1 Kings 7
Süleýmanyň köşgi
1 Süleýman özüne-de köşk saldy. Ol köşgi on üç ýylda gurup gutardy. 2Ol «Liwan jeňňelli» atly köşk saldy. Onuň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi otuz tirsek bolup, ol dört hatar kedr sütünleriniň üstünde guruldy. Sütünleriň üstünde kedr pürsleri goýuldy. 3Her hatarda on bäş, jemi kyrk bäş sany pürs sütünleriň üstünde goýuldy. Ol köşgüň üçegi kedr tagtalary bilen basyryldy. 4Liwan jeňňeli atly köşgüň biri-birine bakyp duran üç hatar penjireleri bardy. 5Ähli gapylar we gapy söýeleri dört burçlydy. Olar biri-birine gapma-garşy, üç hatardy. 6 Süleýman uzynlygy elli tirsek, ini otuz tirsek bolan sütünler eýwanyny gurdy. Onuň öňünde sütünler bilen dikilen, üsti basyrylan dalan bardy. 7Soňra ol Tagt zalyny, ýagny höküm çykarylýan ýer bolan Höküm zalyny gurdy. Onuň diwarlary düýbünden depesine çenli kedr tagtalary bilen örtülendi. 8 Süleýmanyň öz ýaşaýan öýi Tagt zalynyň ýeňse tarapyndaky howluda birmeňzeş gurluşda salnandy. Süleýman öz aýaly bolan faraonyň gyzyna-da şu zala meňzeş öý gurup berdi. 9Bularyň barysy daşardan köşgüň howlusyna, binýatdan çykyda çenli tutuşlygyna ölçege görä ýonulyp, ýargy bilen iki tarapy-da tekizlenen gymmatbaha daşlardan gurlandy. 10Bina ýonulan daşlardan, uly daşlardan, sekiz, on tirseklik daşlardan gurlandy. 11Bina daşlarynyň üstünden ölçege görä ýonulan gymmatbaha daşlar we kedr tagtalary goýuldy. 12Köşgüň howlusynyň töweregindäki haýatlar edil Rebbiň öýüniň içki howlusy we öýüň eýwany ýaly üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr tagtasy bilen örülendi.Hirama berlen tabşyryk
(2 Ýyl ýazgylary 3:15–5:1)
13 Süleýman patyşa adam iberip, surly Hiramy getirtdi. 14Hiram Naftaly tiresinden bolan bir dul hatynyň ogludy, kakasy hem surly bürünç ussasydy. Ol bürünçden zat ýasamakda gaty ussat, ökde we tejribeli ussady. Ol Süleýman patyşanyň çagyryşyny kabul etdi. Hiram Süleýmanyň bürünçden ýasalmaly zatlarynyň ählisini ýasady. 15Hiram iki sany bürünç sütün ýasady. Her sütüniň beýikligi on sekiz tirsek, töweregi on iki tirsekdi. 16Ol şeýle hem sütünleriň depesinde goýmak üçin bürünçden guýlan iki sany täç ýasady. Her täjiň beýikligi bäş tirsekdi. 17Sütünleriň depesindäki täçler tor şekilli örme zynjyrlar bilen bezelendi. 18Ol her sütüniň depesindäki täçleriň üstüni bürär ýaly, her örme zynjyryň töweregine bürünçden ýasalan iki hatar nar aýlady. 19Eýwandaky sütünleriň depesindäki täçler liliýa gülüniň şekilinde bolup, olaryň beýikligi dört tirsekdi. 20Täçler iki sütüniň hem-de örme zynjyrlaryň ýokarsyndaky tegelek güberçek ýerde goýuldy. Her täjiň töweregine hatarlap, iki ýüz nar aýlandy. 21Ol sütünleri ybadathananyň eýwanynda dikdi. Ol günortada sütün dikip, onuň adyna Ýakin dakdy. Ol demirgazykda-da sütün dikip, onuň adyna Bowaz dakdy. 22Sütünleriň depesinde liliýa şekilli nagyşlar bardy. Şeýdip, sütünleriň işi tamamlanyldy. 23Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligini bäş tirsek edip, guýma bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi. 24Howzuň erňeginiň aşagynda daşyna aýlanan, hersi on tirsek bolan iki hatar ökuz şekilli guýma nagyşlar bardy. Olar howuz bilen bile guýlup ýasalandy. 25Howuz on iki öküziň üstünde durdy; öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, galan üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Howuz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy iç tarapa bakyp durdy. 26Howzuň galyňlygy dört barmakdy, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol ýedi ýüz hum ▼▼Ýedi ýüz hum – ýewreýçe iki müň bat. Bu takm. 44000 litre deňdir.
