1 Kings 9
Reb ýene Süleýmana görünýär
(2 Ýyl ýazgylary 7:12-22)
1– 2Süleýman Rebbiň öýüni, öz köşgüni hem-de gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurup gutaranda, Reb Gibgonda görnüşi ýaly, Süleýmana ikilenç göründi. 3Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi, ýalbaryşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar. 4– 5Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin. 6– 7Emma siz ýa-da siziň ogullaryňyz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar. 8Şu öý harabalyga öwrüler ▼▼Harabalyga öwrüler – käbir golýazmalarda beýik bolar.
. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“diýer. 9Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrülip, olara sežde etdiler, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylygy olaryň başyndan inderdi“diýerler». Süleýmanyň beýleki eden işleri
(2 Ýyl ýazgylary 8:1-18)
10 Süleýman iki öýi, ýagny Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy. 11Sur patyşasy Hiramyň kedr hem-de serwi agaçlaryndan we altyndan Süleýman näçe islese berendigi üçin, Süleýman patyşa-da oňa Jelile welaýatyndan ýigrimi galany berdi. 12Hiram Surdan Süleýmanyň özüne beren galalaryny görmäge geldi, ýöne onuň ol galalara göwni ýetmedi. 13Şonuň üçin hem ol: «Eý, dogan, maňa beren galalaryň dagy nähili?» diýdi. Şeýdip, olary Kabul ▼▼Ýewreýçe Kabul we haýyrsyz sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
diýip atlandyrdylar. Olar şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar. 14Hiram bolsa Süleýman patyşa iki ýüz batman ▼▼Iki ýüz batman – ýewreýçe ýüz ýigrimi kikkar. Bu takm. 4 tonna deňdir.
altyn iberipdi. 15 Süleýman patyşa işçileri toplap, Rebbiň öýüni, öz köşgüni, Millony ▼▼Millo – toprak bilen doldurylan jaýryk ýa-da boşluk ýer bolmagy ahmal. Sözlüge seret.
, Iýerusalimiň diwaryny, Hasor, Megido, Gezer galalaryny täzeden dikeltdi. 16Bu gala ozal Müsür patyşasy faraon tarapyndan basylyp alnyp, oda berlipdi. Faraon galada ýaşaýan kenganlary gyryp, ony inji hökmünde öz gyzyna – Süleýmanyň aýalyna beripdi. 17– 18– 19Şundan soň Süleýman Gezeri, aşaky Beýthorony, Bagalaty, Ýahuda çöllüginde bolan Tadmory, özüniň ähli ammar galalaryny, söweş arabalarynyň saklanýan galalaryny, söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny täzeden gurdy. Mundan başga-da, Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdurdy. 20Ysraýyl halkyndan bolmadyk amorlar, hetler, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar. 21Olar ysraýyllaryň bütinleý ýok etmedik halklarynyň nesilleridir. Süleýman olary gula öwürdi. Bu şu güne çenli hem şeýledir. 22Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, köşk emeldarlary, harby serkerdeleri, ýarag göterijileri, söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler. 23 Süleýmanyň işine baştutanlyk edýän ýolbaşçylar-da ysraýyl ogullaryndandy. Olar bäş ýüz elli adam bolup, agyr işde işleýän adamlara baştutanlyk etdiler. 24 Faraonyň gyzy Dawut galasyndan çykyp, Süleýmanyň özi üçin guran öýüne geldi. Soňra Süleýman galanyň gündogar tarapyny täzeden dikeltdi. 25 Süleýman Rebbe guran gurbanlyk sypasynda ýylda üç gezek ýakma gurbanlyklaryny, salamatlyk gurbanlyklaryny hödürlärdi, Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakardy. Şeýdip, ol Rebbiň öýüni doly gurup tamamlady. 26 Süleýman patyşa Edom ýurdunda, Gyzyl deňziň ▼▼Gyzyl deňiz – ýewreýçe Gamyş deňzi.
kenarynda, Eýlatyň golaýynda bolan Esýongeberde gämiler ýasady. 27Hiram öz emeldarlaryny Süleýmanyň emeldarlary bilen bile deňze belet bolan gämiçiler bilen iberdi. 28Olar Opyra gidip, ol ýerden ýedi ýüz on batman töweregi altyn alyp, ony Süleýman patyşa getirip berdiler.
Copyright information for
TukLat16