‏ 1 Samuel 1

Şamuwel pygamber dogulýar

1Efraýym daglygyndaky Ramataýymsopym galasynda Elkana diýen bir adam ýaşaýardy. Efraýym tiresinden bolan bu adam Ýerohamyň ogly, Elihuwyň agtygy, Tohuwyň çowlugy we Supuň ýuwlugydy.

2Elkananyň Hanna hem-de Peninna atly iki aýaly bardy. Peninnanyň çagalary bardy, emma Hannadan perzent bolmaýardy. 3Elkana ýylyň-ýylyna Hökmürowan Rebbe sežde etmek hem Oňa gurbanlyk bermek üçin, Şilo galasyna gidýärdi. Ol ýerde Eliýiň Hopny we Pinehas atly iki ogly bardy. Olar Rebbiň ruhanylarydy.

4Elkana her gezek Şiloda gurbanlyk berende, gurbanlyk etinden aýaly Peninna hem-de onuň çagalarynyň hersine bir paýdan bererdi. 5Emma ol Hanna iki paý bererdi. Çünki Reb Hannany önelgesiz edenem bolsa, Elkana ony söýýärdi. 6Rebbiň perzent bermeýändigi sebäpli, Hannanyň günüsi ony ynjadardy, kemsiderdi. 7Bu ýyllarboýy şeýle boldy. Her gezek Rebbiň öýüne gidende, Hannanyň günüsi onuň derdini gozgaýardy.

Bir gün hem Hanna oturyp aglady we hiç zat datmady.
8Äri oňa: «Hanna, sen näme üçin aglaýaň, näme üçin hiç zat iýmeýäň, näme üçin beýle hasrat çekýäň? Seniň üçin men on oguldan-da artyk dälmi näme?!» diýdi. 9Olar iýip-içip bolanlaryndan soň, Hanna ýerinden turup, Rebbiň huzuryna bardy. Eliý ruhany şol wagt Rebbiň ybadathanasynyň söýesiniň gapdalyndaky kürsüde otyrdy. 10Hannanyň kalby hasratdan doludy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, Rebden dileg etdi. 11Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr
Nazyr – özüni Hudaýa bagyşlan adamlaryň saçyna päki degirmezlik nyşany. Sözlüge seret.
edeýin, onuň kellesine päki degmez».

12Hanna Rebbiň huzurynda uzak wagt dileg edensoň, Eliý onuň agzyna seredip otyrdy. 13Hanna içinden dileg edensoň, onuň sesi eşidilmän, diňe dodaklary gymyldaýardy. Şoňa görä Eliý oňa serhoşdyr öýtdi. 14Eliý oňa: «Haçana çenli beýdip, entirekläp ýörjek? Bar, serhoşlykdan açylansoň gel» diýdi.

15Hanna oňa: «Ýok, agam, men serhoş däl, men ýarym göwün bir biçäre. Meniň çakyr-şerapdan içen zadym ýok. Men diňe Rebbiň huzurynda içimi dökýän. 16Gyrnagyňa ýaramaz aýaldyr öýtme. Men ajy gam-gussadan we gaýgy-hasratdan ýaňa dileg edýärin» diýip jogap berdi. 17Eliý oňa: «Bar, arkaýyn öýüňe gaýdyber, goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi kabul etsin» diýdi. 18«Öz gyrnagyňa merhemet et!» diýip, Hanna öz ýoluna gitdi. Soňra ol naharlandy. Ol indi gamgyn däldi.

19Ertesi irden turup, olar Rebbe sežde etdiler, soňra yzlaryna gaýtdylar we Ramadaky öz öýlerine dolanyp geldiler. Elkana öz aýaly Hanna ýanaşdy; Reb onuň dilegini kabul etdi. 20Şeýlelikde, Hanna göwreli bolup, bir ogul dogurdy. «Men muny Rebden diläp aldym» diýip, ol oglunyň adyna Şamuwel
Şamuwel – bu söz Onuň ady Hudaý diýmegi aňladýar.
dakdy.

Hanna Şamuweli Rebbe bagyş edýär

21Onuň äri Elkana tutuş maşgalasy bilen ýene ýyllyk gurbanlygyny bermek üçin hem-de beren wadasyny ýerine ýetirmek üçin, Şilo gitmekçi bolanda, 22Hanna bu gezek onuň bilen gitmedi. Ol adamsyna: «Süýtden aýrylandan soň, men çagany Rebbiň huzuryna alyp bararyn, ol şol ýerde ömürlik galar» diýdi. 23Elkana oňa: «Bolýar, gözel göwnüň, çagaň süýtden aýrylýança garaşaý. Goý, Reb seniň wadaňy
Seniň wadaňy – käbir golýazmalarda Öz wadasyny.
amala aşyrsyn!» diýdi. Şunlukda, Hanna öýde galyp, çagany süýtden aýyrýança, oňa seretdi.

24Çagany süýtden aýrandan soň, üçýaşar öküz
Üçýaşar öküz – käbir golýazmalarda üç öküz.
bir batman un we bir tulum şerap bilen bilelikde Hanna ony Şilo galasyna Rebbiň öýüne getirdi; çaga entek ýaşdy.
25Bir öküzi gurbanlyk berenlerinden soň, olar çagany Eliýiň ýanyna alyp bardylar. 26Hanna Eliýä ýüzlenip: «Eý, agam, ömrüň uzak bolsun! Men şu ýerde huzuryňda durup, Rebden dileg eden aýal. 27Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi. 28Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi.

Soňra ol şol ýerde Rebbe sežde etdi.
Copyright information for TukLat16