‏ 1 Kings 8

Süleýman Äht sandygyny ybadathana getirdýär

(2 Ýyl ýazgylary 5:2–6:2)

1Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime, öz huzuryna ýygnady. 2Bütin ysraýyl halky ýedinji aý bolan Etanym aýynda, Çatma baýramynda Süleýman patyşanyň ýanyna ýygnanyşdy. 3Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we ruhanylar sandygy göterdiler. 4Şeýdip, olar Rebbiň Äht sandygyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry hem-de çadyryň içindäki ähli mukaddes enjamlary getirdiler. Bularyň baryny ruhanylar bilen lewiler Rebbiň öýüne getirdiler. 5Süleýman patyşa we onuň huzuryna ýygnanan bütin ysraýyl halky Äht sandygynyň öňündedi. Olar san-sajaksyz goýunlary, öküzleri gurbanlyk berdiler. 6Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular. 7Keruplar ganatlaryny sandygyň üstüne gerip, sandygyň-da, onuň syryklarynyň-da üstüni örtýärdi. 8Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir. 9Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep
Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady.
dagynda sandyga salypdy.
10Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykanlarynda, Rebbiň öýi bulutdan doldy. 11Ruhanylar bulut zerarly Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy.

12Şonda Süleýman şeýle diýdi: «Reb tüm garaňkylykda mesgen tutjakdygyny aýtdy. 13Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum».

Süleýman halka ýüzlenýär

(2 Ýyl ýazgylary 6:3-11)

14Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy. 15 16Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men ysraýyl halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! 17Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmagy ýüregine düwüpdi. 18 19Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“diýdi. 20Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum. 21Sandygy men şol öýde goýdum. Atalarymyzy Müsür topragyndan çykaranda, Rebbiň olar bilen eden ähti şonuň içindedir».

Süleýmanyň dilegi

(2 Ýyl ýazgylary 6:12-42)

22Soňra Süleýman Rebbiň gurbanlyk sypasynyň hem bütin ysraýyl halkynyň öňünde durup, ellerini göge tarap uzatdy: 23«Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur! Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgiňi saklaýarsyň. 24Sen Öz guluň kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy. 25Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“diýip beren wadaňy berjaý et. 26Şonuň üçin hem, eý, Ysraýylyň Hudaýy, goý, Seniň guluň kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn!

27Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik! 28Ýöne şonda-da, ýa Beýik Hudaýym, Sen guluň dilegine hem-de ýalbaryşyna gulak sal-da, onuň bu gün ýürekden edýän ýalbaryşyny we dilegini kabul et. 29Gözleriň gije-gündiz: „Maňa şu ýerde ybadat ediler“diýen öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit. 30Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň ýalbaryşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.

31Bir adam başga bir adama garşy günä edip, ant içmäge mejbur edilse, ol gelip, şu öýde Seniň gurbanlyk sypaňyň öňünde günäsizdigine ant içse, 32şonda Sen gökde eşit-de, oňa jogap ber. Gullaryňa höküm edip, günälä günäsine görä jeza ber, günäsizi akla-da, dogrulygyna görä syla.

33Seniň halkyň Ysraýyl Saňa garşy günä edenligi zerarly duşman öňünde ýeňlişe sezewar bolanda, täzeden Saňa ýüz tutup, Seniň adyňy ykrar etse, şu öýde Saňa dileg edip, ýalbarsa, 34şonda Sen gökde eşit-de, halkyň Ysraýylyň günäsini geçip, olary yzlaryna, atalaryna beren ýurduňa getir.

35Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem öz günäleri üçin toba gelseler, 36şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremegi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr.

37Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da, 38islendik adam ýa-da ysraýyl halky tarapyndan nähili dilegdir ýalbaryş edilen bolsa, her kes öz ýürek derdini bilip, şu öýe tarap ellerini gerse, 39şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň. 40Şeýdip, olar Seniň atalarymyza beren ýurduňda ömürboýy Senden gorkup ýaşasynlar.

