‏ 1 Peter 5

Ýaşululara we ýaşlara öwüt-ündewler

1Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin: 2çopanlaryň öz sürüsine seredişi ýaly, siz hem Hudaýyň özüňize ynananlary barada alada ediň. Muny mejbury däl-de, meýletinlik bilen ediň. Olara betnebislik bilen däl-de, uly höwes bilen gözegçilik ediň. 3Gol astyňyzdakylara agalyk etmezden, ýagşy görelde görkeziň. 4Şeýle etseňiz, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz.

5 aEý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir». 6Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň. 7Ähli gaýgy-aladaňyzy Hudaýa tabşyryň, sebäbi Ol siziň gamhoruňyzdyr. 8Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir. 9Dünýäniň ähli ýerinde doganlaryňyzyň hem hut şunuň ýaly ejirlere duçar bolýandyklaryny bilýändigiňiz üçin, berk iman bilen iblise garşy duruň. 10Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar. 11Güýç-gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.

Hoşlaşyk sözi

12Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan
Silwan – bu Silasyň beýleki ady.
arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.
13Siziň ýaly saýlanyp-seçilen Babyldaky ýygnak we doganymyz Mark size salam aýdýar. 14Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Mesihe degişli bolan siziň hemmäňize parahatlyk ýar bolsun!
Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.
Copyright information for TukLat16