki otag hökmünde gurdy. 17Içki otagyň öňündäki daşky otagyň uzynlygy kyrk tirsekdi. 18Öýüň içi kedr tagtasyndan kesilip, kädä hem-de açylyp oturan güllere çalym edýän nagyşlar bilen haşamlanandy. Diwardaky daşlar görünmez ýaly, diwar tutuşlygyna kedr tagtasy bilen örtülendi. 19Ol öýüň töründe Rebbiň Äht sandygyny goýar ýaly içki otag taýýarlady. 20Içki otagyň uzynlygy-da, ini-de, boýy-da ýigrimi tirsekdi, oňa sap altyn çaýylandy. Ol şeýle hem kedr agajyndan ýasalan sypa-da altyn çaýdy. 21Süleýman Rebbiň öýüniň içini sap altyn bilen örtdi; içki otagyň öňünden altyn zynjyrlar gerip, ony-da altyna gaplady.

Ybadathana bezelýär

22Soňra ol tutuş öýi kemsiz-köstsüz bolar ýaly, ony tutuşlygyna altyna gaplady. Hatda içki otagyň öňünde duran sypa hem altyn çaýdy.

23Ol içki otagda her biriniň boýy on tirsek bolan zeýtun agajyndan iki sany kerup
Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret.
ýasady.
24Keruplaryň ikisiniň hem ganatynyň uzynlygy bäş tirsekdi. 25Olaryň hersiniň ganaty, ganatynyň bir ujundan beýleki ganatynyň ujuna çenli on tirsekdi. Keruplaryň ikisiniň ölçegi-de, şekili-de birdi. 26Keruplaryň ikisiniň-de beýikligi on tirsekdi. 27Süleýman keruplary Rebbiň öýüniň içki otagynda goýdy. Olaryň ganatlary, biriniň ganaty diwaryň bir tarapyna, beýlekisiniň ganaty diwaryň eýleki tarapyna ýeter ýaly gerlip goýlandy. Keruplaryň beýleki ganatlary öýüň ortasyna tarap gerlip durdy. 28Süleýman keruplara hem altyn çaýdy.

29Tutuş öýüň diwarlary, içki we daşky otaglaryň diwarlarynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. 30Ol öýüň içki we daşky otaglarynyň poluna hem altyn çaýdy.

31 Süleýman içki otaga zeýtun agajyndan gapylar ýasady. Gapylaryň germewleri we söýeleri bäş burçlydy. 32Zeýtun agajyndan ýasalan iki gapynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Süleýman olara altyn çaýdy, keruplaryň we palma agaçlarynyň ýüzüne hem altyn çaýdy.

33Şeýle hem Süleýman öýüň daşky otagynyň gapysyna zeýtun agajyndan dörtburç söýeler ýasady. 34Ol serwi agajyndan iki taýly gapy etdi, onuň iki taýy hem iki tarapa-da açylýardy. 35Süleýman gapylaryň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary bilen haşamlanan nagşyň üstüne altyn çaýdy. 36Ol üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr pürsünden içki howly gurdy.

37 Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, Ziw aýynda Rebbiň öýüniň düýbi tutuldy. 38Süleýmanyň patyşalygynyň on birinji ýylynda, sekizinji aý bolan Bul aýynda Rebbiň öýi meýilnama görä dolulygyna gurlup gutaryldy. Süleýmana öýi gurmak üçin ýedi ýyl gerek boldy.
Copyright information for TukLat16