41 42Halkyň Ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse, 43Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.

44Eger halkyň Seniň iberen ýoluň bilen duşmanyna garşy söweşe çykyp, Seniň saýlan şäheriňe, meniň Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, Sen-Rebbe dileg etse, 45gökde olaryň dileglerini, ýalbaryşlaryny eşidip, olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş ber.

46Olar Saňa garşy günä etseler, – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse, 47olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“diýip, 48özlerini ýesir alan duşmanlarynyň ýurdunda päk kalplary we jan-tenleri bilen Saňa ýüzlenip, atalaryna beren ýurduňa, Öz saýlan şäheriňe, Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, dileg etseler, 49şonda Sen Öz gökdäki mesgeniňde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşit-de, olaryň dadyna ýetiş. 50Saňa garşy günä eden halkyňy hem-de olaryň Saňa garşy eden ýazyklaryny bagyşla, ýesir alanlaryň olara rehimdarlyk ederleri ýaly, Sen Öz halkyňa duşmanlarynyň gözüniň öňünde rehimdarlyk et. 51Çünki olar Seniň demir peç kimin lowlaýan Müsürden çykaran halkyňdyr, Seniň mirasyňdyr. 52Öz guluň hem-de halkyň Ysraýyl islendik wagt Seni çagyranlarynda, Sen olaryň nalyşlaryny eşit. Goý, gözleriň olarda bolsun. 53Eý, Hökmürowan Reb, Sen atalarymyzy Müsürden çykaranyňda, guluň Musa arkaly aýdyşyň ýaly, Özüňe mirasdar etmek üçin dünýäniň ähli halklarynyň arasyndan ysraýyl halkyny Öz halkyň hökmünde saýladyň».

Süleýman dilegini soňlaýar

54 Süleýman Hudaýa dilegini, ýalbaryşyny tamamlandan soň, Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňünde ellerini göge gerip, dyza çöken ýerinden turdy. 55Süleýman dik durup, bütin ysraýyl halkyna batly ses bilen pata berip, şeýle diýdi: 56«Wada berşi ýaly, ysraýyl halkyna parahatçylyk beren Rebbe alkyş bolsun. Ol Öz guly Musa arkaly beren ýagşy wadalarynyň baryny berjaý etdi. 57Hudaýymyz Reb biziň atalarymyz bilen bolşy ýaly, biziň bilenem bolsun, bizi hiç haçan taşlamasyn, terk etmesin. 58Onuň ýollaryndan ýörärimiz ýaly, Onuň atalarymyza beren tabşyryklaryny, parzlaryny hem-de hökümlerini berjaý ederimiz ýaly, biziň ýüreklerimizi Özüne tarap öwürsin. 59 60Goý, meniň Rebbiň öňünde dile getiren sözlerim Beýik Hudaýa gije-gündiz ýakyn bolsun. Beýik Hudaý dünýäniň ähli halklarynyň Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga Hudaýyň ýokdugyny bilerleri ýaly, Reb Öz guluny, ysraýyl halkyny gündelik zerur zatlar bilen üpjün etsin. 61Şonuň üçin hem siz Onuň parzlaryna boýun bolup, Onuň tabşyryklaryny şu günki ýaly berjaý edip, Beýik Hudaýymyza ak ýürekden hyzmat ediň».

Ybadathana Rebbe bagyş edilýär

62Onsoň patyşa we onuň ýanyndaky bütin ysraýyl halky Rebbiň huzurynda gurbanlyk berdiler. 63Süleýman Rebbe salamatlyk gurbanlygy hökmünde ýigrimi iki müň öküz, bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Rebbiň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler. 64Şol günüň özünde Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Rebbiň huzuryndaky bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny, salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi.

65Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler. 66Şundan soň Süleýman halky öýli-öýüne ugratdy. Olar patyşany ýalkap, Rebbiň Öz guly Dawuda, halky ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.
Copyright information for TukLat16