tutýardy. 27Ol on sany bürünç araba ýasady. Arabalaryň hersiniň uzynlygy, ini dört tirsek, beýikligi üç tirsekdi. 28– 29Arabalaryň şekili şunuň ýaly: daşy çarçuwalanan, dört gyraňly tagtalar ýasalyp, olara ýolbarslaryň, öküzleriň we keruplaryň şekilleri haşamlanypdyr. Ýolbarslaryň we öküzleriň ýokarsyndaky we aşagyndaky çarçuwalara, egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy. 30Her arabanyň dört bürünç tigri, bürünç oklary bardy; dört burçunda hem legeni saklamak üçin çykytlar bardy; çykytlaryň her gapdalyna egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy. 31Her arabanyň ýokarsynda çarçuwajyga salnan tegelek agyz ýasaldy. Onuň beýikligi bir tirsekdi; onuň agzy tegelek bolup, ini bir ýarym tirsekdi; onuň agzynda haşamlar bardy, gapdallary tegelek däl-de dörtburçlydy. 32Dört tigir gapdal tagtalaryň aşagyndady, tigirleriň oklary araba bilen bile guýlup ýasalandy. Tigriň beýikligi bir ýarym tirsekdi. 33Tigirleriň ýasalyşy at arabalaryň tigirleriniň ýasalyşy ýalydy; olaryň oklarynyň, gurşawlarynyň, keýeleriniň, toplarynyň bary bile guýlup ýasalandy. 34Her arabanyň dört burçunda dört çykyt bardy. Çykytlar araba bilen bile guýlup ýasalandy. 35Arabanyň üstünde ýarym tirsek beýiklikdäki tagta sekisi bardy; arabanyň üstündäki tutawaçlar hem-de gapdal tagtalary araba bilen bile guýlup ýasalandy. 36Onuň çykytlarynyň hem-de gapdal ýüzüniň açyk ýerlerine haşamlanan keruplaryň, arslanlaryň hem-de palma agajynyň nagşy salnandy. Olaryň daşyna egrem-bugram şekiller haşamlanyp salnandy. 37Ine, Hiram on arabany şeýle ýasady. Olaryň barynyň guýluşy hem, ölçegi hem, şekili hem birdi. 38Şeýle hem Hiram on sany bürünç legen ýasady. Her legen on bäş hum ▼▼On bäş hum – ýewreýçe kyrk bat. Bu takm. 880 litre deňdir.
tutýardy; her legen dört tirsekdi; on arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy. 39Ol arabalaryň bäşisini Rebbiň öýüniň günortasynda, beýleki bäşisini-de öýüň demirgazygynda goýdy. Ol howzy öýüň günorta-gündogar burçunda goýdy. 40– 41– 42– 43– 44Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, on arabany, arabalaryň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady. 45Gazanlar, kül atarlar, legenler we Hiramyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren gaplarynyň bary ýalpyldawuk bürünçdendi. 46Patyşa bu gaplary Iordanyň düzlüginde, Sukot bilen Saretanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde bürünçden guýdurdy. 47Süleýman bu bürünç gap-gaçlarynyň agramyny çekdirmedi, çünki olar juda köpdi; olaryň agramyny hiç kim anyklamady. 48Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan altyn hantagtasyny, 49– 50içki otagyň öňünde bäşisi günortada, bäşisi demirgazykda goýlan sap altyn çyradanlary, gülleri, çyralary, ätişgirleri, käseleri, müçenekleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary, maňňallary, öýüň içki otagynyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary üçin altyn petleleri ýasady. 51Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin edilmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary: kümşi, altyny, we ähli enjamlary getirip, Rebbiň öýündäki hazynada goýdy.
Copyright information for
TukLat16